Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýaly ýük ulag sürüjileri Ukraina bilen serhediň golaýynda protest geçirýär


Zahony serhet geçelgesi (arhiw suraty)
Zahony serhet geçelgesi (arhiw suraty)

Wengriýaly ýük ulag sürüjileri 11-nji dekabrda ýurduň Ukraina bilen esasy serhet geçelgesiniň golaýynda protest geçirip, ukrainaly sürüjileriň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hereketlerine çäklendirme girizmegi talap edýärler.

Polisiýa protest çäresine rugsat berdi.

Onuň dowamynda onlarça ýük ulagynyň Zahony serhet geçelgesinden gaýdýan esasy ýoldaky hereketi bölekleýin petiklemegine garaşylýar.

Polisiýa protest çäresiniň näçe wagt dowam etjekdigini aýdyňlaşdyrmady.

Emma käbir ýerli neşirler protesti dekabryň aýagyna çenli dowam etdirmek göz öňünde tutulýandygyny ýazýarlar.

XS
SM
MD
LG