Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene bir uly harby tussag edildi, Kreml 'arassalaýyşyny' dowam etdirýär


 General-leýtenant Wadim Şamarin
General-leýtenant Wadim Şamarin

Moskwanyň harby kazyýeti, Kremliň korrupsiýa garşy ýaýbaňlandyran göreşi diýilýäniň arasynda, ýene bir ýokary derejeli harby işgäri, general-leýtenant Wadim Şamarini deslapky tussaghana ýerleşdirdi.

235-nji Garnizonyň harby kazyýetiniň wekilleriniň 23-nji maýda RBK habar gullugyna aýtmaklaryna görä, ýaragly güýçleriň aragatnaşyk müdirligine ýolbaşçylyk eden Şamarin "aýratyn uly möçberde" para almakda güman edilýär.

"Korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreş dyngysyz iş. Bu kampaniýa däl, hemişe dowam etdirilýän iş" diýip, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 23-nji maýda, Şamariniň tussag edilendigi barada ýaýran habardan soň aýtdy.

Prezident Wladimir Putin golaýda öz ýakyn ýaranlarynyň biri bolan Sergeý Şoýguny goranmak ministri wezipesinden boşatdy.

Şoýgu hakyna tutulan söweşijileriň lideri Ýewgeniý Prigožin tarapyndan işini oňarmazlykda we korrupsiýada aýyplanypdy. Şeýle-de, Prigožin geçen ýylyň iýun aýynda gurnan pitne synanyşgyynda Şoýgunyň we harby gullugyň başlygy, general Waleriý Gerasimowyň wezipelerinden boşadylmagyny talap edipdi.

Şamariniň tussag edilendigi Russiýanyň 58-nji goşunynyň öňki serkerdesi, general-maýor Iwan Popowyň tussag edilmeginiň birnäçe gün soňundan belli boldy. Popow Ukrainanyň Russiýa tarapyndan basylyp alnan Zaporižýa sebitindäki harby zerurlyklar üçin bölünip berlen 100 million rublyň (1,1 million dollar) ogurlanmagy bilen bagly galplyklarda aýyplandy.

Geçen hepde ýene bir harby, Russiýanyň Goranmak ministrliginiň işgärler müdirligine ýolbaşçylyk edýän general-leýtenant Ýuriý Kuznetsow hem tussag edildi. Derňewçiler ony hem korrupsiýa aýyplamalary esasynda saklady.

Mundan öň, aprel aýynyň aýagynda goranmak ministriniň orunbasary bolup işlän Timur Iwanow tussag edilip, azyndan iki aýlyk deslapky tussaghana iberildi. Polisiýa ony para almakda aýyplady.

Putin Şoýgunyň ornuna premýer-ministriň öňki birinji orunbasaryny, ykdysady meseleler boýunça ýöriteleşen 65 ýaşly syýsatçyny, Andreý Belousowy goranmak ministri wezipesine belledi.

Bu çärä Russiýanyň ýaragly güýçlerini Ukrainada üçünji ýylyna giren giň gerimli uruş şertlerinde has ykjam düzgün-tertibe salmak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde seredilýär.

Putin 20-nji maýda öň Krym meselelerine sereden ministr Oleg Sawelýewi goranmak ministriniň orunbasary wezipesine belledi.

58 ýaşly Sawelýew ykdysady ösüş ministriniň orunbasary, Gözegçilik palatasynyň, parlamentde maliýe gözegçilik gullugy wezipesini ýerine ýetirýän toparyň auditory bolup hem işledi.

Forum

XS
SM
MD
LG