Türkmenistan şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistandan gaz plitalaryny import etmekde ilkinji bäşlige girdi diýip, “Türkmenportal” Özbegistanyň statistika gullugyna salgylanyp habar berýär.
Özbegistan şu ýylyň iki aýynda türkmen bazaryna 552 sany gaz plitasyny eksport edipdir.
Deňeşdirmek üçin aýdylsa, Gazagystan Özbegistandan 5,4 müň, Täjigistan 1,5 müň, Gyrgyzystan 851, Russiýa 723 gaz plitasyny import edipdir.
Mundan öň hökümetçi neşir şu ýylyň iki aýynda Özbegistana söwda we täjirçilik maksady bilen baran daşary ýurtlularyň 70%-inden gowragynyň türkmenistanly bolandygyny habar beripdi.