Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda aýlyk haklary köpeldilýär


Türkmen manady
Türkmen manady

Türkmenistanda, adat bolşy ýaly, täze ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary ýene-de 10% köpeldildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 31-nji dekabrda, türkmen halkyna eden täze ýyl gutlagynda aýdylmagyna görä, aýlyk haklary we kömek pullary halkyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen köpeldilýär.

Emma ýaşaýjylar bu çäräniň halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna hiç hili täsir ýetirmeýändigini, sebäbi 10% goşundynyň ýyl-ýyldan gymmatlaýan durmuşyň, harytlaryň ýanynda hiç zat bolup galýandygyny aýdýarlar.

Türkmen prezidenti halka ýüzlenip çap eden gutlagynda dowam edýän ykdysady çökgünlik, azyk nobatlary we ýurtdan gitmek isleýän adamlaryň köpelendigi barada hiç zat aýtman, “giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny” öňe sürdi.

Şeýle-de ol 2024-nji ýyla, Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgy setirleri esasynda, "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýip at berlendigini, bu ýylda, daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak meselesine seretjekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň öňki prezidenti hem pagtanyň we bugdaýyň satyn alyş nyrhlaryny köpeltmek wadasyny beripdi, ýöne bu köpeldiş daýhanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmady diýip, Azatlygyň habarçylary habar berýär.

XS
SM
MD
LG