Norwegiýaly suratkeş Edward Munkuň “Wägiriş” atly eseri häzire çenli auksiýa çykarylan iň gymmat bahaly surat bolup, dünýä metbugatlarynyň baş temalarynyň birine öwrüldi. Azatlyk Radiosy häzire çenli uly pula satylan beýleki eserlere hem göz aýlady.
Dünýäniň iň gymmat kartinalary

1
“Sotheby” kompaniýasynyň işgärleri norwegiýaly suratkeş Edward Munçuň 1895-nji ýylda çeken “Wägiriş” atly suratyny saklap durlar.

2
Bu iş 2-nji maýda Londondaky auksiýonda 120 million dollara satylyp, auksion rekordyny goýdy.

3
Häzire çenli iň gymmat baha satylan surat Paul Sezanneniň “Kart oýunçylary” (1890-92) atly işi boldy. Bu surat geçen ýyl 250 million dollara satyldy.

4
Awstriýaly Gustaw Klimtiň suraty hem uly pula satyldy. “Adele Bloch-Bauer I” atly bu işini 2006-njy ýylda 135 million dollara satyn aldylar.