Norwegiýaly suratkeş Edward Munkuň “Wägiriş” atly eseri häzire çenli auksiýa çykarylan iň gymmat bahaly surat bolup, dünýä metbugatlarynyň baş temalarynyň birine öwrüldi. Azatlyk Radiosy häzire çenli uly pula satylan beýleki eserlere hem göz aýlady.
Dünýäniň iň gymmat kartinalary
9
Endi Warholyň “Sekiz Elwis” (1963) suratynyň 2009-njy ýylda 100 million dollara satylandygy aýdylýar.
10
Jekson Pollagyň “No.5” (1948) atly abstrakt işi iň gymmat satylan ikinji surat hökmünde bilinýär. Käbir maglumatlara görä, ol 2006-njy ýylda 140 million dollara satylypdyr.
11
Gollandiýaly suratkeş Willem de Kuningiň “Woman III” (1963) eseri dünýäde häzire çenli satylan üçünji iň gymmat surat hasaplanýar. Onuň 2006-njy ýylda $137 milliona satyldy.
12
Londonyň Milli galereýasy we Edinburgdaky Şotlandiýanyň Milli galereýasy Titianyň “Diana we Kallisto” işiniň nyrhyny 72 million dollar diýip kesgitledi.