Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Welosipedçiler neşiri Berdimuhamedow-Makarow hyzmatdaşlygyndaky 'syrly sylagy' sorag astyna alýar


Aşgabat. Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Makarow bilen gezim edýär. Arhiw suraty
Aşgabat. Gurbanguly Berdimuhamedow Igor Makarow bilen gezim edýär. Arhiw suraty

“Cyclingnews.com” Makarowy “gurjak ussasy” hökmünde häsiýetlendirýär we sport guramasynyň ýolbaşçylary bilen awtoritar režimli ýurduň prezidentiniň arasyndaky 'saçakly gatnaşyklary', ozal hic kime berilmedik "syrly sylagy" sorag astyna alýar.

Welosipedçiler barada maglumat berýän neşir Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Türkmenistanyň prezidentine gowşuran, emma guramanyň websaýtynda aýdylmadyk “syrly sylagyna” bagyşlap, uly göwrümli makala çap etdi, onda Aşgabat bilen baglaşylýan ylalaşyklarda etika we bähbit çaknyşyklary meselesi gozgalýar.

TDH 2-nji iýunda, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň prezidenti Dawid Lappartýen hem-de ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygynyň geçirilendigini habar berdi.


Neşiriň ýazmagyna görä, Dawid Lappartýen Berdimuhamedowa Halkara welosipedçiler birleşiginiň iň ýokary sylagyny hem-de degişli sertifikatyny görkezip, onuň görnükli şahsyýetlere, welosiped sportuny ösdürmäge uly goşant goşan ýokary wezipeli syýasy işgärlere gowşurylýandygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, “Cyclingnews.com” Makarowy “gurjak ussasy” hökmünde häsiýetlendirýär we sport guramasynyň ýolbaşçylary bilen awtoritar režimli ýurduň prezidentiniň arasyndaky 'saçakly gatnaşyklary', 2004-nji ýylda döredilendigi aýdylýan, emma mundan ozal hic kime berilmedik "syrly sylagy" sorag astyna alýar.

Halkara welosipedçiler birleşigi adam hukuklary boýunça "gorkunç" diýlip häsiýetlendirilýän Türkmenistanyň prezidentine guramanyň ýokary derejeli sylagynyň berlendigini tassyk etdi, emma birleşigiň öňki prezidentleri bu baýrak barada kän zat bilmeýär diýip, makalada bellenýär.


Neşiriň ýazmagyna görä, türkmen prezidentine berlen sylag barada açyk aýdylmazlygy birleşigiň agzasynyň, Türkmenistanda doglan Igor Makarowyň merkezinde durýan çylşyrymly häkimiýet gurluşlaryna ünsi çekdi.

Makalada Makarowyň öz nebit-gaz kompaniýasynyň girdejili şertnamalara eýe bolan ýurduna mundan öň Welosipedçiler birleşiginiň üç prezidentini döwlet saparlaryna alyp barandygy hem ýatladylýar.

TDH-nyň geçen ýylyň awgustynda beren maglumatyna görä, G. Berdimuhamedow ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I. Makarowy Türkmenistanyň prezidenitiniň nebit-gaz meseleleri boýunça geňeçisiniň ekpert-hünärmeni wezipesine belledi.


2018-nji ýylda türkmen paýtagty Aşgabadyň 2021-nji ýylda “UCI Track World Championships” ýaryşlarynyň geçjek ýeri diýlip yglan edildi, türkmen mediasyndaky soňky habarlary bolsa, 2026-njy ýylda geçiriljek “Road Worlds” ýaryşlarynyň hem şu ýerde boljagyndan yşarat edýär diýip, makalada aýdylýar.

Mälim bolşy ýaly, adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistany awtoritar režimli, söz, pikir beýan etmek, din, hereket, maglumat almak we synsy gatnaşyk azatlyklaryny gazaply çäklendirýän ýurt hökmünde suratlandyrýar.


Dolandyryjy guramanyň berip biljek "iň ýokary tapawutlandyryş" sylagydygyna garamazdan, Berdimuhamedowa berlen baýrak barada guramanyň web sahypasynda hem, sosial media kanallarynda hem hiç zat aýdylmady diýip, Berdimuhamedow bilen Makarow arasynda gurlan hyzmatdaşlyga syn berilýän makalada aýdylýar.

Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä 2.1 milliard dollarlyk baýlygy bolan Igor Makarow 1962-nji ýylda Aşgabatda doguldy we 1983-nji ýylda Türkmenistanyň häzir Magtymgulynyň adyny göterýän Döwlet uniwersitetini tamamlady.

Media maglumatlaryna görä, 2015-njy ýyldan öňki ady ITERA bolan ARETI kompaniýasy 90-njy ýyllarda Türkmenistanyň gazynyň Russiýadan daşary ýurtlara eksport edilmeginde uly rol oýnady.

2010-njy ýylda düýbi Londonda ýerleşýän Global Witness guramasy Makarowyň ýolbaşçylygyndaky ITERA kompaniýasynyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bahasy 60 million dollara barabar bolan “Galkynyş” atly kaşaň gämini sowgat berendigini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG