Wakalara baý ýylyň başynda Donald Tramp dabara bilen prezidentlik wezipesine girişdi. Ýylyň dowamynda Siriýada we Yrakda “Yslam döwletiniň” jeňçilerine garşy harby ýeňişler gazanyldy, Orsýetiň dürli künjeklerinde hökümete garşy protest çäreleri geçirildi we birnäçe döwletde terror hüjümleri amala aşyryldy. Aşakdaky suratlar 2017-nji ýylyň möhüm wakalaryndan käbirlerini görkezýär.
2017-nji ýyl suratlarda
33
Günbatar Owganystanyň Herat welaýatynda owgan zenanlar zapgyran gülüni çöpleýär. 5-nji noýabr, 2017. Zapgyran bu dünýäniň iň gymmat bahaly tagam berijisi bolup, owgan hökümeti daýhanlary göknara derek zapgyran ekmäge höweslendirýär. (EPA-EFE/Jalil Rezaýy)
34
Günbatar Eýranyň Sarpol-e Zahab şäherinde 7.3 magnitutlyk ýer yranmasyndan soň ýaşaýyjylar oduň daşyna üýşüp dur. 13-nji noýabr, 2017. (AFP/ISNA/Puriýa Pakizeh)
35
Pakistanyň howpsuzlyk resmisi Peşawarda ýokary derejeli bir polisiýanyň ulagyna edilen hüjümden soň awtoulagyň döwülen öňki aýnasyny barlaýar. 24-nji noýabr, 2017. (EPA-EFE/Arşad Arbab)
36
Piksel lakamly 22 ýaşly ukrain esgeri odun çapýar. Bu gündogar Ukrainanyň Pisky obasynda ýylanmagyň ýeke-täk usuly. 2-nji dekabr, 2017. (AÝ/AR, Mariam Kuşnir)