Wakalara baý ýylyň başynda Donald Tramp dabara bilen prezidentlik wezipesine girişdi. Ýylyň dowamynda Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy harby ýeňişler gazanyldy, Orsýetiň dürli künjeklerinde hökümete garşy protest çäreleri geçirildi we birnäçe döwletde terror hüjümleri amala aşyryldy. Aşakdaky suratlar 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryndan käbirlerini görkezýär.
2017-nji ýyl suratlarda
25
Meýletinçiler Hýustonyň gündogarynda turan “Harweý” harasatyndan halas edilenleriň gaýyklaryny çekmäge kömekleşýär. 28-nji awgust, 2017. (Reuters/Adris Latif)
26
Rus rewolusiýasyndan takmynan 100 ýyl soň Sankt Peterburgda bir işçi Wladimir Leniniň heýkelini ýuwýar. 28-nji sentýabr, 2017. (AFP/Olga Maltsewa)
27
Merkezi Ukrainanyň Kalyniwka şäherindäki ok-däri ammarynda dörän partlamada ot-ýalyn we tüsse asmana göterilýär. 27-nji sentýabr, 2017. 30 müňe golaý adam ewakuasiýa edildi. (Reuters/Gleb Garaniç)
28
Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen ýörişde referendumda garaşsyzylygy goldan demonstrasiýaçylaryň zyňan ses bukjalarynyň üstünden Kataloniýanyň baýdagyny oranyp, ýöräp barýan bir aýal. 1-nji oktýabr, 2017. (AP/Emilio Morenatti)