Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ust-Lugadaky köpçülikleýin çaknyşykdan soň, gazak raýatlary tussag edildi

Orsýetiň Ust-Luga porty
Orsýetiň Ust-Luga porty

Orsýetiň Ust-Luga gezekli işçiler şäherçesinde bolan köpçülikleýin içerki çaknyşykdan soň, Gazagystanyň raýatlary tussag edildi. Olaryň bir bölegine 10 gije-gündizlik tussaglyk hökümi çykaryldy, ýene üç sanysy bolsa derňew astynda galýar.

Gazagystanyň Sankt-Peterburgdaky Baş konsullygynyň maglumatyna görä, diplomatlar 28-nji martda gazak raýatlary, şol sanda tussag edilenler bilen duşuşdylar. Bu wakadan soň dürli ýurtlardan bolan 30-dan gowrak adam tussag edildi, ýöne köpüsi tiz boşadyldy.

Diplomatik missiýanyň maglumatyna görä, gazak raýatlarynyň arasynda ýaraly bolan ýok we olaryň hemmesine konsullyk we hukuk kömegi berilýär. Häzirki wagtda obadaky ýagdaý durnuklaşdy we derňew işleri dowam edýär.

26-njy marta geçilýän gije Ust-Lugada birnäçe ýüz işçiniň gatnaşmagynda bolan çaknyşyk köpçülikleýin bidüzgünçilige ýazdy. Waka özara dawa bilen başlandy we ol çalt ulaldy.

Ust-Luga Orsýetiň Leningrad sebitindäki iň uly port taslamalarynyň biri bolup, onda müňlerçe gezekli işçi, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen migrant işçiler işleýär. Habar beriş serişdeleri şuňa meňzeş gurluşyk meýdançalarynda iş we ýaşaýyş şertleri bilen baglanyşykly döreýän gapma-garşylyklar barada mundan öňem habar beripdiler.

XS
SM
MD
LG