Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“WikiLeaksiň” esaslandyryjysy Julian Assanj azatlyga çykdy


Julian Assanj 
Julian Assanj 

“WikiLeaksiň” esaslandyryjysy Julian Assanj 26-njy iýunda ABŞ-nyň Ýuwaş umman adasynyň çägindäki Seýpan kazyýetinde ABŞ-nyň içalyçylyk kanunyny bozandygyny boýun alanyndan soň, göni Awstraliýa gitmegine rugsat beren ylalaşyk esasynda azatlyga çykdy.

Onuň azatlyga çykmagy 14 ýyllyk kanuny külpetlerini tamamlaýar. Assanj bu döwrüň bäş ýyldan gowragyny Amgliýanyň ýokary howpsuzlyk düzgünli türmesinde, ýedi ýylyny bolsa Londondaky Ekwador ilçihanasynda bosgunlykda, ABŞ-a ekstradisiýa edilmegine garşy göreşip geçirdi.

ABŞ-da oňa şol wagt 18 sany jenaýat aýyplamasy garaşýardy.

XS
SM
MD
LG