Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylaryň türk wizasyny almak ugrundaky kynçylyklary we çykdajylary “artýar”


Aşgabatdaky wiza merkezleriniň birinde daşary ýurda wiza almak üçin nobata duran raýatlar (Arhiw suraty)
Aşgabatdaky wiza merkezleriniň birinde daşary ýurda wiza almak üçin nobata duran raýatlar (Arhiw suraty)

Lebap welaýatynda raýatlaryň Türkiýe wizalaryny almagy günsaýyn kynlaşýar, goşmaça çykdajylary aýdan aýa artýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy ýanwarda sebitden maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, muňa türk wizasyna ýüz tutmak üçin wiza merkeziniň Aşgabatda bolmagy we paýtagt bilen welaýat merkezleriniň arasynda uçar biletleriniň tapdyrmazlygy sebäp bolýar.

“Adamlar Aşgabatdaky wiza merkezine baryp, nobata ýazyljak bolsalar, köplenç birnäçe aý soňa nobat berilýär. Şonuň üçin olar Türkmenabatda Aşgabatdaky türk wiza merkezinde nobata ýazylmaga, ‘randewu almaga’ kömek edýän araçylaryň hyzmatyndan peýdalanmaly bolýarlar. Olar munuň üçin 600 manat bermeli bolýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu araçylar raýatyň Aşgabadyň Gylyç Kuliýew köçesiniň ugrundaky “Nowruz haly” binasynda ýerleşýän wiza merkezine haýsy günde we sagatda wiza ýüz tutmaga barmalydygyny aýdýarlar.

Türkiýä wiza açdyrmak isleýän türkmenistanlylaryň ýüz tutmalary Aşgabatdaky, Türkiýäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan ygtyýarlandyrylan, “Gateway International” türk wiza merkezinde kabul edilýär. Bu merkez “Nowruz haly” binasynda ýerleşýär.

“Adamlar nobatyna ýetişjek bolup, uçara bilet gözleýärler. Ýöne uçar biledini onlaýyn tas satyn alyp bolmaýar. Sebäbi bilet tapdyrmaýar. Biletler satuwa çykarylan badyna dessine gutarýar. Ýöne olary araçylaryň, şol sanda uçar biletlerini satýan kassa işgärleriniň üsti bilen, döwlet bahasyndan has gymmada satyn alyp bolýar. Raýat uçar peteginiň takmynan 150 manat bolan döwlet bahasynyň üstüne goşmaça para berip, jemi 600 manada bilet satyn almaga mejbur bolýar” diýip, türkmenabatly başga bir ýaşaýjy gürrüň berdi.

Türkmenistanda soňky aýlarda uçar biletleriniň tapdyrmaýandygy, aeroportdaky bilet kassalarynyň işgärleriniň uçar biletleriniň söwdasynda “araçylardan peýdalanýandygy, para alýandygy” barada ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz ençeme gezek maglumat berdiler.

Lebaplylar bu çykdajylardan başga-da, bir ýyllyk türk wizasy üçin $260 möçberindäki resmi tölegi tölemeli bolýarlar. Şeýle-de, olar ýaşaýan sebitine gaýdyp gelmek üçin-de ýene azyndan 600 manat çykdajy etmeli bolýarlar.

“Şeýlelik-de, bir adamyň türk wizasyny açdyrmagy azyndan 2000 manada we $260 dollara barabar bolýar. Türkiýe döwletine gitmek üçin ilki Aşgabada, soňra-da Stambula uçmak üçin hem bilet satyn almaly. Bularyň bahasy-da müňlerçe manada barabar bolýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýtdy.

Habarçymyz çykdajylaryň artýandygyna garamazdan, ýurtdan gitmek isleýän raýatlaryň sanynyň azalmaýandygyny aýdýar. Ol bu serişdäni töläp bilmedikleriň göterimine pul karz alyp, ýurtdan gitmäge çalyşýandygyny belleýär.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Aşgabatdaky wiza merkezinden, “Türkmenhowaýollary” agentliginden teswir alyp bilmedi.

Türkiýe 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan tarapynyň haýyşy boýunça türkmen raýatlary üçin syýahat ýeňilligini ýatyrdy. 2007-2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä wizasyz syýahat edip bilýärdiler.

Bu düzgüniň ýatyrylmagy bilen, Türkiýä syýahat etmek isleýän türkmenistanlylardan wiza talap edilip başlandy. Soňky bir ýarym ýylyň dowamynda habarçylarymyz türk wizalaryna ýüz tutýan türkmenistanlylardan talap edilýän resminamalaryň sanynyň artýandygy, olaryň arasynda Türkiýä gitmek isleýän adamdan yzyna gaýdyp geljegini kepil geçmek, kepil geçýän adamyň bankda karzynyň ýokdugy ýaly ynanç hatlaryň bardygy barada maglumat berip gelýärler.

Habarçylarymyz bu talaplara garamazdan, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, Türkiýä işlemäge gitmek isleýänleriň sanynyň köp bolmagynda galýandygyny hem aýdýarlar.

Türk Migrasiýa edarasynyň 18-nji ýanwarda täzelän soňky maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Türkiýede 207 müň 248 türkmenistanly kanuny esasda ýaşaýar. Türkmenistan Türkiýede kanuny esasda ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany boýunça birinji orunda durýar. Bu sanawda ikinji orny Russiýa Federasiýasy eýeleýär.

Türkmen häkimiýetleri ilatyň daşary ýurtlara gitmek bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ýurtdan gidýän raýatlaryň sany baradaky statistikany mälim etmeýärler. Bu ýagdaýlar barada ýurduň media serişdeleri hem mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG