Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina urşy bäşinji ýylyna gadam basany bilen, Ýewropa Hytaý baradaky agyr hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2025-nji ýylyň sentýabrynda Pekindäki Halkyň Beýik Zalynda geçirilen duşuşykda Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin bilen el gysyşýar.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2025-nji ýylyň sentýabrynda Pekindäki Halkyň Beýik Zalynda geçirilen duşuşykda Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin bilen el gysyşýar.

BRÝUSSEL — Russiýanyň Ukrainada giň gerimli çozuşy başlanaly bäri, Günbatar syýasatçylary diplomatik basyş we sanksiýalar arkaly Hytaýy Moskwa berýän goldawyny çäklendirmäge yrmak mümkinmi diýen meseläni ara alyp maslahatlaşýardylar.

Emma uruş bäşinji ýylyna giren mahaly, Hytaýyň goldawy has-da çuňlaşdy. Ýokary derejeli ýewropaly wekiller Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda Hytaýyň Russiýa möhüm ykdysady daýanç döredýändigini aýtdylar. Olaryň sözlerine görä, Hytaý energiýa satyn alyşlary we dron önümçiligi üçin zerur bolan möhüm minerallar arkaly Moskwany goldaýar. Şeýle hem mikroelektronika we senagat enjamlary ýaly iki maksatly harytlary yzygiderli iberýär.

“Şonuň üçin biz Hytaý bilen yzygiderli gepleşik alyp barýarys we olary bu gaçyp bolmajak hakykata gönükdirmäge synanyşýarys” diýip, adynyň aýdylmazlygyny islän ÝB diplomaty aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan wekiller we bilermenler Hytaýyň göni harby kömek bermekden saklanandygyny, emma Moskwa bilen ykdysady, tehnologiki we diplomatik hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldendigini aýdýarlar. Olar bu gatnaşyklaryň şu ýyl has-da artmagyna garaşýarlar we bu ýagdaý Ýewropa hökümetleriniň Pekine täsir etmegini has kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, Hytaý tarapynyň wekilleri başda urşuň ykdysady täsirleri barada alada eden bolsalar-da, soňra bu çaknyşygyň Ýewropany Aziýa däl-de Ukraina gönükdirip goýýandygy sebäpli Pekine peýdaly diýen netijä geldiler. Şeýle hem öňünden çaklanan ykdysady täsirler häzirki wagta çenli Hytaý üçin uly bolman, diňe garaşsyz kiçi nebiti gaýtadan işleýän zawodlara we giň ykdysadyýet bilen uly baglanyşygy bolmadyk hususy kompaniýalara täsir etdi.

“Hytaý uly täsirlere garaşmaýar, sebäbi häzirlikçe beýle täsirler ýok diýen ýaly” diýip, Berlinde ýerleşýän MERICS seljeriş merkeziniň uly bilermeni Ewa Seiwert Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. “Hytaý Ýewropanyň doly sanksiýa girizmejekdigini bilýär we öz goldawyny uly garşylyk döredip biljek çäkden aşyrmazlyga çalyşýar.”

Günbataryň doly garşylyk çärelerinden gaça durmak

2022-nji ýylyň fewralyndan bäri Brýussel birnäçe hytaý kompaniýasyny gara sanawa goşdy. Olar Russiýanyň söweş tagallalary bilen baglanyşykly üpjünçilik zynjyrlarynyň ýa-da maliýe akymlarynyň bir bölegi hökmünde görülýär. Bu sanawy ÝB-niň öňümizdäki 20-nji sanksiýa bukjasynyň çäginde has-da giňeldilmegine garaşylýar. Täze bukja 24-nji fewralda köpçülige yglan ediler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň gören taslama görnüşi bu sanawda birnäçe täze hytaý subýektleriniň bardygyny görkezýär.

Emma bu çäreler Hytaýyň goldawyny çäklendirmedi. Russiýanyň nebitiniň esasy alyjylarynyň biri bolan Hindistan soňky döwürde satyn alyşlaryny azaltmaga başlanda, Pekin onuň ornuny doldurdy. Kpler maglumat-analitika kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, soňky üç aýyň dowamynda artan Russiýa nebitiniň Hytaýa importy fewral aýynda rekord derejesine ýetdi.

Pensilwaniýa uniwersitetiniň Kleinman Energetika Syýasaty Merkeziniň we Perry Dünýä Öýiniň uly ylmy işgäri Benjamin Şmitt Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna “Pekiniň Moskwa berýän goldawyny çäklendirmek baradaky yglan edilen syýasat maksadyna laýyk derejede sanksiýalaryň we tehnologiýa eksportyna gözegçiligiň ýerine ýetirilmegi ýeterlik bolmady” diýip aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mesele has giňdir: sanksiýalar Günbatar hökümetleriniň olary ýerine ýetirmek mümkinçiliklerinden has çalt giňeldi.

“Netijede, sanksiýalaryň we eksport gözegçilikleriniň syýasy täsiri Atlantikanyň iki tarapyndaky kanun çykaryjylaryň kabul eden sanksiýa syýasatlarynyň geriminden yza galýar” diýip, öň ABŞ Döwlet departamentiniň wekili bolan Şmitt aýtdy.

Häzirki wagtda Hytaý Russiýanyň nebit eksportynyň 40 göteriminden gowragyny kabul edýär. Ol ýokary ähmiýetli iki maksatly harytlaryň esasy üpjün edijisine hem öwrüldi. Mundan başga-da, Hytaýyň ýolbaşçysy Si Szinpin giň gerimli çozuş başlanaly bäri Wladimir Putin bilen ýüzbe-ýüz ýa-da telefon arkaly 19 gezek duşuşyp, Russiýa garşy diplomatik basyşy gowşatmaga kömek etdi.

Ukrainanyň Liberal Demokratik Ligasynyň prezidenti Artur Haritonow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Hytaýdan gelýän harytlar we tehnologiýalar sebäpli “Russiýa bu urşy zerur bolşy ýaly dowam etdirip biler” diýdi.

Iki ýurt Günbatar sanksiýalaryndan gaça durmak üçin söwdany hem rubl we ýuan arkaly alyp barmaga hem geçdiler. Rus resmileriniň aýtmagyna görä, 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn söwdanyň 99 göterimi şu iki walýutada amala aşyryldy.

ÝB hem blok bilen Hytaýyň arasynda berk ykdysady gatnaşyklaryň bardygy sebäpli Pekine garşy giň gerimli pudaklaýyn sanksiýalardan saklandy.

2024-nji ýylda ÝB–Hytaý söwdasy takmynan 785 milliard dollara ýetdi, bu hem Ýewropa ýolbaşçylarynyň giň gerimli sanksiýalarda seresap bolmagynyň sebäbini görkezýär.

Estoniýanyň daşary işler ministri Margus Tsahkna Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Ýewropanyň belli bir derejede Hytaýa garaşly bolup galandygyny we ykdysadyýetini goramak bilen “öz aýagyna ok atmak” arasynda saýlamaly bolýandygyny aýtdy.

Ýewropanyň Hytaý meselesindäki dilemmasy

Ýewropa wekilleri diňe Si Szinpin bilen gatnaşygy dowam etdirip, onuň howpsuzlyk meselelerindäki pozisiýasyna täsir edip boljakdygyny öňe sürýärler.

“Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi bilen ähli gepleşiklerimde, premýer-ministrimiziň Si Szinpin bilen duşuşyklarynda we hatda köpçüligiň öňünde hem biz hemişe [Pekiniň] öz täsirini ulanmagyna garaşýandygymyzy aýdýarys” diýip, Portugaliýanyň daşary işler ministri Paulo Rangel Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Waşington bilen söwda dartgynlylygynyň arasynda Ýewropa ýolbaşçylary Pekin bilen gatnaşygy güýçlendirdiler. Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron 2025-nji ýylyň ahyrynda Hytaýa bardy, Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Keir Starmer hem şu ýyl sapar etdi, Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers bolsa şu aý sapar etmäge taýýarlanýar. ABŞ-nyň prezidenti

Donald Trampyň hem aprel aýynda Si bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Hytaýyň daşary işler ministri Wan Ýi 14-nji fewralda geçirilen Mýunhen Howpsuzlyk Maslahatynda Hytaýyň gönüden-göni tarap däldigini we Ukrainadaky syýasy çözgüt boýunça “soňky sözi” ýokdugyny aýtdy, emma Pekiniň parahatçylyk prosesine “öz ýolumyza görä doly goldaw berjekdigini” belledi.

Wan Mýunhende birnäçe ýewropaly wekiller, şol sanda Ukrainanyň daşary işler ministri Andriý Sybiha bilen duşuşdy. Sybiha Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna Kiýewiň Pekin bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanýandygyny aýtdy. Geçen ýyl Hytaý Ukrainanyň iň uly aýratyn söwda hyzmatdaşyna öwrülip, söwda dolanyşygy 21 milliard dollara ýetdi.

Germaniýanyň Marshall gaznasynyň işgäri we öňki ÝB-niň ýokary derejeli wekili Gunnar Wiegand Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna “Hytaý Russiýanyň ýeňilmegini islemeýär, emma gapdalynda ýeňişli Russiýanyň bolmagyny hem islemeýär” diýdi. “Şonuň üçin olar Ukraina bilen gatnaşyklaryny saklap, şol bir wagtyň özünde onuň territorial bitewiligini goldaýandyklaryny nygtaýarlar.”

Soňky onýyllyklarda Hytaý bilen Russiýanyň gatnaşygy Sowuk uruş döwründäki garşydaşlykdan Si we Putin döwründäki ýakyn hyzmatdaşlyga öwrüldi.

Günbatar wekillerini aýtmagyna görä, Pekin bilen Moskwanyň arasynda ynamsyzlyk galýar, emma Günbatar basyşyna garşy umumy garşylyk olaryň tapawutlaryndan has güýçlidir.

Ukrain Sinologlar Assosiasiýasynyň geňeş agzasy Wita Holod Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna: “Hytaý Russiýany halas etmeýär, emma Ukrainany hem halas etmeýär. Bu strategik hytaý bitaraplygynyň bir görnüşi” diýdi.

Forum

XS
SM
MD
LG