Belarusda okaýan birinji ýyl talyp Pena (ady üýtgedildi - red.) atasynyň patasyna gatnaşmak üçin birnäçe hepde ozal Ahal welaýatyndaky öýüne gaýdyp geldi. Ýaş ýigit okuw jaýyndan iki hepde töweregi rugsat alypdy, yzyna gitmek üçin elinde uçar bileti hem bardy. Emma dört gün soň öýlerine Penanyň adyna harby wekillikden çakylyk haty geldi. Bu barada ýigidiň kakasy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.
Öýdäkiler oňa harby wekillige baryp gaýtmagy maslahat berdiler. "Biz oglumyz okuwa gitmänkä, ony gullukdan alyp galmak üçin para beripdik. Häzir hiç zat etmezler, gulluga äkitmezler diýip çakladyk" diýip, kakasy ýatlaýar.
Onuň sözlerine görä, Pena harby wekillige baransoň, şol ýerden öýüne jaň edip: "Meni harby gulluga äkitmekçi bolýarlar" diýipdir. Şondan soň ol harby gulluga alnyp gidilipdir we okuwyna dolanyp bilmändir.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli makalada käbir adam, ýer atlary we anyk seneler doly aýan edilmeýär.
"Alty aýlyk hat"
Pena orta mekdebi tamamlandan soň, maşgalasy ony daşary ýurda okamaga ugratmak kararyna gelýär. Kakasynyň sözlerine görä, ýerli harby wekillikde ondan oglunyň iki ýyl mejbury gulluk üçin çagyryşyny yza süýşürmek üçin pul sorapdyrlar.
"Para hökmünde soralan 600 ABŞ dollaryny berdim" diýip, ol aýtdy. Şondan soň oňa çagyryşyň yza süýşürilendigi barada hat berlipdir.
Kakasynyň sözlerine görä, maşgala okuw çykdajylaryny ýapmak üçin bar puluny sarp edip, karz hem alypdyr. Olar ilkinji tölegden soň, Pena okuwyny tamamlaýança harby wekillikden gaýtadan çakylyk gelmez öýdüpdirler.
"Biz ilki başda düşünmändiris, bize düşündiren hem bolmady. Ilki berlen hat diňe indiki çagyryş möwsümine çenli, ýagny okuwa synanyşmak we ýurtdan çykmak üçin berlen wagtlaýyn rugsat eken" diýip, kakasy ýatlaýar.
Atasy aradan çykansoň, öýdäkiler ilki oňa daşary ýurtdan gelmezligi maslahat beripdirler. Soňra öň alan hatlaryna hem-de oglunyň ilkinji saparynda ýurtdan çykyp bilendigine bil baglap, onuň ýasa gelmegine razy bolupdyrlar.
Oglunyň harby wekillikdäki jaňyndan soň, hossarlary hem bu edara barypdyrlar.
"Geçen gezek sizden hat aldyk. Bu oglum ýokary okuwda okap başlady, harby gulluga almaň" diýip, kakasy işgärlere ýüzlenendigini aýdýar. Ol resmilere oglunyň ýas üçin gelendigini we yzyna dolanmaga bilediniň bardygyny hem aýdypdyr.
Kakasynyň gürrüňine görä, işgärler ozalky hatyň möhletiniň geçendigini aýdyp, çagyryşy täzeden yza süýşürmek üçin bu gezek 2 müň dollar sorapdyrlar. Maşgala ol puly tapyp bilmändir.
Para baradaky aýdylanlar garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmady. Degişli harby edaradan hem bu waka boýunça resmi düşündiriş almak başartmady.
Kanun talyplar üçin nämäni göz öňünde tutýar?
"Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda" kanunyň 19-njy maddasyna görä, Türkmenistandaky ýa-da daşary ýurtdaky ýokary ýa-da orta hünär okuw mekdebiniň gündizki bölüminde okaýan raýat öň şeýle okuw mekdebinde okamadyk bolsa, onuň çagyryşy wagtlaýyn däl-de, okuwynyň doly möhletine barabar yza süýşürilýär. Kanun bu düzgün üçin 26 ýaş çägini belleýär.
Mekdebi tamamlan ýylynda giriş synaglaryna gatnaşmak isleýän dalaşgärler üçin aýratyn esas bar. "Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda" kanun uçurymlara giriş synaglaryna gatnaşmak üçin bir gezek mümkinçilik döretmek maksady bilen harby gulluga çagyryşy wagtlaýyn yza süýşürmegi göz öňünde tutýar. Bu düzgün yza süýşürmäniň anyk möhletini görkezmeýär.
Harby gulluga çagyrmak ýa-da çagyryşy yza süýşürmek barada karary ýerli çagyryş topary kabul edýär. Kanunyň 26-njy maddasyna görä, okuw sebäpli çagyryşy yza süýşürilen talyp hem 27 ýaşy dolýança harby wekillik çagyranda barmaga borçly. Wekillige çagyrylmak öz-özünden gulluga alynmak baradaky karary aňlatmaýar.
"Migrasiýa hakynda" kanun hem çagyryşa degişli raýatlaryň ýurtdan wagtlaýyn çykmagyny düzgünleşdirýär. Harby gulluga çagyrylmaga degişli, ondan boşadylmadyk we çagyryşy yza süýşürilmedik raýat daşary ýurda wagtlaýyn gitmezinden öň gullugy geçmäge borçly.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 17-nji sentýabrda gol çeken permanyna laýyklykda, Türkmenistanda güýzki harby çagyryş 2026-njy ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda geçirilýär. Harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga ýa-da ony yza süýşürmäge hukugy bolmadyk 18-27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar gulluga çagyrylýar. Möhletli harby gulluk iki ýyl dowam edýär.
Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleriniň raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak çärelerini artdyrandygy göze ilýär. Bu barada dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň birinde statistik maglumat berilmese-de, habarçylaryň sözlerine görä, bu çäreleriň çäginde mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň tas mekdep partasyndan, daşary ýurtlardan gelýän ýaşlaryň aeroportdan harby gulluga äkidilmegi bilen bagly ýagdaýlar tas her ýyl ýüze çykýar.
Azatlyk ozalam daşary ýurtda okaýan käbir türkmen talyplarynyň pasportlaryny täzelemek üçin ýurduna gelenlerinden soň harby gulluga alnandygyny olaryň maşgalalaryna salgylanyp habar beripdi. Garaşsyz turkmen.news neşiri hem sentýabrda daşary ýurda okamaga gitjek ýaşlardan çagyryşy yza süýşürmegiň öwezine pul soralýandygyny ýazypdy.
"Barja pulumyzy berip, karzyna pul alyp, ýokary okuw jaýyna salan oglumyzy harby gulluga äkitdiler. Indi onuň okuwy, ykbaly nähili bolar... Bularyň bary biziň üçin uly alada " diýip, Penanyň kakasy gürrüň berdi.
Forum