Azatlygyň habarçylary türkmenistanlylaryň Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlaryna ýakyndan syn edendiklerini we özara pikir alyşmalarda esasan premýer-ministriň partiýasyna goldaw bildirendiklerini habar berýärler. Ýerli synçylaryň bellemegine görä, soňky aýlarda, hususan-da premýeri Nikol Paşinýanyň Kremlde rus prezidenti Wladimir Pun bilen bolan çekeleşikli duşuşygyndan soň, ermeni lideriniň Türkmenistandaky meşhurlygynyň has ýokary galandygyny aýdýarlar.
Merkezi saýlaw komissiýasy 8-nji iýun güni irden ýurduň 2005 saýlaw uçastogynyň ählisindäki sesleriň sanalandygyny aýdyp, Paşinýanyň tarapdarlarynyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdi.
Ermeni saýlawlarynda Paşinýanyň partiýasy öňe saýlandy
Saýlaw maglumatlary Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugy tarapyndan çap edildi.
“Raýat şertnamasy” partiýasy sesleriň 49,85% -ni alyp, parlamentdäki 105 orundan 61-sine eýe boldy - bu köpçülik bolýar. Emma muňa garamazdan, Paşinýanyň partiýasy 70 sesden ybarat konstitusion köplüge eýe bolmaz, bu ýagdaý Azerbaýjan bilen aradaky parahatçylyk ylalaşyklaryna degişli konstitusion üýtgetmeleriň öňünde kynçylyk döredip biler.
Parlamente Orsýete tarapdar hasaplanýan üç oppozisiýa topary girýär. Bularyň arasynda milliarder Samwel Karapetýanyň sesleriň 23,31% -ni we 28 orny eýeleýän "Güýçli Ermenistan" blogy, şeýle-de "Ermenistan" blogy we "Gülläp ösýän Ermenistan" partiýasy bar. Galan partiýalar 4% ses çägini geçip bilmediler.
Paşinýan saýlawda ýeňendigini 7-nji iýunda yglan etdi.
"Bu taryhy ýeňiş bolup, şübhesiz Ermenistan Respublikasynyň ýaşamagyny we ösmegini üpjün eder" diýip, ol Türkiýe we Azerbaýjan bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak niýetlerini ýatlatdy.
Ol Ýerewanyň Günbatar bilen ýakynlaşmagyny dowam etdirjekdigini, ýöne Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigine agzalygyndan ýüz öwürmejekdigini hem sözüne goşdy.
Oppozisiýa Paşinýanyň sesler doly sanalyp gutarylmanka ýeňşini yglan etmegini tankytlap, ony Merkezi saýlaw komissiýasyna basyş etmekde aýyplady.
Şeýle-de, oppozisiýa wekilleri saýlawyň geçişinden nägile bolandyklaryny, häkimiýetleriň kanunlary bozandygyny aýdýarlar.
Bu kampaniýa Ermenistan bilen Russiýanyň arasynda mundan öň görülmedik gapma-garşylyklaryň ýüze çykan wagtynda geçirildi, Moskwa Paşinýany berk tankyt etdi.
Halkda öň beýle saýlaw gyzyklanmasy 'bolmandy'
Günbatar Türkmenistanda we paýtagt Aşgabatda adamlar Ermenistanda geçirilen parlament saýlawyny ‘içgin yzarladylar’ diýip, ýerli synçy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, “...hatda halkda, Türkmenistanyň prezident saýlawlary geçirilende hem, beýle gyzyklanma bolmandy”.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen balkanlylar saýlawda Paşinýanyň ýeňmegini isleýändiklerini aýtdylar. Bir ýaşaýjy bu isleginiň sebäbini şeýle düşündirdi:
“Bu postsowet ýurtlarynyň ýeňşi bolar, Orsýetiň agalygyndan doly halas bolmaga ýykgyn edýän postsowet döwletleri Orsýetiň agressor syýasatyndan ýadady. Gelejege ynamly bolmak üçin Orsýetden doly garaşsyz bolmaly” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
Onuň pikiriçe, emeli ýagdaýda döredilen Dagly-Garabag konflikti müňläp ermeniniň we azeriniň ölümine sebäp boldy; Nikol Paşinýan goňşular arasyndaky gan dökülmelerini togtadyp, bähbitli gatnaşyga ýol açdy.
“Eger-de häzir Putiniň ýaranlarydygy aýdylýan 3 partiýanyň wekilleri ýeňiş gazansa, doganlyk Azerbaýjan, hatda Türkmenistan üçin hem uly zyýan bolar. Garabag urşy gaýtadan hem başlanyp biler. Netijede, Putin Ermenistana ýardam berip, sebitde üstaşyr ýük geçirilmegine hem ýaramaz täsir ýetirer” diýip, ozal Balkan sebitindäki häkimlikleriň birinde işlän söhbetdeşimiz aýtdy. Onuň ady redaksiýada bar we howpsuzlyk aladalary sebäpli aýdylmaýar.
Şeýle-de, habarçymyz Türkmenistanda kowçum bolup ýaşaýan ermeni azlyklarynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.
Türkmenistanly ermeniler Paşinýanyň özleri üçin gowudygyny aýdýarlar
Olar Paşinýanyň premýer-ministr saýlanmagynyň özleri üçin gowy bolandygyny gürrüň berdiler.
“Paşinýan wezipä geleninden soň, Türkmenbaşy deňiz portundan Bakuwdaky deňiz portuna baryp, Azerbaýjanyň üsti bilen Ermenistandaky garyndaşlarymyzy görmäge mümkinçilik döredi. Ermenistanyň öňki hökümeti döwründe Ermenistana baryp-gelmek görgi bolupdy” diýip, Türkmenistanda ýaşaýan etniki ermeni Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, Türkmenistandaky ermeniler Paşinýanyň ýeňiş gazanmagyny isleýär.
“Biz Putiniň marionetkalarynyň ýurtda hojaýyn bolmagynyň Ermenistana we Azerbaýjana uly bagtsyzlyk getirjekdigini gowy bilýäris. Paşinýan ýeke-täk Putine buýsanmaýan ermeni lideri. Mundan ozalky hökümet ýolbaşçylary Putiniň we Orsýetiň ygtyýaryndaky gurjaklardy. Olar ne ykdysadyýeti, ne syýasaty ösdürdi, diňe Kremle hyzmat etdiler. Paşinýan ermeni halkyna hyzmat edip, ykdysadyýeti, demokratiýany beýgeltdi. Iň esasy bolsa, ...Azerbaýjan bilen ortada bigünä adamlaryň ganynyň dökülmegin togtatdy” diýip, balkanly ermeni Arsen Babaýan habarçymyz bilen söhbetdeşlikde nygtady.
Aşgabatlylar hem ermeni saýlawlaryna biparh galmady, sosial ulgam ulanyjylary bolsa, Paşinýany goldap, öz pikir-garaýyşlaryny paýlaşdylar diýip, ýerli synçy aýtdy.
Türkmen metbugaty ýerli ilatyň daşary ýurtlardaky, şol sanda öňki sowet respublikalaryndaky özgerişliklere, şol sanda saýlawlara gyzyklanmasy barada hiç bir maglumat bermeýär.
Şeýle-de, türkmen metbugatynda ýerli synçylaryň dünýädäki we goňşy ýurtlardaky möühm wakalara bagyşlanan açyk, dürli pikirli söhbetdeşlikleri gurnalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum