Ukrainanyň harby howa hüjüminden goranyş güýçleri 2-nji fewralda Russiýanyň atan 24 dronunyň 11-ni urup düşürdiler.
Russiýa dronlar bilen Dnipropetrowsk, Herson, Kirowohrad we Harkiw regionlaryny nyşana aldy diýip, harbylar habar berdi.
Dnipropetrowskyň Krywiý Rih sebitine urlan zarbalardan soň, 40 müňden hem aşa adamyň elektrik üpjünçiligi kesildi. Bu barada ýerli resmiler mälim etdi.