Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara guramasyny döretmek ylalaşygyna goşuldy


Türkmenistan korrupsiýa görkezijileri boýunça çap edilýän halkara hasabatlarynda hemişe iň ýaramaz orunlaryň birinde ýerleşdirilýär.
Türkmenistan korrupsiýa görkezijileri boýunça çap edilýän halkara hasabatlarynda hemişe iň ýaramaz orunlaryň birinde ýerleşdirilýär.

Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara guramasyna öwürmek baradaky ylalaşyga goşuldy diýip, hökümetçi media Türkmenistanyň Wenadaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň we Awstriýanyň wekilleri halkara we ýurt derejelerinde korrupsiýa garşy alnyp barylýan işler barada özara pikir alyşdylar, Korrupsiýa garşy halkara akademiýasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini bellediler diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

2010-njy ýylda işe başlan halkara gurama, BMG-niň Baş Asambleýasynyň işine synçy hökmünde gatnaşmak bilen, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatçylyga garşy göreş edarasy, Interpol, ÝHHG, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy bilen utgaşykly işleýär.

Türkmenistan korrupsiýa görkezijileri boýunça çap edilýän halkara hasabatlarynda hemişe iň ýaramaz orunlaryň birinde ýerleşdirilýär we, türkmen ýolbaşçylarynyň berýän wadalaryna garamazdan, giň ýaýran parahorlugyň saklanyp galýandygy habar berilýär.

Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň syzyp çykan korrupsiýa faktlary barada soraýan düşündirişlerine jogap bermeýär.

XS
SM
MD
LG