Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Russiýanyň atan 15 dronuny urdy – harbylar

Ukraina Russiýanyň atan 35 dronunyň 15-sini urdy.
Ukraina Russiýanyň atan 35 dronunyň 15-sini urdy.

30-njy ýanwarda irden Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri Russiýanyň atan 35 dronunyň 15-sini urdy. Bu barada harbylar maglumat berýär.

Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa dronlar bilen Ukrainanyň Mykolaýiw, Kirowohrad, Dnipropetrowsk, Poltawa we Harkiw regionlaryny nyşana alypdyr.

Harbylar Russiýanyň mundan başga Donetsk we Herson regionlaryna-da S-300 kysymly 10 raketany atandygyny aýtdylar. Maglumatda hüjümde heläk bolanlaryň we ýaralananlaryň hem bardygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG