Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 25-nji sentýabrda, ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli, iş kesilen 1 müň 54 adamyň günäsini geçmek baradaky permana gol çekdi.
Döwlet mediasynyň habarynda günäsi geçilenleriň atlary we olaryň haýsy jenaýatlar boýunça iş kesilendigi görkezilmeýär.
Bu gezekki günä geçişlige hukuk goraýjy guramalaryň syýasy tussag hasaplaýan adamlarynyň goşulyp-goşulmandygy belli däl. Makalanyň çap bolan pursadynda olaryň boşdylandygyny tassyklaýan maglumat elýeterli däl.
Resmi maglumata görä, perman agzalan adamlary tussaglyk möhletiniň galan bölegini çekmekden, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýükleýän goşmaça jezadan boşatmagy göz öňünde tutýar. Häkimiýetler bu karary rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen düşündirýärler.
Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilenleriň ýakyn wagtda öýlerine, maşgalalarynyň arasyna dolanmagy üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Habarda olaryň boşadylmagynyň takyk möhleti görkezilmeýär.
Aktiwistleri boşatmak baradaky çagyryşlar
Türkmenistanda baýramçylyklar mynasybetli günä geçişlik yglan etmek dowamly tejribe bolup durýar. Hukuk goraýjy guramalar şeýle kararlaryň öz pikirini parahatçylykly beýan edendigi we jemgyýetçilik işi üçin tussag edilen adamlara hem degişli bolmagyny talap edip gelýärler.
Türkmen türmelerindäki käbir adamlaryň ýagdaýy olaryň tussaglyk möhleti tamamlanandan soň hem näbelli galýar.
Human Rights Watch guramasynyň 2025-nji ýyldaky ýagdaýy seljerýän ýyllyk hasabatynda ýigrimi ýyldan gowrak ozal tussag edilen onlarça adamyň daşarky dünýä bilen aragatnaşykdan mahrum saklanýandygy, häkimiýetleriň olaryň hossarlaryna we aklawçylaryna habarlaşmaga mümkinçilik bermeýändigi aýdylýar. Hasabata görä, tussaglyk möhleti 2017–2024-nji ýyllarda tamamlanan azyndan 21 adamyň ykbaly we nirededigi henizem näbellidi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum