Mary welaýatynda ABŞ dollarynyň gara bazardaky aluw-satuw bahasy birden, duýdansyz pese düşdi, walýutanyň gara bazar nyrhy Lebapda hem arzanlady, emma harytlar arzanlamakdan geçen, gymmatlamagyny dowam etdirýär diýip, habarçylarymyz 4-nji sentýabr güni irden habar berdi. Dollar söwdagärleri sada adamlary aldap, pullaryny 'kem berýärler', polisiýa işgärleri 'gülýär'.
Azatlygyň habarçylary walýuta hümmetiniň peselmeginiň sebäplerini anyklamak üçin şäher häkimligindäki, söwda ulgamyndaky we gara bazardaky hünärmenler bilen habarlaşdylar.
“Dek düýn gara bazarda aluw-satuw edýän dollarçylarda dollar 19,6 (19 manat 60 teňňe) nyrhyndan satylýardy, satyn alanlarynda bolsa 19,4 (19 manat 40 teňňe) nyrhyndan alýardylar. Şu gün irden dollar 19 manatdan satylyp başlandy, alanlarynda 18 manatdan alýarlar” diýip, Marydaky çeşme aýtdy.
Hytaý bilen işleşýän firmalaryň 'manat talaby artýar'
Lebap welaýatynda ABŞ dollarynyň gara bazardaky alyş bahasy 18,60 manada, satuw bahasy bolsa 18,70 manada çenli aşaklady diýip, Türkmenabatdaky çeşmelerimiz aýtdy.
Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşme dollaryň bahasynyň aşaklamagyny Hytaý kompaniýalary bilen işleşýän iri ýerli firmalaryň manada bolan isleginiň ýa talabynyň artmagy bilen baglanyşdyrdy.
“Hytaý kompaniýalary bilen iş salyşýan we ýokary wezipeli adamlaryň garyndaşlary bilen bagly hasaplanýan käbir iri kompaniýalara häzir uly möçberde manat gerek. Şol sebäpli olar bazara köp mukdarda dollar çykaryp, manat satyn alýarlar. Dollaryň köpelmegi onuň bahasyny wagtlaýyn aşak gaçyrdy” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň tutulmazlygyny soran çeşme aýtdy.
Azatlyk bu maglumaty degişli kompaniýalaryň ýa-da häkimiýetiň resmi wekillerine tassykladyp bilmeýär.
Dollaryň gara bazar bahasy türkmen paýtagtynda hem arzanlady. "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň maglumatyna görä, Aşgabatda (täze) dollarlar 18 manatdan satyn alnyp, 18,20-18,30 manatdan satylýar. Köne pullar bolsa 17,50 manatdan satyn alnyp, 20-30 teňňe gymmat satylýar.
Türkmenistanda bikanun walýuta söwdasy gadagan, resmi habar serişdeleri dollaryň resmi däl hümmetindäki üýtgeşmeler barada maglumat bermeýär.
Harytlar arzanlamady, käbir önümler 'gymmatlaýar'
Dollar bahasynyň arzanlamagyna garamazdan, Türkmenabatda azyk önümleriniň we hyzmatlaryň nyrhlary peselmedi. Şol bir wagtda, esasy önümleriň käbiriniň soňky günlerde düýpli gymmatlandygy aýdylýar.
Çeşmeleriň maglumatyna görä, ozal biri 5 manatdan satylan arzan çöregiň bahasy käbir ýerlerde 10 manada çykdy. Öň 5 manatdan satylan ýerli unuň bir kilogramy hususy söwda nokatlarynda 7 manat bahalanýar. Döwlet dükanlaryndaky un hemişe tapdyrmaýar diýip, ýaşaýjylar aýdýar.
“Dollar arzanlady diýýärler, ýöne bazara barsaň, hiç zatdyň arzanlamandygyny görýäň. Düýn bäş manada alan çöregimizi indi on manada alýarys. Aýlyk öňküligine galýar, diňe bahalar ýokarlanýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.
Şu aralykda şäher bazarlarynda satylýan sygyr etiniň bahasy gymmatlap, bir kilogram etiň bahasy 165 manada çenli ýokarlandy. Ilat arasynda walýuta arzanlamasynyň wagtlaýyn bir zatdygy, manat hümmetiniň ýokarlanyp bilmejekdigi hakynda gürrüň edilýär.
“Adamlar dollaryň ýene-de gymmatlajakdygyny aýdýarlar. Söwdagärler hem ertir harydy öňki bahadan getirip bilmeris diýip, nyrhlary öňünden ýokarlandyrýarlar. Netijede, dollar häzir arzanlasa-da, bazardaky harytlar gymmatlaýar” diýip, ýerli söwdagär ýagdaýy düşündirdi.
Lebapdaky çeşmeler dollaryň ýakyn wagtda ýene-de gymmatlajakdygy baradaky myş-myşlaryň güýçlense güýçlenýändigini, ýöne peselmeýändigini aýdýarlar. Olaryň pikiriçe, bu nämälimlik söwdagärleriň nyrhlary esassyz ýokarlandyrmagyna, mümkinçiligi bolan adamlaryň, azyk meseleleriniň has çylşyrymlaşmak ähtimallygynyň öňünden gaçyp, köpräk haryt satyn almagyna getirýär.
Sada adamlar gara bazar 'aldawyna düşýär', polisiýa 'gülýär'
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen migrantlary, synçylaryň aýtmaklaryna görä, bolýan ýagdaýlara düşünip bilmän, türkmen çatlaryna açyk pikir alyşýarlar. Olaryň arasynda geljege bolan umydynyň azaldýandygyny aýdýanlar hem bar.
“Nyrhlar ýokary, dollar bolsa arzan, şeýdip hökümet bizi ütýär. Üýtgetjek zat ýok, Allahym hiç bolmanda gowy günleri perzentlerimiz görsün” diýip ýazan migrant enäniň sözleri uly mukdarda laýk aldy diýip, habarçymyz ýazýar.
Marydaky habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjylaryň käbiri dollaryň gara bazaryndaky aldawçylykdan zeýrendi. Onuň sözlerine görä, gara bazarda ABŞ dollaryny manada çalyşýanlar bu ýere möhümi düşüp gelýän sada adamlary aldap, olaryň pullaryny kem berýärler.
Azatlygyň habarçysy şeýle ýagdaýa düşen adamlaryň biri bilen söhbetdeş bolmagy başardy.
“Mary şäheriniň Mollanepes köçesinde ‘Zelýonny bazar’ ady bilen tanalýan Maru-Şahu- Jahan bazarynyň golaýynda bikanun dollar söwdasyny edýän adamlaryň birine özümi aldatdym” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy bu hili ýagdaýa düşen adamlar barada öňem eşidendigini belledi.
Bu ýerdäki dollar söwdagärleri adamlary aldap, olaryň pullaryny kem berýärler diýip, çeşme 'başdan geçirenini' gürrüň berdi.
“Bir amerikan dollaryny 19 manatdan satýarys diýdiler. 100 dollary manada öwrüp beriň diýsem, ol maňa 1800 manada derek 1600 manat berdi. Men puly sanadym-da, ‘siz maňa kem berdiňiz’ diýdim. Ol puly yzyna alyp, gözümiň öňünde sanady-da, ýaňky puly yzyna berdi we, ‘bagyşla, ýalňyşyp az beripdirin’ diýip, ýanyndaky sumkasyndan 200 manat çykaryp, ony maňa berdi.”
Ýaşaýjy şondan soň ýoluny dowam etdirýär, ýöne birden, ýüregi bir zat syzan ýaly bolup, gara bazarda böldüren dollarynyň puluny täzeden sanap, özüne 1300 manat berlendigine göz ýetirýär.
Aldanan raýat yzyna dolanyp baranda dollar satan adamyny tapmandyr. "Ýazgy edýän kameralar bar, görsem tanaryn, aldawçyny tapyp beriň" diýip ýüz tutan polisiýa işgärleri oňa “ol puluň ýöredi, ilki başda 200 manat kem berende gaýdan bolsaň utjak ekeniň” diýip gülüpdirler.
Synçylar türkmen häkimiýetleriniň özlerinde gerek bolanda, bikanun walýuta amallaryna gatnaşýan adamlary jenaýat jogapkärçiliklerine çekip, degişli kanuny çäreleri görýändiklerini ýa-da bu ýagdaýy para almak üçin peýdalanýandyklaryny öňe sürýärler.
Türkmenistanda eklenip bilmän daşary ýurtlara giden we işläp gazanan pullaryny maşgalasyna iberýän adamlar, walýutanyň resmi, emeli ýagdaýda pes saklanýan kursy sebäpli zyýan çekmejek bolup, pullaryny aýlawly ýollardan, käte howp-hatarly ýollardan iberýärler, olaryň maşgala agzalary ol pullary gara bazarda çalşyp, özlerini töwekgelçilikli ýagdaýa salýarlar diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.
Azatlyk ýurtdaky walýuta amallary, gara bazardaky nyrhlaryň üýtgemeginiň sebäpleri, raýatlaryň düşýän kyn ýagdaýlary barada hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinden, bank ýolbaşçylaryndan resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum