Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Russiýanyň agaç önümlerine garaşly bolmagynda galýar


Ýurdy bag-bossanlyga öwürmek kampaniýasynyň çäginde bag nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşýan býujet işgärleri. Arhiw suraty
Ýurdy bag-bossanlyga öwürmek kampaniýasynyň çäginde bag nahallaryny oturtmak çäresine gatnaşýan býujet işgärleri. Arhiw suraty

Hökümetçi neşiriň möçberini anyklaşdyrman ýazmagyna görä, Türkmenistan Russiýanyň Wladimir, Kostroma we Iwanowo sebitlerinden agaç önümlerini import edýär.

"Türkmenportalyň” “Rosselhoznadzora” salgylanyp ýazmagyna görä, şu ýylyň 7 aýynda bu edaranyň Wladimir, Kostroma we Iwanowo sebitlerindäki bölümleriniň gözegçiligi astynda eksport edilen önümleriň esasy bölegi agaç önümleri bolup, olar dünýäniň 24 ýurduna, şol sanda Türkmenistana, Hytaýa, Özbegistana, Belarusa, Gazagystana, Ermenistana, Gyrgyzystana, Gürjüstana, Täjigistana, Taýlanda, Müsüre we Yraga iberildi.

Habarda bu sebitlerden 165,4 müň kub metrden gowrak agajyň, 861 müňden gowrak agaç önüminiň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende üç esse köp agaç önüminiň eksport edilendigi bellenýär.

Türkmenistan soňky onýyllyklarda her ýylda ýüz müňlerçe düýp agaç nahalyny oturdýandygyny aýdýar, ýöne olara harçlanýan serişde, şeýle-de guran we düýp tutan agaçlaryň sany barada maglumat bermeýär.

1990-njy ýyllaryň başynda her ýyl köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, ýurdy bag-bossanlyga öwürmek syýsaty yglan edilende, ýurduň özüni agaç önümleri bilen üpjün etmek mümkinçiligi hakynda hem gürrüň edilýärdi.

XS
SM
MD
LG