Soňky habar

Türkmenistanyň metan zyňyndylary daşky gurşaw meselesimi ýa-da energiýa baýlyklaryny dolandyrmagyň netijesizligine baglymy?

NASA-nyň orbital şekillendiriji spektrometri tarapyndan Türkmenistanyň Hazar sebitiniň gündogarynda düşürilen metan gazynyň 12 sany çüwdüriminiň suratlary. REUTERS, 2022-nji ýyl.
NASA-nyň orbital şekillendiriji spektrometri tarapyndan Türkmenistanyň Hazar sebitiniň gündogarynda düşürilen metan gazynyň 12 sany çüwdüriminiň suratlary. REUTERS, 2022-nji ýyl.

Tebigy gaz öndüriji ýurt bolan Türkmenistan, metan zyňyndylarynyň ýokary möçberi we giň gerimli gaz syzmalary sebäpli ençeme ýyl bäri üns merkezinde gaýar. Hazar sebitindäki ykdysady, syýasy, energetika we howpsuzlyk meselelerine üns berýän garaşsyz barlaglar guramasy bolan "Hazar Syýasat Merkezi" (Caspian Policy Center — CPC) tarapyndan şu aýda çap edilen hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistan metan zyňyndylarynyň umumy möçberi boýunça sebitde öňdäki orunda bolmasa-da, onuň gaz infrastrukturasynyň golaýynda iri gaz syzmalarynyň we metan bulutlarynyň jemlenmegi aýratyn alada döredýär. Mundan öň şu ýylyň tomsuna çenli ýurtda 180-den gowrak metan syzmasynyň hasaba alnandygy habar berlipdi.

Türkmenistandaky metan syzmalary diňe bir daşky gurşaw bilen baglanyşyklymy? Onuň milli tebigy baýlyklary dolandyrmagyň netijeliligi bilen nähili baglanyşygy bar? Azatlyk Radiosy bu barada Türkmenistanyň energetika pudagyna ýakyn bilermen bilen söhbetdeş boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) 2025-nji ýylyň awgustyndan 2026-njy ýylyň iýul aýynyň ahyryna çenli döwri öz içine alýan iň soňky maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 180-den gowrak metan syzmasy hasaba alnypdyr. Bularyň köpüsi gözegçiliksiz (matlaply däl) syzmalar bolup, senagat işleri bilen baglanyşykly adaty bugly gazlaryň zyňyndylaryndan tapawutlanýar diýlip, CPC-niň hasabatynda aýdylýar. Magumata görä, ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak agentligi (EPA) nebit we gaz desgalaryndan sagatda 100 kilogramdan köp mukdarda metan syzmagyny "aşa köp zyňyndyly hadysalar" hökmünde häsiýetlendirýär.

Metan syzmalaryna degişli hadysalaryň köp bolmagy tebigy gazy gaýtadan işlemekde we daşamakda köne sowet döwrüniň tehnologiýalaryny ulanmak bilen baglanyşdyrylýar. Halkara hasabatlarynda köne turba geçiriji ulgamlarynyň köplenç kiçi göwrümli, ýöne az syn edilýän syzmalara mümkinçilik berýändigi, şol bir wagtyň özünde "Galkynyş" we "Hazar" basseýniniň töwereginde matlaply bolmadyk gaz syzmalaryny synlap bolýandygy bellenýär. Türkmenistanda muny barlamak taýdan kyn boldy, bu bolsa meseläniň has-da erbetleşmegine getirdi diýlip, CPC hasabatynda bellendi.

Azatlyk Radiosy: Emeli hemra suratlarynyň esasynda Türkmenistanda ýüze çykarylan bu meseläniň gerimi näderejede uly? Türkmenistanda halkara maglumatlaryny tassyklamaga ýa-da ret etmäge ukyply, öz gözegçilik ulgamy barmy?

Döwlet Baýramgeldiýew: Metan syzmalarynyň möçberi takyk görkezilýär, bu maglumatlar doly obýektiwdir, olar Ýer ýüzüne kosmosdan uzak aralykdan gözegçilik etmek üçin niýetlenen, iň döwrebap usullara esaslanýar. Bu usullar, hususan-da köp spektrli surata düşürmek tehnologiýasy bolup, metan zyňyndylarynyň hem hil düzümini, hem-de mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle usullar eýýäm özüni subut etdi, giňişleýin synagdan geçirildi we atmosfera proseslerine täsir edýän hem-de howanyň üýtgemegine (global ýylylyga) getirýän möhüm bugly gazy bolan metana global derejede gözegçilik etmek üçin ýörite işlenip düzüldi.

Maglumatlaryň dogrudygyna dürli usullar arkaly gözegçilik edilýär we barlanýar. Bu beýleki ugurlarda hem ulanylýar - bu proses kalibrleme, tassyklama we şuňa meňzeş amallary öz içine alýar, bularyň hemmesi ylmy taýdan esaslandyrylan. Gözegçilik ulgamyna BMG gözegçilik edýär.

Türkmenistanyň öz gözegçilik ulgamy ýok, şol sanda kosmos mümkinçilikleri, ýagny şeýle barlag üçin mehanizmleri we öz garaşsyz maglumatlary ýok.

Metan syzmasynyň sebäpleri

Şeýle giň gerimli syzmalaryň ýygy-ýygydan ýüze çykmagy, tebigy gazy gaýtadan işlemek we daşamak üçin ulanylýan, köne, sowet döwründen galan enjamlaryň ulanylmagy bilen düşündirilýär. Köne turba geçiriji ulgamlary syzmalaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýan çeşmesi bolup durýar, köplenç göze ilmeýän bolsa-da, olaryň sany köpdür diýilýär. Şeýle-de, "Galkynyş" gaz käniniň we Hazar basseýniniň töwereginde gazyň matlaply atmosfera goýberilýän ýagdaýlary hem agzalýar.

Azatlyk Radiosy: Halkara gözegçilik maglumatlaryna görä, bu syzmalaryň köpüsi "gözegçiliksiz" ýagny matlaplaýyn däl diýlip häsiýetlendirilýär. Siziň pikiriňizçe, ýagdaý hakykatdanam şeýlemi we bu aslynda nämäni aňladýar? Bu ýagdaý köne tehnologiýalar bilen baglanyşyklymy we ol ýurduň gaz infrastrukturasynyň umumy ýagdaýyny görkezýärmi?

Döwlet Baýramgeldiýew: Bu syzmalary, aslynda, gözegçilik astynda saklap bolmaýar, olar gaz çykaryş we daşaýyş infrastrukturasynyň könelmeginden gelip çykýar. Bu infrastruktura şeýle bir giň gerime eýe welin, her bir syzmany ýüze çykarmak, oňa gözegçilik etmek we ony abatlamak mümkin däl. Käbir syzmalar hakykatdanam infrastrukturanyň könelmegi bilen baglanyşykly bolsa-da, beýlekileri gurnama işleri talabalaýyk ýerine ýetirilmedik täze desgalarda ýüze çykýar. Belläp geçmeli zat, bu infrastrukturanyň köp bölegi sowet döwrüne däl-de, eýsem garaşsyzlyk ýyllarynda gurlupdy.

Türkmen häkimiýetleriniň goýberen uly ýalňyşlyklarynyň biri, döwlete degişli "Türkmengaz" konserniniň düzümindäki "Türkmengazawtomatika" bölüminiň ýatyrylmagy boldy. Bu bölüm 2012–2015-nji ýyllar aralygynda ýatyryldy. Hut şu bölüm anyklaýjy enjamlaryň giň ulgamy, ýörite gözegçilik ulgamy we gyssagly çäre görme tertibi arkaly näsazlyklary we syzmalary ýüze çykarmaga jogapkärdi. Onuň ýatyrylmagy uly bir çökgünlige getirdi: indi turba geçiriji ulgamynda näsazlygyň ýa-da syzmanyň nirede bolandygyny anyk kesgitlemek mümkin däl. Zerur tehnologiýalar bardy, ýöne "Türkmengaz" konserniniň we şol döwürdäki Nebit we gaz ministrliginiň ýolbaşçylarynyň başarnyksyzlygy sebäpli, uly Berdimuhamedow döwründe bu ulgam düýbünden ýok edildi. "Türkmengazawtomatika" bölüminiň ýolbaşçylary garşylyk görkezende, "Türkmengaz" resmileri: "Bizde howa gurak, şonuň üçin turbalar 100 ýyllap poslamaz" diýip, olaryň pikirini ret etdiler. Bu sözler, bölümiň ýatyrylmagyna başlyklyk eden "Türkmengaz" ýolbaşçylarynyň birine degişlidi.

"Türkmengazawtomatika" diňe bir işleýän turba geçirijileriň we beýleki desgalaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek bilen çäklenmän, eýsem täze turba geçirijileriň we nasos stansiýalarynyň işe girizilmegine rugsat bermek wezipesini hem ýerine ýetirýärdi, eger haýsydyr bir syzma ýüze çykarylsa, olar işe girizilmegine rugsat bermeýärdiler — hut şonuň üçin hem bu bölüm ýatyryldy. Şondan soň, syzmalara gözegçilik edip bolmady we olar gözegçiliksiz galdy, şol bir wagtyň özünde, täze infrastruktura desgalary ulgamyň umumy düzüminde metan syzmalarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin berk barlaglar geçirilmezden işe girizildi.

Soňra bu bölümiň gaýtadan "Türkmengaz" konserniniň düzümine goşulmagy, onuň öňki iş netijeliligini dikeltmäge mümkinçilik bermedi — sebäbi zerur bolan hünär tejribesi, işgärler we enjamlar eýýäm elden gidipdi.

Halkara sanlary

Türkmenistanda metan zyňyndylary meselesi, esasanam 2023-nji ýylda BMG-niň UNEP guramasynyň "Metan barada duýduryş we oňa jogap bermek ulgamynyň" (MARS) işe girizilmeginden soň, üns merkezine düşdi we ýurt ýüze çykarylan metan syzmalarynyň sany boýunça yzygiderli öňdäki orunlary eýeleýänleriň hatarynda durýar.

MARS ulgamy hemra maglumatlaryny ulanyp, metan bulutlaryny (ýa-da zyňyndylaryny) kesgitleýär we degişli hökümetlere hem-de kompaniýalara duýduryşlary iberýär, bu bolsa, ýagdaýy düzetmek üçin çäreleriň görülmegine mümkinçilik berýär.

"Crude Accountability" guramasynyň 2023-nji ýylda çap eden hasabatynda Türkmenistanyň 2022-nji ýylda çaklanan umumy metan zyňyndylary baradaky maglumatlary onuň goňşularyna degişli sanlar bilen deňeşdirýär. Maglumata görä ýurduň nebit-gaz pudagy bilen baglanyşykly matlaply metan zyňyndylarynyň 46%-i (2 200 kt) howa göni goýberilmeler (venting) netijesinde emele gelýär. Bu möçber Gazagystana, Özbegistana we Azerbaýjana degişli statistika sanlaryna garanda az bolsa-da, bu ýurtlaryň umumy metan zyňyndylarynyň nebit-gaz pudagyna degişli paýy Türkmenistanyň nebit gaz pudagynyň paýyna düşýän mukdardan has pes diýlip, maglumatda aýdylýar.

Guramanyň 2025-nji ýylda çap eden hasabatynda "Galkynyş" ýatagynda 2019–2024-nji ýyllar aralygynda SO2 mukdarynyň (kükürt turşusy) NO2 (wodorod sulfid) garanda has ýokary depgin bilen artandygy bellendi we gaz zyňyndylarynyň özara baglanyşyklydygy, ýatakdaky gazlaryň ýakylmagynyň netijesinde emele gelendigini aýdyldy. "Biz, SO2 zyňyndylarynyň ýokary derejede bolmagynyň we çalt depgin bilen artmagynyň, ýakylýan gazdaky H2S (wodorod sulfid) mukdarynyň artmagy bilen baglanyşyklydygyny çaklaýarys" diýlip hasabatda aýdylýar.

"Galkynyş" Türkmenistanda ýerleşýän we "Türkmengaz" döwlet konsernine degişli ägirt uly gaz känidir. 27 trillion kub metr möçberinde çaklanýan gaz gorlaryna eýe bolan bu kände gaz önümçiligi 2013-nji ýylda başlandy. Kän özleşdirilip başlananda, onuň töwereginde gazdan kükürdi aýyrmak üçin niýetlenen desgalar gurlup ulanmaga berildi.

Görülýän çäreler

Türkmenistan bu meseläni çözmek üçin belli bir ädimleri ädýän ýaly görünýär — bu hem metan syzmalaryny aradan aýyrmak boýunça beýan edilen borçnamalar, hem-de amaly hereketler arkaly amala aşyrylýar. Şeýle-de bolsa, meseläni onuň hakyky göwrümine laýyklykda çözmek üçin goşmaça çäreler talap edilýär.

Hasabatlara görä, Türkmenistan metan syzmalary baradaky duýduryşlara seslenip başlapdyr we käbir ýagdaýlarda olary aradan aýyrmak üçin çäreleri görýär.

Soňky bir ýylyň dowamynda ýurt, syzmalaryň takmynan 18%-ine degişli reaksiýa görkezip, olary öwrenipdir, bu bolsa, Aşgabadyň bu mesele barada has köp üns berip başlandygyny görkezýär diýlip, "Hazar syýasat merkezi" öz maglumatynda ýazdy, emma bildirilen reaksiýanyň syzmalary aradan aýyrmak üçin ýeterlik däldigini belledi.

UNEP-iň maglumatyna görä, Türkmenistan sekiz sany syzmany aradan aýrandygyny tassyklapdyr, bu syzmalar netijesinde atmosfera jemi 27 000 tonna metan zyňlypdyr.

Azatlyk Radiosy: Türkmen hökümetiniň metan zyňyndylary bilen baglanyşykly belli bir ädimleri ädýändigi habar berilýär. Aşgabadyň syýasatynda hakyky üýtgeşme barada aýdyp bolarmy? Häkimiýetleriň aýry-aýry syzmalara seslenmegi ýa-da "Derwezäni" ýapmak ýaly meýilnamalary yglan etmegi ýeterlikmi?

Döwlet Baýramgeldiýew: "Derweze"— bu diňe bir PR oýny bolup, onuň iň meşhur we iň göze ilýän görnüşidir. Ol ýerdäki metanyň hemmesi ýanyp, uglerod dioksidine öwrülýär, şonuň üçin "Derweze" metan zyňyndylarynyň uly çeşmesi hasaplanmaýar. Ony söndürmek baradaky karara metan zyňyndylaryny azaltmak islegi däl-de, eýsem mahabat (propaganda) sebäp boldy, bu Berdimuhamedow usulyndaky dolandyryşyň — ýagny düýbünden ýalandan ybarat bolan dolandyryşyň — aýdyň mysalydyr.

Türkmen hökümeti uzak wagtlap bu mesele bilen meşgullanmakdan gaça durdy we zyňyndylaryň bardygyny boýun almady — köplenç hem, hakykatdanam, meseläniň nämedigini bilmeýändigi ýa-da düşünmeýändigi üçin şeýle etdi. Tankytlara jogap hökmünde, olar gaz ýanmalarynyň göwrümini gizlemek üçin — ozal kosmosdan görnen — şol alawlary söndürip başladylar. Emma bu, ýerüsti gurluşyň oý-çukurlarynda metanyň toplanmagy netijesinde birnäçe güýçli partlamalara we pajygaly wakalara getirdi.

Metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek üçin täze usullaryň işlenip düzülmegi bilen, bu syzyp çykmalar ýüze çykaryldy we halkara derejesinde basyşyň döremegine sebäp boldy. ABŞ-nyň "klimat boýunça ýörite wekili" Jon Kerri şahsy taýdan goşulyp, Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Bu söhbetdeşlik ýolbaşçylary diňe bir zyňyndylaryň bardygyny boýun almaga däl, eýsem bu meseläni çözmäge girişmäge-de iterdi.

Emma, ilki bilen problema barada ekologiýa işgärleri jar etdiler, duýduryş berdiler, muňa jogap hökmünde türkmen häkimiýetleri olary yzarladylar, tussag etdiler, gorkuzdylar we urdular, netijede bolsa olary ýurtdan gaçmaga mejbur etdiler. Raýat jemgyýetiniň bir bölegi hökmünde ekologiýa işjeňligi düýbünden ýok edildi. Netijede, diňe häkimiýete wepaly, aýdylanlary soragsyz ýerine ýetirýän adamlar galdy. Olar halkara guramalardan grant almagyň usulyny gowy öwrendiler, emma jemgyýete hakyky peýda getirmeýärler we iň möhüm meseleler barada dymmagy saýlaýarlar.

Zyňyndylar meselesiniň doly çözülmegine entek uzak ýol garaşýar. Resmi Aşgabat öňünde maksat goýdy we borçnama aldy: 2030-njy ýyla çenli zyňyndylary 30 göterim azaltmak derejesi agzaldy. Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler bu meseläni öz wagyz-nesihat maksatlary üçin ulanyp başladylar. Hakykatdanam ýagdaýyň nähilidigi belli däl, ýylyň ahyrynda çykmaly metan zyňyndylary baradaky indiki hasabata garaşmaly bolarys.

Metan syzmasynyň töwekgelçilikleri

Aslynda, Türkmenistan dünýä boýunça bugly gazlaryň zyňyndylarynyň diňe takmynan 0,2–0,4%-ini emele getirýär (bu 114 million tonna uglerod dioksidine ýa-da CO2-e deňdir). Mesele, bu zyňyndylaryň düzümi bilen baglanyşyklydyr. 2024-nji ýylda metan ýurduň umumy bugly gazlarynyň zyňyndylarynyň 19%-den gowragyny, uglerod dioksidi (CO2) bolsa takmynan 74%-ini düzdi. Metan atmosferada (CO2-den soň) iň köp ýaýran ikinji bugly gazydyr, onuň mukdary adatça 100 ýyllyk döwür boýunça hasaplanýan CO2-ekwiwalenti görnüşinde ölçelýär. Metan atmosferadan CO2-e garanyňda has çalt ýok bolup gitse-de, ol 20 ýylyň dowamynda 80 esse köp ýylylygy özünde saklaýar. Bu bolsa, gysga möhletde metan zyňyndylary meselesini örän möhüm we howply edýär. Ýurtda bugly gazlaryň zyňyndylarynyň ep-esli bölegi gözegçiliksiz syzmalardan, senagat zyňyndylaryndan we oba hojalygyndan gelip çykýar. Bu barada "Hazar syýasat merkeziniň" maglumatynda aýdylýar.

"Climate Change Tracker" (Howanyň üýtgemegine gözegçilik ulgamy) maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň umumy metan zyňyndylarynyň 60%-i (bu 13,4 million tonna CO2-e deňdir) gözegçiliksiz syzmalaryň netijesinde emele gelipdir. 100 ýyllyk döwür üçin hasaplananda, bu görkeziji 22,6 million tonna CO2-e ýetýär.

Ykdysady täsiri

Daşky gurşawa ýetirilýän zyýandan başga-da, gözegçiliksiz metan syzmalary Türkmenistanyň tebigy gazy öndürmekden we satmakdan alýan hakyky girdejisini azaldýar we öňüni alyp boljak bu syzmalar, gazanyp boljak girdejilerde esassyz ýitgilere getirýär diýen pikirler öňe sürülýär.

Ýewropa Bileleşigi öz senagatynda, şeýle-de global üpjünçilik zynjyrynda metan zyňyndylarynyň derejesini azaltmagy maksat edinýär. 2024-nji ýylda ÝB, üpjünçilik zynjyrlaryndaky metan syzmalaryny azaltmak, ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça çäreleri göz öňünde tutýan 2024/1787 belgili Düzgünnamany kabul etdi.

Azatlyk Radiosy: Metan syzmalary meselesi türkmen gazynyň Ýewropa eksport edilmek mümkinçiliklerine howp salyp bilermi? Ýewropanyň bu ekologiýa talaplarynyň Türkmenistan üçin netijeleri näderejede çynlakaý bolup biler?

Döwlet Baýramgeldiýew: Hut şu mesele, beýleki faktorlar bilen bir hatarda, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandan gaz satyn almak, şeýle-de "Transhazar" gaz geçirijisini gurmak we soňra ony Ýewropa ýetirmek boýunça anyk gepleşikleri geçirmegine päsgel berýär. Ýewropa Bileleşigi, türkmen gazyny satyn almagyň "hapa" gazy — ýagny dürli standartlaryň bozulmagy bilen çykarylýan we daşalýan, iň möhümi bolsa, atmosfera metan zyňyndylarynyň dünýä boýunça iň ýokary derejeleri bilen baglanyşykly bolan gazy satyn almagy aňladýandygyny gowy bilýär.

Halkara guramalarynyň maglumatlarynda Ýewropa Bileleşiginiň dünýädäki konfliktler sebäpli dörän energetika durnuksyzlygy zerarly, täze talaplarynyň girizilmegini yza süýşürip biljekdigi, şeýle-de bolsa, şeýle çäreleriň kabul edilmeginiň, üpjünçilik zynjyrlaryna gatnaşýan önüm öndüriji ýurtlardaky metan zyňyndysy derejeleriniň has berk gözegçilik astyna alynjakdygyny aňladýandygy görkezýär. Türkmenistan üçin bu, geljekde Ýewropa gaz ibermek bilen baglanyşykly islendik taslamanyň düýpli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini aňladýar diýip, CPC ýazýar.

Näme edip bolar?

Guramanyň bellemegine görä, zerur çäreleriň hatarynda, gözegçiliksiz syzmalaryň doly öňüni almak we gazyň matlaply howa goýberilmegini azaltmak indiki ädim bolmaly. Aşgabadyň metan syzmalaryna garşy görýän çäreleri, bugly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde oňyn ilkinji ädim bolup biler, diýlip, maglumatda hem Türkmenistanyň içinde, hem-de tutuş sebitde entek uly işleriň edilmelidigi bellenip, tagallalar ýurduň diplomatik abraýyny berkitmäge, ykdysady bähbitleri artdyrmaga, şeýle hem Ýeriň atmosferasynyň we howasynyň sagdynlygyna goşant goşmaga mümkinçilik berer diýilýär.

Türkmenistan we Hazar sebitiniň beýleki döwletleri, 2030-njy ýyla çenli zyňyndylary 2020-nji ýyldaky derejeler bilen deňeşdirilende 30% azaltmagy maksat edinýän "Global metan borçnamasyna" (Global Methane Pledge) goşuldylar.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin Türkmenistan gymmatly tebigy gazynyň ep-esli möçberini ýitirmegini dowam etdirýär? Bu syzmalary azaltmak ýurduň özi üçin ykdysady taýdan näderejede peýdaly bolup biler?

Döwlet Baýramgeldiýew: Türkmenistanda zerur tejribe, tehnologiýalar we iň esasy zat, öz döwründe ýitirilen hünärli işgärler ýetmezçilik edýär. Häzirki işçi güýji diňe tebigy baýlyklary köp mukdarda ulanylmagyna gönükdirilen we bu ýerde jogapkärçilik duýgusy ýok. Bu ekspluatasiýa ideologiýasy iň ýokardan ugur alýar: iş çykdajylaryny azaltmak we girdejini ýokarlandyrmak. ABŞ-nyň häkimiýetleri "Halliburton" bilen birlikde birnäçe mümkin hyzmatdaşlary teklip etdi we hatda "Impex-bank" krediti arkaly tutuş metan syzmalaryny ýok etmek boýunça taslamasyny maliýeleşdirmegi teklip etdi. Şeýle-de bolsa, türkmen häkimiýetleri muny ret etdi - sebäbi razylyk, iň bolmanda gytaklaýyn görnüşinde bolsa-da olardan gaz pudagyny daşarky gurama üçin açyk bolmagyny talap ederdi, bu bolsa syýasy meselä direlýär.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistandaky metan syzmalary meselesine diňe bir daşky gurşaw bilen baglanyşykly mesele hökmünde däl-de, eýsem milli tebigy baýlyklary dolandyrmagyň netijeliligi bilen baglanyşykly mesele hökmünde garap bolarmy?

Döwlet Baýramgeldiýew: Hawa, ýagdaý hut şeýle: Türkmenistandaky häkimiýetler üçin bu, başarnyksyz we namyssyz dolandyryş meselesidir. Dünýäniň beýleki ýerleri üçin bolsa, bu howa üýtgemegi bilen şertlenen, örän çynlakaý we agyr bir kynçylygy döredýär. Mundan başga-da, bu mesele gaýdyp gelip, hut Türkmenistanyň özüne täsir edýär, bu bolsa ilaty halys edýän yssy möwsümler, aşa ýokary temperaturalar, buzluklaryň eremegi, Amyderýada we beýleki derýalarda suw akymynyň azalmagy, şeýle-de howanyň guraklaşmagy görnüşinde ýüze çykýar. Bularyň hemmesi eýýäm ilatyň saglygyna we abadançylygyna, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýaramaz täsirini ýetirýär. Türkmen häkimiýetleriniň jogapkärçiliksiz, başarnyksyz we namyssyz hereketleri bu kynçylyklaryň esasy sebäbidir.

Türkmenistanyň dünýädäki metan syzmalary problemasyndaky orny 2022-nji ýylda üns merkezine düşdi. “Guardian” Türkmenistanyň şol ýyl dünýäde iň uly “metan syzdyryjy” bolandygyny habar berdi. Maglumatda Türkmenistanyň 184 sany “ýokary gaz syzma” hadysasyna, dünýäniň iň köp bugly gazynyň howa goýberilmegine jogapkär bolup, onuň goýberen gaz syzmalarynyň biriniň howanyň hapalanmagyna 67 million awtoulagyň goýberen hapa gazy derejesinde goşant goşandygy aýdyldy.

Şondan soň Türkmenistanyň halkara derejesinde hasabat bermeli boljagy aýdyldy, ýurtda metan syzmalary boýunça pudagara topar döredildi. Bu barada türkmen metbugaty 2023-nji ýylyň tomsunda habar berdi. Britaniýanyň “The Guardian” neşiri bolsa, ABŞ-nyň Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa döwletindäki ägirt uly metan syzmasynyň öňüni almak üçin şertnama baglaşmaga çalyşýandygyny habar berdi. 2024-nji ýylda "Bloomberg" neşiri Türkmenistanyň metan syzmasyna garşy göreşmek üçin hünärmen toplajagyny habar berdi.

Redaksiýadan: Döwlet Baýramgeldiýew Türkmenistanda ýerleşýän energetika boýunça bilermeniň lakamy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

​
XS
SM
MD
LG