Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglaryň ýakynlary: günä geçişden eden umydymyz puç boldy


Türkmenistan türmeden oturanlaryň sany boýunça ýyllarboýy dünýä derejesinde öňe barýar.
Türkmenistan türmeden oturanlaryň sany boýunça ýyllarboýy dünýä derejesinde öňe barýar.

Türkmenistanda, Bitaraplyk baýramy mynasybetli yglan edilen nobatdaky günä geçişde 302 raýat tussaglykdan boşadyldy. Ýylyň dowamynda birnäçe gezek resmi senelere gabat türmeden ýüzlerçe adamy boşatmak däbi birnäçe maşgala üçin şatlykly pursat bolsa, beýlekileriň pikiriçe, boşadylýanlaryň sany tussaglaryň umumy sanyna garanda aşa ujypsyz bolup, bendileriň köpüsinde oňa goşulmak şansy tas ýok diýen ýaly.

Her gezek günä geçişlere il içinde sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýän günä geçişler adamlara umyt berýär. Emma köplenç bu umyt puja çykýar.

"Adamlar Bitaraplyk baýramçylygynda prezident Serdar Berdimuhamedow türme tussaglygynda oturanlara amnistiýa berer diýip, her kim öz ýakyn hossarlarynyň türmeden boşap gelmegine garaşdy, emma boşadylan adamlar gaty az boldy. Köpçüligiň umydy puja çykdy" - diýip, habarçymyz bilen gürleşen ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda türme tussaglygynyň maşgalalaryň köpüsiniň başyna düşen ýagdaýdygyna ünsi çekýärler. Tas her bir maşgalada türmä düşen ýakynlary ýa-da daşrakdaky maşgala agzalary bar.

Habarçymyz bilen gürleşen adamlaryň her biriniň tussaglykda oturan hossalary bar. Biriniň adamsy, beýlekisiniň kakasy, ejesi ýa-da jigisi türme tussaglygyny başdan geçirýär, bu ýagdaý tutuş maşgala täsir ýetirýär.

"Adamlar her gezek telewizora garap garaşyp oturýarlar, şu gezek has köpräk adamyň günäsi geçilermikä diýip. Emma 302 adam - ol diňe bir günde türme tussaglygyna höküm edilip iberilýän adamlaryň sanyndan hem geçmese gerek. Prezidente 3 gezek hat ýazdyk hojalygymyz gaty agyr halda, çagalar bilen bir özüme kyn düşýär, maşgalam doly däl, gaýrat edip ýoldaşymy boşatmaklaryny soradym, emma jogap bolmady, ýoldaşym hem gelmedi" diýip, - söhbetdeşleriň ýene biri aýdýar.

Habarçymyz günä geçişde türmeden boşap gelen adamyň hossary bilen hem gürrüňdeş boldy. Öňki tussag soňky günä geçişde awtoýol hadysalary sebäpli tussag edilenleriň ençemesiniň boşadylandygyny, şeýle-de uly böleginiň para berip tussaglykdan gutulan adamlardygyny aýdypdyr.

Köpçülik häzirki ýagdaýy mundan ozalky ýyllardaky günä geçişler bilen deňeşdirýär.

Türkmenistanda az sanly bendiler üçin günä geçişleri ýylda birnäçe gezek yglan etmek düzgüni öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginde soň başlanypdy. Ondan öňki prezident Saparmyrat Nyýazow türmede oturanlary ýylda bir gezek boşadýardy we bir gezekde tussag astyndan goýberilenleriň sany käbir ýyllarda 15 müň adama ýetýärdi.

Emma hem ozalky we häzirki wagtda türkmen döwleti türmede oturanlaryň sany boýunça dünýä derejesinde öňe saýlandy.

Türmelerdäki ýagdaýy syn edýän World Prison Brief atly halkara guramasynyň hasabatyna görä, Türkmenistanda ýurduň her 100 000 ilatyna 576 tussag bar. Bu dünýä boýunça üçünji görkeziji.

Türkmenistanda günä geçişde boşadylýan bendileriň sanawy çap edilmeýär. Şeýle-de, türkmen häkimiýetleri ýurtda iş kesilip, azatlykdan mahrum edilenleriň, tussaglykda oturanlaryň we tussaglykda ýogalanlaryň sanyny köpçülige elýeterli etmeýär. Türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň haýsy jenaýatlar sebäpli azatlykdan mahrum edilendigi we bu ýagdaýa degişli resmi statistika hem çap edilmeýär.

Ýurtda uzaga çeken ykdysady krizisiň fonunda dürli jenaýatlaryň artýandygyny ýerli çeşmeler habar berýän bolsalar, türme tussaglygyna höküm edilýänleriň arasynda esassyz tussag edilenleri hem bardygy aýdylýar. Ýurtda raýatlaryň eden-etdilikli saklanmagyna degişli ýagdaýlar hem ýüze çykýar, syýasy matlaply tussaglyklar bolýar. Halkara guramalary Türkmenistanda türmede saklanýan ýüzlerçe adamy syýasy tussaglar we wyždan ýesirleri diýip ykrar etdiler.

Öňki bendiler türkmen türmelerindäki şertleriň ýowuzlygyny we bendilere aýylganç sütemiň, gynamalaryň we kemsitmeleriň edilýändigini gürrüň berýärler. Halkara guramalary bolsa, türkmen häkimiýetlerini tussaglaryň hukuklaryny depelemekde we türme sistemasyny syýasy repressiýalar üçin ulanmakda aýyplaýarlar.

Türmeden boşap gelen adamlaryň ýagdaýy hem kyn bolýar. Olar ýaşaýan ýerlerinde polisiýanyň hasabynda durýarlar, yzygiderli soraga çekilýärler. Baýramçylyklarda wagtlaýyn tussag astyna alynýarlar. Tussaglygy başdan geçiren adamlaryň ençemesine işe ýerleşmek we hatda öz jaýlarynda ýazga durmak elýeterli bolmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG