Garaşsyz neşir welosipedçiler birleşiginiň Gurbanguly Berdimuhamedowa beren medalynyň galp bolup görünýnädigini habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 24-nji iýunda Aşgabatda Halkara welosiped birleşiginiň (UCI) wise-prezidenti, Aziýa welosiped konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafar bilen duşuşdy we, neşiriň ýazmagyna görä, döwlet baştutany oňa welosiped sportunyň dürli ugurlarynda uly halkara ýaryşlaryny geçirmek üçin Aşgabatda gurlan olimpiýa şäherçesindäki ýapyk aýlaw ýoluny ulanmagy teklip etdi.
Habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylda UCI-niň başlygy Deýwid Lappartient we ARETI halkara kompaniýalar toparynyň başlygy Igor Makarow (UCI-niň dolandyryş komitetiniň agzasy) bilen 2021-nji ýyldaky tigir sürmek çempionatyny Aşgabatda geçirmek ylalaşygyna geldi.
Lappartient 2020-nji ýylda Gurbanguly Berdimuhamedowa UCI medalyny gowşurdy. Şonda aýdylmagyna görä, bu guramanyň “aýratyn tapawutlanan adamlara berilýän iň ýokary baýragydy we, sport guramasynyň emeldarynyň tassyklamagyna görä, “2007-nji ýyldan bäri beýle medaly alyp bilen bolmandy”.
“Türkmenistanyň Hronikasy” Türkmenistanyň soňra, koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, tigir sürmek çempionatyny Aşgabatda geçirmekden ýüz öwrendigini belleýär.
Şu aralykda, “Eurasianet” neşiri Fransiýanyň “Le Monde” gazetinde UCI-däki korrupsiýa barada ýazylan makala ünsi çekdi we onda Lappartientiň aýtmagyna görä, Berdimuhamedowa berlen “iň ýokary medal” asla ýokary medal däl eken.
“Men oňa [Gurbanguly Berdimuhamedowa] medal gowşurdym we onuň guramanyň iň ýokary tapawutlandyryş nyşanydygyny aýtdym, ýöne bu beýle däldi ... Ol adaty bir medaldy, beýle tarapyna oýulan ýazgy ýazypdyk. Munuň bahasy bolubilse 50 ýewro bolup biler" diýip, Lappartient “Le Monde” gazetine aýdypdyr.