Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussagdaky gazak aktiwisti 'hukuklarynyň bozulmagy' sebäpli açlyk yglan etdi


Aýigerim Tileužanowa
Aýigerim Tileužanowa

Tussaglykda oturan gazak aktiwisti Aýigerim Tileužanowa, öz sözleri bilen aýdylanda, düzediş koloniýasyndaky "hukuklarynyň bozulmagyna” protest bildirmek üçin açlyk yglan etdi.

Aktiwistiň açlyk habaryny onuň egindeşi Marat Turymbetow 10-njy aprelde aýtdy.

Tileužanowanyň ejesi Respublika.kz neşirine beren interwýusynda gyzynyň açlyk yglan etmeginiň sebäbini jeza öýüniň işgärleriniň oňa lukmançylyk kömegini bermekden ýüz öwürmegi bilen düşündirdi.

Tileužanowa iýul aýynda, 2022-nji ýylyň ýanwarynda hökümete garşy guralan görlüp-eşidilmedik demonstrasiýalar mahalynda "Almaty howa menzilindäki köpçülikleýin tolgunyşyklary gurnamak" aýyplamasy bilen, dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol özüni günäkär hasaplamaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG