Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýene birnäçe ýolbaşçy täzelendi 


Arhiw suraty. Türkmen hökümeti wezipesinden aýrylýan resmiler hakynda açyk maglumat bermeýär.
Arhiw suraty. Türkmen hökümeti wezipesinden aýrylýan resmiler hakynda açyk maglumat bermeýär.

Döwlet baştutanynyň anna güni gol çeken kararlaryna laýyklykda, Abdulla Geldiýew gurluşyk we binagärlik ministri, Baýramgül Orazdurdyýewa bilim ministri, Myrat Mämmedow saglygy goraýyş we derman senagaty, Çaryýar Çetiýew oba hojalyk ministri wezipelerine bellendi.

Şeýle-de, Röwşen Işanow Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi, Mahmut Çaryýew Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine bellendi.

Mundan başga, Serdar Çopanow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň, Aşyrmyrat Öwezow Bereket, Meýlis Mergenow Türkmenbaşy, Welmyrat Saparmyradow Boldumsaz, Ýagşygeldi Gowşudow Akdepe, Erkin Açylow Hojambaz etrabynyň, Astanogly Seýidow Çärjew etrabynyň häkimi wezipelerine bellendi.

Begmyrat Ataýew Azyk senagaty döwlet birleşiginiň, Goçmyrat Ataýew Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, Dörtguly Süleýmanow “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, Nurmuhammet Berdiniýazow “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşiginiň başlygy wezipelerine bellenildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine, birnäçe welaýat we etrap häkimleriniň orunbasarlary wezipelerine hem täze emeldarlaryň bellenilendigi habar berilýär.

Türkmenistan wezipesinden boşadylýan we täze wezipä bellenilýän adamlar, olaryň işi hakynda, ýurtda soňky onýyllyklarda çuňlaşan kadr geldi-geçerliginiň sebäpleri hakynda açyk düşündiriş bermeýär.

XS
SM
MD
LG