Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda etiň gymmatlamagy nägileligi güýçlendirýär, Lebapda ýaşaýjylar etrap häkimliklerine üýşýär

Aşgabadyň azyk dükanlarynyň birindäki alyjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň azyk dükanlarynyň birindäki alyjylar (Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda soňky hepdelerde mal we towuk etleriniň bahasynyň gymmatlamagy ilat arasynda nägileligi güýçlendirýär. Lebap welaýatynda Dänew we Kerki etraplarynda ýaşaýjylaryň onlarçasy etrap häkimliklerine baryp, etiň gymmatlamagyna nägilelik bildirdi.

Etraplaryň birinde häkimlik wekilleri “meseläni welaýat häkimliginiň ýolbaşçylaryna ýetirmegi” wada berse, beýlekisinde howpsuzlyk işgärlerini çagyrmak bilen haýbat atdylar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 3-nji awgustda sebitden maglumat berdiler.

“30-njy iýulda Dänew etrap häkimliginde 15-e golaý ýaşaýjy etiň bahasynyň çalt ýokarlanmagyna nägilelik bildirdi. Olar öňünden gürleşip ýa-da dilleşip, ýörite guramalaşyp gelen adamlar bolman, şol ýerde öz-özünden ýygnanyşan adamlar ýaly bolup görünýär. Sebäbi olaryň her biri aýrybaşga wagtlarda gelip, biri-biri bilen gürleşip, arz-şikaýatlaryny paýlaşyp başladylar” diýip, waka şaýat bolan dänewli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Iýul aýynyň ortalaryndan bäri Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda we bazarlarynda etiň we et önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagy dowam edýär. 15-nji iýulda ýurduň dürli welaýatlaryndaky bazarlara aýlanyp gören habarçylarymyz nyrhlaryň 10-30% aralygynda ýokarlanandygyny habar berdiler.

Dänewiň häkimliginiň öňündäki waka şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, adamlar öz aralarynda nägileliklerini aýdyp başlanda, häkimligiň bir işgäri olara käýäp, häkimiň ýokdugyny aýdyp, dargamaklaryny talap etdi.

“Ozal ýok diýlen häkim ýaşaýjylaryň öňüne çykdy”

Şondan soň ýaşaýjylar has-da gaharlanyp, etiň bahasy ýokarlanýan wagtynda döwlet dükanlarynda näme üçin arzan bahadan mal etiniň satylmaýandygyny sorapdyrlar.

“Biz etrapdaky arzymyzy aýtmak üçin kime ýüzlenmeli? Bir et meselesi üçin welaýat häkimligine gitmelimi? diýip, ýaşaýjylar häkimligiň işgärlerinden soradylar. Şol ýerde sesli jedel ýüze çykyp, ýaşaýjylaryň käbiri häkim özleri bilen duşuşyp, et meselesini çözmäge söz berýänçä häkimligiň binasyndan gitmejekdiklerini aýtdylar” diýip, waka şaýat bolan ýene bir dänewli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Şondan soň ozal iş ýerinde ýok diýlen etrap häkimi ýaşaýjylaryň öňüne çykypdyr. Ol “meseläni welaýat häkimliginiň ýolbaşçylaryna ýetirjekdigini we ýakyn wagtda çözgüt tapmaga synanyşjakdygyny” aýdypdyr.

“Şondan soňra ýygnanan adamlar dargamak bilen boldular” diýip, wakanyň şaýady belledi.

Şol gün Kerki etrap häkimliginiň öňünde hem şuňa meňzeş waka boldy. Waka şaýat bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň maglumatyna görä, bu ýerde 50-ä golaý ýaşaýjy ýygnandy.

“Siz bilen gepleşip bilmeýäris”

“Häkimligiň işgärleri bu ýaşaýjylaryň arz-şikaýatlaryny, talaplaryny diňlemegiň deregine, ýörite maksatly polisiýa güýçlerini – OMON işgärlerini çagyrmak bilen haýbat atdylar. Şondan soň ýaşaýjylar dargamaga mejbur boldular” diýip, waka şaýat bolan kerkili ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Iki etrapda bolan wakalary Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşmämiz hem tassyklady. Ýöne ol ilatyň arz-şikaýatlaryny çözmek boýunça haýsydyr iş alnyp barylýandygy barada häzirlikçe maglumatyň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosy bu wakalar barada agzalýan etrap häkimliklerinden, şeýle-de degişli welaýat resmilerinden telefon arkaly teswir almaga synanyşdy. 3-nji awgustda Kerki etrap häkimliginiň telefona jogap beren resmisi Azatlyk Radiosyndan jaň edýändigimizi mälim eden badymyza, “siz bilen gepleşip bilmeýäris” diýip, telefony taşlady. Redaksiýamyzyň Dänew etrap häkimligine eden jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Etiň gymmatlamagy dowam edýär

Bu aralykda, Türkmenistanda, şol sanda Lebapda, Mary welaýatynda we paýtagt Aşgabatda mal etiniň bahasynyň ýokarlanmagy dowam edýär. 1-nji awgustda Lebapda mal etiniň bir kilogramynyň bahasy 150 manatdan 160 manada çenli ýokarlandy.

“Etiň 1 kilogramynyň bahasyna hepde üstüne 10 manat münýär. Maryda geçen hepdäniň içinde 140 manat bolan et hepdäniň ahyryna 170 manada bardy. Adamlar arzan towuk buduna geçdiler. Onuň 1 kilogramy 30 manat, arassa elin towuklar bolsa 80-140 manat aralygynda satylýar. Köp hojalyk düýbünden et iýmeýär” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Bu aralykda, Marynyň häkimiýetleri döwlet dükanlarynda we bazarlarda satyjylardan etiň bahasyny arzan nyrhdan görkezmegi talap edýärler.

“Ýöne et satylanda bolsa gymmat bahadan satylýar. Satyjylar witrinalarda görkezilýän nyrhlaryň diňe görkezmelik bahalardygyny aýdýarlar” diýip, maryly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Aşgabatda bolsa mal etiniň bahasynyň bir kilogramy 170 manada ýetdi.

“Gündelik 20 manada gara işde işleýän daýhanlar"

“Ilatyň aglaba bölegi 2000 manat, hatda ondan hem az aýlyk alýar. Adamlar etden, azykdan başga-da arassaçylyk, derman serişdelerini satyn almaly. Toga, gaza, suwa pul tölemeli. Oba ýerlerinde, şol sanda Marynyň Türkmengala etrabynyň Zähmet daýhan birleşiginde gündelik 20 manada gara işde işleýän daýhanlar bar. Otursaň ol hem ýok. Adamlar nädip gün görmeli?” diýip, maryly bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden teswir almak boýunça eden synanyşygy oňyn netije bermedi. 3-nji Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň web sahypasynda görkezilen telefon belgisine jogap beren resmi “biz bärde iş edýäris, režime gözegçilik edýäris” diýip, telefony taşlady.

Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat ýurtda etiň, şeýle-de käbir beýleki azyk önümleriniň gymmatlamagy barada aç-açan gürrüň gozgamaýarlar. Türkmen hökümeti bu ýagdaýlaryň sebäplerini, şol sanda ykdysady esaslaryny hem aç-açan agzamaýarlar.

Şol bir wagtda, etiň bahasynyň gymmatlamagy sosial torlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda hem giňden gürrüň edilýän temalaryň birine öwrülýär. Ulanyjylaryň käbirleri ýurtda iň pes aýlygyň 1500 manada barabardygyna we oňa 10 kilogram etiň hem düşmeýändigine ünsi çekýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG