Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazda tebigata çykýan, hapalaryny ýygnaman gaýdýan adam köpelýär

Garagum görnüşi
Garagum görnüşi

Ýazyň gelmegi bilen, türkmenistanlylar tebigata çykmaga, açyk howada dem-dynç almaga başladylar; şu günler howa ýagdaýyndan peýdalanyp, birnäçe sagatlygam bolsa açyk howada dynç almaga gidýän adamlar köpelýär, soňky ýyllarda ýörgünli bolan söz bilen aýtsak, piknik döwri geldi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Adamlaryň maşgala agzalary, hatda kiçijik çagalary, işdeş ýoldaşlary, dost-ýarlary bilen baýyrlyklara, çöl ýerlere gezelenje çykmagy soňky ýyllarda barha kän ýörgünli bolýar, ýöne bu gowy täzeligiň bir gynandyrýan tarapy hem bar diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi dynç alan adamlaryň yzynda galýan zir-zibilleriň ýyl-ýyldan köpelýändigini, beýleki ugurlarda bolşy ýaly, tebigaty goramak baradaky kanunlaryň hem gowy işlemeýändigini öňe sürdi.

"Düşlän ýeriňi ilki gowy arassalamaly bolýar”

“Adamlaryň köp barýan ýerlerine baryp görseň, öňki ýyllardan galan zir-zibilleriň üstüne, täzelikde dynç alan adamlaryň ‘goşan goşantlaryna’ hem şaýat bolýarsyň. Çagalar bilen barsaň, düşlejek ýeriňi has aňyrlaryk, ozal oturylmadyk ýerlere gidip saýlamaly ýa-da düşlän ýeriňi ilki gowy arassalamaly bolýar” diýip, bir ene aýtdy.


Habarçymyz ýerli ýaşaýjylaryň birnäçesi bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolup, olaryň tebigatda guralýan oturyşyklardan soň köpelýän zir-zibiller baradaky pikirlerini sorady.

“Hawa, bu gowy däl, adamlar yzlarynda musurlaryny goýup gaýdýarlar. Arassa çölüň içinde adamlaryň baran ýerleri bada-bat belli bolýar: plastik paketler, plastik baklaşkalar, plastik gaplar pytrap ýatyr. Adamlaryň käbiri ýakan otlaryny hem öçürmän gaýdýar” diýip, bir ýaşaýjy bu hili geleňsizlikleriň ýangyna sebäp bolmak ähtimallygynyň hem kiçi däldigini ýatlatdy.

Tebigata çykan, çöllerde, baýyrlyklarda hezil edip oturan adamlary görseň, ylgap, kowalaşyp, gülüp-oýnap ýören çagajyklary synlasaň, göwnüň açylýar, bu hili dynç alyşlary köpräk guramaly diýýärsiň diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi aýtdy.

“Men görýärin, hezil edip oturyp, soňra oturan ýerini arassalap, zat galdyrman, gül ýaly edip gaýdýan adamlar hem bar. Ýöne bu hili adamlar azrak. Meniň pikirimçe, oturan ýeriňdäki musury ýygnamazlyk terbiýesizlikden ýa-da jogapkärçiliksizlikden gelip çykýar” diýip, 50 ýaşlaryndaky telekeçi aýtdy.

Tebigata söýgi maşgalada, mekdepde döredilmeli

Onuň pikiriçe, tebigata bolan söýgi ýa-da sylag-hormat çagalarda ilki maşgalada, soň mekdepde döredilmeli, metbugatda bu barada yzygiderli gürrüň edilmeli.

Oturan ýeriniň hapasyny ýygnaman gaýdýanlaryň kändigini başga-da birnäçe söhbetdeşimiz tassyklady, olaryň biri “adamlaryň oturan ýerlerinde galdyrýan plastikleriniň, hapa kagzylarynyň tebigata, haýwanlara zyýan ýetirýändigini, keselçilige, ölüme sebäp bolýandygyny’ öňe sürdi.

“Hapaçylyklar sebäpli, “Bereketli zamanyň” baýyrlyk ýerlerine geçmek gadagan edildi. Aşgabada ýakyn baýyrlyklar bölekleýin ýapylýar. Paýtagta ýakyn ýerleriň ýapylyp, ol ýeriň arassaçylygyna serediljegine ynanýaryn. Ýöne, gynansak-da, Garagum çölünde dynç alýanlaryň zyňyp gaýdan musurlarynyň haýsy birini aýyrjak?” diýip, bir aşgabatly söhbetdeşimiz sorag berdi.

Aýdylmagyna görä, adamlar gowy, owadan ýerleri bilýärler we biri-birine gürrüň berip, çagalary, dostlary bilen hut şol agza düşen ýerlerde dynç almaga çalyşýarlar, surata düşýärler, wideo ýazgy edýärler we soň öz oturan, nahar bişiren, çişlik eden, iýip-içen ýerlerini ‘görer ýaly etmän’ gaýdýarlar.


“Tagtabazaryň gaty owadan tebigaty bar, ol ýerde hem adamlaryň zyňyp gaýdan musurlary tebigata zyýan berýär. Çöllerde ösýän gülälekler ýyl geçdigiçe seýrekleşýär, tebigatymyzy goramak biziň elimizde, adamlar bu barada gürrüň etmeli, iş etmeli” diýip, maryly ýaşaýjy bu meselede metbugatyň, radio-telewideniýe gepleşikleriniň uly rol oýnap biljekdigini aýtdy we, soňky ýyllarda ýerli metbugatda tebigaty hapalamazlyk barada edilýän gürrüňe gabat gelmändigini belledi.

Anonimlik şertinde gürleşen magaryf işgäri mekdeplerde, hususan-da tebigat sapaklarynda çagalara belli bir düşünjäniň berilýändigini, öz sözleri bilen aýtsak, “düşündiriş geçilýändigini” aýtdy, ýöne munuň ýeterlik däldigini, ýurtda kanunlary sylamak, ýerine ýetirmek medeniýetiniň ösmelidigini öňe sürdi.

Jerime salynsa, peýda eder diýýänler hem bar

“Tebigaty hapalap, jerime salnan adamyň bolandygyny şu güne çenli eşitmedim. Gürleşen adamlarym bu hapaçylygyň öňüni jerime salmak bilen almagyň ýa azaltmagyň mümkindigini aýdýarlar. Her bir adam tebigaty goramakda, ýaşaýan ýerini (Ýer planetasyny) arassa saklamakda jogapkärçilik duýsa, öz borçlaryny bilse gowy bolardy. Tanymal adamlar görelde bolup, metbugatda tebigaty arassa saklamak barada çagyryş etmeli” diýip, ýene bir söhbetdeşimiz öz pikirini aýtdy.

Onuň pikiriçe, hapaçylyk diňe bir çölde däl, eýsem ýaşaýyş ýerlerinde hem uly problemalaryň biri bolup durýar.

“Köçelerde plastik paketleriň, plastik çüýşeleriň, her dürli zibilleriň pytrap ýatanyny görmeýän ýok. Hatda awtoulagly barýarkalar ýoluň gyrasyna hapalaryny zyňyp gidýän adamlar hem bar. Mekdep okuwçylarynyň, uly adamlaryň iýen zatlarynyň kagyzyny köçäň ugrunda zyňyp gidýäni bolsa gaty kän” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk ‘piknik’ medeniýeti we tebigaty goramak baradaky kanunlaryň ýerine ýetirilmezliginiň mümkin bolan sebäpleri barada türkmen häkimiýetlerinden hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG