Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýns (Steve Daines) bilen duşuşyp, energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen mediasy habar berýär.
Maglumata görä, Türkmenistanyň prezidentiniň ABŞ senatory bilen 9-njy iýuldaky duşuşygynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.
Habarda aýdylmagyna görä, prezident Birleşen Ştatlar bilen ýangyç-energetika toplumy, maliýe, bank ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyga taýýarlygyny tassyklady.
Tebigy serişdelere baý Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär hem-de öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär diýip, türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň sözlerini getirdi.
Prezident Aşgabadyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisi taslamasyna ABŞ-nyň ünsüni we goldawyny ýokary bahalandyrýandygyny aýtdy. Maglumata görä, ol bu taslamanyň ykdysady ösüşe itergi berjekdigine we sebitdäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdi.
Taraplar ykdysady gatnaşyklary utgaşdyrmakda Türkmen-Amerikan işewürlik geňeşiniň möhüm goşandyny bellediler. Ýakynda Aşgabatda geçirilen Geňeşiň mejlisi özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi diýlip, habarda aýdylýar.
Şol bir wagtda, 9-njy iýulda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy bilen ABŞ senatorynyň duşuşygynda, beýleki meseleler bilen bir hatarda esasy üns ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlyga gönükdirildi.
Berdimuhamedow Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişiniň we baý tebigy serişdeleriniň ýurda halkara ähmiýetli iri taslamalary öňe sürmäge mümkinçilik berýändigini aýtdy.
“Ýurdumyz Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, sebitde geljegi uly Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini durmuşa geçirmäge ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýokary baha berýär” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ol bu taslamanyň sebitiň ykdysady durnuklylygyny, hyzmatdaşlygyny we abadançylygyny berkitjekdigine ynam bildirdi.
Forum