Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky urşa gatnaşmakda 'güman edilýänleriň' Türkmenistandaky ýakynlary soraga çekilýär

Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň güýç edaralary Orsýete we Ukraina zähmet migrasiýasyna giden raýatlaryň hossalaryny soraga çekýärler. Bu barada Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we birnäçe çeşmesi habar berdi. Ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň sözlerine görä, türkmen häkimiýetlerini şol raýatlaryň Orsýetiň Ukrainada alyp barýan urşuna gatnaşyp-gatnaşmazlygy gyzyklandyrýar.

"Russiýa we Ukraina döwletlerine iş gözlegine giden adamlaryň arasynda urşa gatnaşmakda güman edilenleriň hossarlary we ýakyn tanyşlary sorag astyna alynýar" diýip, hökümete ýakyn çeşme 25-nji oktýabrda aýtdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gepleşen birnäçe çeşmäniň sözlerine görä, sorag edişler ýurduň dürli ýerlerinde geçirilýär.

Ahal welaýatyndaky ýagdaý barada habar beren çeşmeler MHM-niň ýerli işgärleriniň soraga migrantlaryň diňe maşgala agzalaryny däl-de, eýsem tanyşlaryny hem çagyrýandygyny gürrüň berdiler.

"Olar meniň dostum bilen IMO-da ýazyşan hatlarymy görkezip, yzly-yzyna soraga çekdiler. 'Bilýäniňi aýt ýa-da seni-de hem urşa gitmek höwes barmy?' diýip, 'dogryňy aýtmasaň seni türmä basarys' diýip haýbat atýarlar we menden ony tapyp bermegi talap edýärler" diýip, ahally ýaşaýjy aýtdy.

Sorag edişlerden habarly ýene bir çeşme häkimiýetleriň gysga möhletli wiza bilen Orsýete giden raýatlary anyklap, olaryň nirededigi we näme bilen meşgullanýandygy barada maglumat toplamaga synanyşýandygyny belledi. Azatlyk Radiosy çeşmeleriň anonimlik şertinde beren bu maglumatlaryny Türkmenistanyň kanun çykary edaralarynyň wekillerinden resmi görnüşde tassyklap bilmedi.

Bu ýagdaý türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmeginiň güýçli akymy we Orsýete gidýänleriň arasynda Ukrainada uruş alyp barýan rus goşunynyň düzümine goşulýan türkmen raýatlary baradaky habarlaryň arasynda ýüze çykdy. Mundan öň Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň Orsýetdäki türkmen migrantlary barada maglumat toplaýandygyny we bu ýurda indi gitjeklere gitmezlik barada duýduryş berýändigini habar beripdi.

Azatlyk Radiosy bilen soňky bir ýyla golaý wagt bäri söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi zähmet migrasiýasyna giden tanyşlarynyň arasynda Orsýetde rus goşunynyň hataryna meýletin goşulanlaryň bardygyny gürrüň beripdi.

'Urşa gitmek baradaky gürrüňden soň habar bolmady'

Adynyň agzalmazlygyny soran ahally bir ýaşaýjy 26-njy oktýabrda beren maglumatynda öz tanşynyň Orsýete gidişi barada jikme-jik gürrüň berdi: "Meniň bir dostum Russiýa döwletine iş gözlegine gitdi, ol Türkmenistanda fabrikde işläpdi, emma işgärleriň aýlyklary hemişe 4-5 aý gijikdirilip berlerdi. Käte kärhana işgärleriň zähmet hakynyň bir bölegini pula derek, towuk, ördek etini berlip, hasaplaşardy. Ol bir gün 'beýle ýaşap boljak däl, galsam basym çagalarym açlykdan ölýär, bergä batdym, diýip, üç aýlyk rus wizasy bilen gitdi".

Ahally ýaşaýjynyň sözlerine görä, onuň dosty bir gün jaň edip, Orsýetde wiza möhletiniň gutaryp barýandygyny aýdypdyr we özüne Orsýetiň goranmak ministrligi bilen şertnama gol çekmegiň teklip edilýändigini aýdypdyr.

"Maňa Russiýa döwletiniň harby bölümleriniň biri urşa gatnaşmak üçin kontrakty teklip edýär, onlarça müň dollar hödürleýär. Bir tarapdan kontrakta gol goýsam, urşa gidip bergiden çykaryn. Bärde Russiýa döwletinde raýatlyk berjek hem diýýärler" diýip, türkmenistanly öz tanşyndan şol gürrüňden soň habar bolmandygyny, hatda maşgalasynyň hem onuň ykbalyndan bihabar galandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň hökümet resmileri we döwlet mediasy türkmen raýatlarynyň Ukrainadaky urşa gatnaşmagy meselesini şu çaka çenli açyk agzamady, hatda Orsýetiň Ukrainada 2022-nji ýylyň fewralyndan bäri alyp barýan urşy barada hem resmi pozisiýasyny yglan etmedi.

Şol bir wagtda ukrain tarapy rus goşunynyň düzüminde Ukrainada söweşýän türkmen raýatlary barada maglumatlary yzygiderli täzeleýär.

Ukrainada söweşen 35 türkmen raýaty öz hossarlary tarapyndan gözlenýär

Ukrain hökümetiniň ýanyndaky "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň şu aýda çap eden sanlaryna görä, Orsýetiň Goranmak ministrligi bilen kontrakta gol çeken türkmen raýatlarynyň sany 2023-nji ýyldan bäri esli köpelip, 64 adamdan 2025-nji ýylda 287 adama ýetipdir.

Proýektiň ýolbaşçysy Witaliý Matwienko oktýabryn başynda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda munuň diňe tassyklap bolan sandygyny aýdyp, hakyky sanlaryň has köp bolmagynyň çak edilýändigini aýtdy.

"Biziň sanlarymyza düşünmek üçin, bu Orsýetiň daşary ýurtlulary hakyna tutmagyna degişli tassyklanan minimal sanlardyr. Daşary ýurtlaryň raýatlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynyň çekilmeginiň doly möçberi has köp bolup biler" diýip, Matwienko aýtdy. Ol rus goşunyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň raýatlarynyň "hakyna tutulmagynyň çynlakaý depginini görýäris" diýip, sözüne goşdy.

Şeýle-de, "Ýaşamak isleýärin" proýektiň ýolbaşçysy rus goşunynda söweşip, dereksiz ýiten hossarlaryny gözläp, ýüzlenýän daşary ýurtlularyň köpdügini habar berdi. Onuň sözlerine görä, şu günki gün proýekte Türkmenistandan 35 adamyň garyndaşlary ýüz tutupdyr. Matwienko ýesir düşen hossarlaryny gözleýänlere ýardam üçin "Tapmak isleýärin" ("Hoçu naýti") atly proýektiň döredilendigini habar berdi.

Proýektiň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryna çenli Orsýet Ukraina garşy söweşmek üçin Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň - Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň 20 müňden gowrak raýatyny hakyna tutupdyr. "Bu bolsa rus goşunynda anyklanan daşary ýurtly hakyna tutulan esgerleriň umumy sanynyň 44% -ni düzýär, başgaça aýdylanda, Russiýanyň ýaragly güýçlerinde her iki daşary ýurtly hakyna tutulan esgeriň biri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatydyr. Deňeşdirmek üçin, Orsýetiň ýaragly güýçlerinde söweşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň raýatlarynyň sany Täjigistanyň tutuş goşunyndaky işjeň gullukçylaryň sanyndan köp" diýip, proýektiň awtorlary belleýär.

"Ýaşamak isleýärin" proýekti Ukrainada söweşýän rus goşunynyň düzümindäki hakyna tutulan daşary ýurtlularyň frontuň öň liniýasyna ugradylýandygyny we olaryň köpüsiniň söweşe gatnaşmagynyň ilkinji aýlarynda ýogalýandygyny, ýa-da ýaralanýandygyny we ýesir düşýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň hökümet resmileriniň bu maglumatlar dogrusynda açyk reaksiýasy çap edilmedi. Şol bir wagtda Azatlygyň çeşmeleri Ukrainadaky urşa gatnaşan türkmen raýatlaryny Türkmenistana gaýtarmak boýunça käbir çäreleriň görülýändigini aýdýarlar. "Olary Moskwadan getirmek üçin 21-nji oktýabrda Türkmenistandan bir topar ugradylypdyr" diýip, ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme anonimlik şertinde aýtdy. Bu maglumaty garaşsyz çeşmelerden entek tassyklap bolmady.

Türkmenistanyň kanunçylygynda daşary ýurtlarda hakyna tutulyp, harby hereketlere gatnaşan türkmen raýatlary babatynda jenaýat jogapkärçiligi göz öňünde tutulýar.

Jenaýat kodeksiniň 2022-nji ýylda täzelenen görnüşiniň 176, 177, 178-nji maddalaryna görä, hakyna tutma esgerlige çeken hem-de çekilen raýatlaryň madda görä, türme tussaglygyna höküm edilmegi we emläginden mahrum edilmegi göz öňünde tutulýar.

Kanuna görä, Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara ýa-da harby operasiýalara gatnaşmagy, emlägini konfiskasiýa edip ýa-da konfiskasiýa etmezden, üç ýyldan sekiz ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek bilen jezalandyrylýar. Eger esgeriň uruş döwründe azyndan bir adamy öldürendigi subut edilse, jeza onuň emlägini konfiskasiýa etmek bilen 10 ýyldan 25 ýyla çenli tussaglygy göz öňünde tutýar.

Merkezi Azýanynyň beýleki ýurtlarynda urşa gatnaşan raýatlar barada çäre görülýär.

Gazagystanda, Özbegistanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda sud edilen raýatlar barada habarlaryň birnäçesi çap bolupdy.

Oktýabr aýynyň başynda Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi, Orsýetdäki gyrgyz migrantlarynyň Ukraina garşy urşa gatnaşmaga mejbur edilýändigi barada maglumatlaryň gelip gowşandygyny habar berdi. "Ýaşamak isleýärin" proýektiniň Russiýanyň tarapynda takmynan 2200 sany Gyrgyzystan raýatynyň söweşýändigi barada çap eden habarynyň yz ýany Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew ministrligiň bu raýatlara öz ýurduna dolanmaga kömek etmäge synanyşýandygyny aýtdy, emma ol raýatlaryň hakyna tutulmagy baradaky habarlaryň hemişe-de wagtynda gowuşmaýandygyny belledi.

Bu aralykda Merkezi Aziýa ýurtlary söweş tejribesi bolan, köpüsi psihologiki taýdan täsirlenen we zorlukly hereketlere meýilli raýatlarynyň uruşdan soň ýurduna gaýdyp gelmegi problemasy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Ýaňy-ýakynda Täjigistanda Ukrainada Orsýetiň tarapynda söweşen öňki migrant işçi tarapyndan edilendigi aýdylýan jenaýatçylygyň üsti açyldy. Täjigistanyň demirgazygyndaky kiçijik Isfara şäherinde iki sany pul çalyşyjynyň öldürilmegi ýurtda köp adamy sarsdyrdy. Azatlyk Radiosynyň täjik gullugynyň çeşmelerine görä, bu jenaýaty amala aşyrmakda Orsýetiň Ukraina garşy alyp barýan urşuna gatnaşyp, ýakynda öýüne dolanan bir erkek adam güman edilýär.

Urşa gatnaşanlaryň zorlukly hereketlere baş goşmagy bäş ýyla golaý wagt bäri goňşy ýurdunda urşy alyp barýan Orsýetiň özünde-de ýaýbaňlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

​
XS
SM
MD
LG