Türkmenistanda maddy baýlygy boýunça umumy halk köpçüliginden belli bir derejede saýlanan, il içinde ‘baý’ diýilýän adamlar özara ýaryşyp ýaşaýarlar, ‘garyplar’ diýilýänler gitdigiçe çökýär, olaryň ýüz tutara gapysy ýok diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Synçylar häkimiýetleriň ilatyň belli bir böleginiň o ýa-da beýleki görnüşde baýamagyna, bikanun gazanç etmegine ‘göz ýumýandygyny’, ýönekeý, arkasyz adamlary bolsa, dürli gadaganlyklar, jerimeler bilen ‘ezýändigini’ öňe sürýärler.
Birleri üçin ähli gapy açyk, beýlekiler 'diňe kösenmeli'
Kanunlaryň hemmeler üçin deň ulanylmazlygy jemgyýetiň wagtynda gowy bilim alyp bilmedik, öz hukuklaryny gowy bilmeýän ýa-da güýç gurluşlarynyň wekilleriniň ‘elini ýaglamaýan’ böleginiň gitdigiçe kyn ýagdaýa düşmegine, barha beter ezilmegine alyp gelýär, metbugat bu meselelerden çetde durýar diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran pedagog aýtdy.
“Barly adamlaryň ähli gapysy açyk, olaryň her ýerde garyndaşy bar, garybyň barar ýaly gapysy ýok, başarsa daşary ýurda gitjek bolýar. Saglyk meselesi bolsun, bilim meselesi bolsun, hatda dükana çörek almaga baran adamlar hem gapjygyna seredilip kabul edilýär'' diýip, söhbetdeşimiz deňsizligiň daşyndan häzirki dolandyryş syýasatyny güýçli ýaly edip görkezýändigini, ýöne hakykatda munuň beýle däldigini aýtdy.
Onuň pikiriçe, ýokardan döredilen we goldanylýan deňsizlik hökümetiň il ýüzüne wagyz edýän jebisligine, agzybirligine ters gelýär we jemgyýetdäki adamlaryň arasynda bir-birege bolan duşmançylygyň, ýigrenjiň köpelmegine, umumy ynamsyzlyga alyp gelýär.
Azatlygyň habarçylary ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we az aýlyklaryň maşgala, miras dawalaryny köpeldip, bir-biri bilen gürleşmeýän, toý-ýasda hem gatnaşmaýan ataly-ogullaryň, doganlaryň, ýakyn garyndaşlaryň, aýrylyşýan är-aýallaryň sanyny ozallar hiç wagt görülmedik derejede artdyrandygyny habar beripdiler. Emma häkimiýetler bu meseleler boýunça ne resmi düşündiriş berýärler, ne-de söz, metbugat azatlygy baradaky kanunlaryň işlemegine ýol berýärler.
Ýönekeý adamlar metbugata, ýolbaşçylara 'ynanmaýar'
Aýry-aýrylykda gürleşilen ýaşaýjylaryň sözlerine görä, adamlaryň bir bölegi üçin bikanun baýamak şertleriniň döredilmegi ýurtdaky adalatsyzlyklary, deňsizligi dowamly ulaldýar, ýönekeý adamlaryň döwlet ýolbaşçylaryna, resmi habarlara bolan ynamyny azaldýar.
Deňsizligiň döredýän meseleleri baradaky maglumat, ýylyň esasy ykdysady görkezijileriniň biri hökmünde, jemi içerki önümiň (JIÖ) 6,3 göterim artandygy baradaky habaryň çap edilen wagtyna gabat geldi.
11-nji iýulda çap edilen habarda bellenmegine görä, milli ykdysadyýet durnukly ösüş depginini saklaýar, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberi 10,4 göterim artdy.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, hökümet ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde oňyn ösüş depgininiň gazanylandygyny, hasabat döwründe zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda hem-de doly möçberde maliýeleşdirilendigini tekrarlady.
Şeýle-de, prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýene bir gezek ýurduň maliýe-ykdysady pudagy üçin esasy wezipeleri kesgitläp, “milli pul hümmetiniň durnuklylygyny saklamaga we döwlet serişdelerini netijeli dolandyrmaga aýratyn üns berilmelidigini” aýdandygy habar berilýär.
Anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ykdysatçy hökümet mejlisinde yglan edilýän sanlaryň, döwlet serişdelerini netijeli dolandyrmak barada aýdylýanlaryň durmuş reallyklaryna ‘gabat gelmeýändigini we deňsizligiň ýyl-ýyldan ösýändigini’ öňe sürdi.
'Adamlar gorkup, bilýänini aýdyp bilmeýär'
Aýry-aýrylykda gürleşen adamlar ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň we az aýlyklaryň repressiýa bilen goşulyp, adamlary gürlemekden, pikir etmekden çekiner ýaly edendigini, ýogsa, döwlet eýeçiligindäki metbugatdaky habarlar bilen öz durmuşlarynyň arasyndaky tapawudy görýän we aýdyp biljek adamlaryň kändigini bellediler.
''Deňsizlik ýurduň gowşamagyna, ejiz bir hala düşmegine getirýär. Aslynda hökümet adamlary gepletmän, özüçe, utýan diýip pikir edip biler, belki, şeýle pikir edýändirem, ýöne wagty geler, bilimli kadrlar azalyp, ýurt doly çöker, ýatyp iýene dag hem gutarypdyr'' diýip, bilim işgäri aýtdy.
Türkmenistanda bilimli, hünärli kadrlaryň daşary ýurtlara işlemäge gitmegi 1990-njy ýyllaryň ortalarynda başlandy we bu ‘çykalga’ soňky on ýylda has ýörgünli boldy, emma häkimiýetler bu meseläni, şeýle-de meýdan işlerinde döreýän işçi ýetmezçiligini resmi ýagdaýda boýun almaýarlar.
Halkara hukuk toparlarynyň hasabatlarynda dünýäniň iň bir repressiw, ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda syýasy tussag, wyždan ýesiri hasaplanylýan adamlaryň sanyny bilmek kyn, ýerli synçylar il içinde ''Bir adam gürlese, şol bada ýygnalýar, ýitirim edilýär'' diýen pikiriň giň ýaýrandygyny, howpsuzlyk işgärleriniň halky gorky, wehim bilen basyp saklamaga çalyşýandygyny, bu usulyň häzirlikçe ‘işleýändigini’ aýdýarlar.
Türkmenistandan ýurtdaky ilatyň garyplyk derejesini görkezýän ygtybarly sanlary almak mümkinçiligi ýok, döwlet eýeçiligindäki metbugat, resmiler garyplyk, deňsizlik düşünjelerini tasdan ulanmaýar, hökümet 2026-njy ýylda aýlyklary, kömek pullaryny köpeltmedi.
Azatlyk jemgyýetde deňsizligiň döredýän meseleleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum