Soňky habar

Ýewropa Russiýa bilen "parahatçylyk bilen urşuň arasynda" dur diýip, Finlandiýanyň öňki harby ýolbaşçysy aýdýar

Finlandiýanyň serhet gullugynyň işgärleri 22-nji noýabrda Fin aýlagynda Sparta II gämisindäki ýangyny söndürmäge çalyşýarlar.
Finlandiýanyň serhet gullugynyň işgärleri 22-nji noýabrda Fin aýlagynda Sparta II gämisindäki ýangyny söndürmäge çalyşýarlar.

WAŞINGTON — Russiýanyň Ukrainadaky urşy Fin aýlagyna barha köp ýaýraýar.

21-nji noýabrda Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen baglanyşyklydygy aýdylýan we Kaliningrada barýan Sparta II ýük gämisine dronlar zarba urdy. Gämide ýangyn döräp, ol akymyň ugruna Finlandiýanyň çäk suwlaryna girdi.

Birnäçe minutdan soň rus dikuçary Lowiisa şäheriniň golaýynda Finlandiýanyň howa giňişligini bozdy. Bu waka Moskwanyň niýetleri we dartgynlylygyň has-da güýçlenmek howpy barada sorag döretdi. Finlandiýanyň premýer-ministri Petteri Orpo Ukrainadaky urşuň Finlandiýanyň golaýyna ýaýraýandygyny aýtdy.

Emma Finlandiýanyň parlamentiniň deputaty, pensiýadaky general we öňki goranyş güýçleriniň serkerdesi Ýarmo Lindberg bu wakalara has giň harby ýagdaýyň çäginde seretmelidigini hasaplaýar. Ol 13-nji noýabrda Gibrid howplara garşy göreşmek boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy tejribe merkeziniň dolandyryş geňeşiniň başlyklygyna gaýtadan saýlandy.

Lindberg 22-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren söhbetdeşliginde Ýewropanyň eýýäm parahatçylyk bilen urşuň arasyndaky howply ýagdaýdadygyny duýdurdy.

Ukraina Baltikada zarba urmak mümkinçiliklerini giňeldýär

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Russiýanyň ýük gämisine dronlar zarba urdy we ol Finlandiýanyň çäk suwlaryna girdi. Şol bir wagtda rus dikuçary Lowiisanyň golaýynda Finlandiýanyň howa giňişligini gysga wagtlyk bozdy. Nämäniň bolandygyny düşündirip bilersiňizmi? Dikuçaryň girmegini Finlandiýanyň deňiz we howa goranyşyny bilkastlaýyn barlamak synanyşygy hökmünde görýärsiňizmi?

Finlandiýanyň parlamentiniň deputaty, ätiýaçdaky general Ýarmo Lindberg: «Uruş diýmek üçin uruş yglan edilmeli. Emma uruş yglan edilmedi».
Finlandiýanyň parlamentiniň deputaty, ätiýaçdaky general Ýarmo Lindberg: «Uruş diýmek üçin uruş yglan edilmeli. Emma uruş yglan edilmedi».

Ýarmo Lindberg: Aslynda, meniň pikirimçe, ýagdaý biraz tersine. Görnüşinden, Ukraina indi öz çäginden uzakda ýerleşýän kiçi, hatda hereket edýän nyşanalara hem zarba urmaga ukyply. Biraz öň olar Finlandiýanyň golaýynda raketaly korwete zarba urupdylar. Indi bolsa Ukrainadan uzakda nyşana alyp bilen ikinji gämisi şu boldy.

Bu gezek gürrüň Sparta II ýük gämisi barada gidýär. Bar bolan maglumatlara görä, ol Kaliningrada barýan eken. Oňa, ähtimal, iki dron zarba urupdyr. Gämide ýangyn döräp, soň ol akymyň ugruna Finlandiýanyň çäk suwlaryna giripdir. Bar bolan maglumatlara görä, rus dikuçary hem gysga wagtlyk howa giňişligine giripdir. Bilemok, belki, olar gäminiň ýagdaýyny öz gözleri bilen görmek islän bolmaklary mümkin. Biz onuň ýüküniň nämedigini bilemzok. Gämi Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen baglanyşykly.

Häzirki wagtda gämi Finlandiýanyň çäk suwlaryndan çekilip çykarylýar. Ol ýanýardy, emma ýangyny söndürmek işleri alnyp baryldy. Konteýnerleriň henizem gyzgyn bolandygyny aýdýarlar. Ýöne ýagdaý gämini çekip äkitmäge başlar ýaly durnuklaşdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz Sparta II gämisine urlan zarbany Ukrainanyň Baltika deňzinde kiçi, hereket edýän nyşanalara zarba urmak boýunça täze mümkinçiliginiň subutnamasy diýip häsiýetlendirdiňiz. Bu Fin aýlagynyň gämi gatnaw ýollaryny täze front çyzygyna öwürýärmi?

Lindberg: Bu sebitdäki front çyzygy eýýäm Fin aýlagynyň gündogar ujundaky nebit terminallarynyň töwereginde bardy. Ukraina birnäçe hepde, hatda bir aý bäri olara örän köp dron bilen zarba urýar. Beýleki bir ýagdaý hem bar: Ukraina urşuň bütin dowamynda Gara deňizde Russiýanyň harby gämilerini nyşana alyp geldi we Gara deňiz flotuna birnäçe gezek zarba urdy. Şundan çen tutsaň, olar deňizdäki nyşanalara zarba urmaga ukyply. Şeýle hem olar hereketsiz nyşanalara, ýagny nebit terminallaryna zarba urup gelýärler.

Bilşiňiz ýaly, dürli internet kompaniýalaryna we olaryň ammarlaryna hem birnäçe gezek zarba uruldy. Ýagny şeýle frontlar eýýäm bar. Bu ýerde näme üýtgedi? Üýtgän zat olaryň Ukrainadan uzakda, Baltika sebitinde, Fin aýlagynda ýerleşýän, bir ýerde durmaýan kiçi, hereket edýän nyşanalara zarba urmak mümkinçiligidir. Ine, şu täze ýagdaý. Bu ukrainleriň indi şeýle täze mümkinçilige eýedigini görkezdi.

Moskwanyň niýetleri we Ýewropanyň gibrid uruş meselesi

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Finlandiýanyň, Estoniýanyň we Russiýanyň gämileri zeper ýeten Sparta II-niň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin bilelikde işlediler. Emma näme üçin rus dikuçary Finlandiýanyň howa giňişligine girdi? Ol diňe gämä gözegçilik edýärdimi ýa-da Moskwa Helsinkä Kiýewe basyş edip, Baltikadaky rus nyşanalaryna zarbalary bes etdirmegi duýdurýardymy?

Lindberg: Ýok, meniň pikirimçe, bu, ilkinji nobatda, bolan waka jogap hökmünde edilen hereket. Olar Finlandiýanyň çäk suwlaryna giren gämini barladylar, zerur hereketleri etdiler we soň gitdiler. Şonuň üçin muny öňünden meýilleşdirilen meçew bermek synanyşygy hökmünde görmek kyn. Bu gämi bilen bolan waka jogap hereketine has köp meňzeýär.

Bu meniň açyk çeşmelerdäki maglumatlara esaslanýan baham.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz ýakynda Gibrid howplara garşy göreşmek boýunça Ýewropanyň öňdebaryjy tejribe merkeziniň dolandyryş geňeşine gaýtadan başlyk saýlandyňyz. Russiýanyň hereketleri GPS signallaryny päsgellemekden we deňizasty kabelleriň işini bozmakdan partlaýjy maddalar ulanylýan diwersiýalara çenli baryp ýetýärkä, gibrid hüjüm bilen NATO-nyň 5-nji maddasynyň ulanylmagyna getirip biljek harby çozuşyň arasyndaky çäk nirede?

Lindberg: Aýdyşyňyz ýaly, birnäçe waka boldy. Olarda möhüm mesele dürli hüjümleriň aňyrsynda kimiň durandygyny anyklamakdyr. GPS signallarynyň Russiýadan päsgellenýändigini bilýäris. Russiýanyň adamlary serhetden Finlandiýa itermek arkaly migrasiýany gural hökmünde ulanandygyny hem bilýäris. Bu hereketleriň çeşmesini anyklamak aňsat.

Emma käbir ýagdaýlarda hereketler başga toparlaryň ýa-da adamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şonda ahyrky netijede bularyň aňyrsynda kimiň durandygyny aýtmak kyn bolýar.

Siz Estoniýanyň dron zawodyna garşy soňky hereketi agzadyňyz. Estoniýa onuň Russiýa we GRU bilen baglydygyny örän çalt mälim etdi. Soň şeýle hereketleri jogapsyz goýmak islemeýändigini aýdyp, gündogar serhedini ýapjakdygyny yglan etdi.

Finlandiýanyň Russiýa bilen serhedi bolsa eýýäm üç ýyl bäri ýapyk. Şonuň üçin bu diňe estonlaryň ulanmak isleýän çäresi däl. Leýpsigde dronlar bilen bagly waka boldy. Partlaýjy maddalar ulanylanda, maddy zyýanyň, hatda adam ýitgileriniň hem bolup biljek çägine ýetýän beýleki wakalar hem boldy.

Emma takyk gyzyl çyzygy kesgitlejek adam men däl. Şeýle çynlakaý hereketiň uruş derejesine ýetip-ýetmändigini döwletleriň özi, olaryň hökümetleri we zerur bolsa ÝB bilen NATO kesgitlemeli. Munuň nähili boljakdygyny entek görmeli.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Finlandiýanyň kenarynyň golaýynda ýanýan Sparta II gämisini we Finlandiýanyň howa giňişligini barlaýan rus uçarlaryny göz öňünde tutsak, Ýewropa iş ýüzünde Russiýa bilen eýýäm uruş ýagdaýyndamy, diňe oňa resmi taýdan uruş diýilmeýärmi?

Lindberg: Bu mesele birnäçe aý ozal hem ara alnyp maslahatlaşylypdy. Şonda aýdylan pikir şudy: biz uruş ýagdaýynda däl, emma bu indi parahatçylyk hem däl. Ýagny biz parahatçylyk bilen urşuň arasynda bir ýerde durus. Uruş diýmek üçin uruş yglan edilmeli, emma uruş yglan edilmedi.

Şonuň üçin biz şol aralykda, ýagdaýyň anyk kesgitlenmedik bir zolagynda durus.

Russiýanyň Finlandiýa serhedinde harby güýjüni artdyrmagy

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy: Siz Russiýanyň ahyrky netijede Finlandiýanyň serhedinde uruşdan öňküsinden hem uly harby güýç jemläp biljekdigini duýdurdyňyz. Bu taýýarlyklar haýsy derejä ýetdi? Russiýanyň güýçleri Leningrad harby okrugyna gaýdyp gelýänçä, Finlandiýanyň taýýarlanmak üçin näçe wagty bar?

Lindberg: Russiýanyň güýçleriniň esasy bölegi Ukrainada. Finlandiýanyň gündogaryndaky uly harby garnizonlar boş. Olar güýçlerini urşuň başynda Ukraina iberipdiler. Russiýa Leningrad harby okrugyny gaýtadan dikeltdi we öňküsinden has uly guramaçylyk düzümini döretdi. Brigadalar diwiziýalara öwrüldi. Mundan başga-da, goşun korpusy döredildi. Bu Finlandiýanyň gündogarynda uruşdan öňküsinden has uly harby düzümi ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Indi sorag şeýle: ýakyn geljekde Finlandiýanyň gündogarynda şol has uly harby birikmeleri ýerleşdirmäge mümkinçilik berjek gurluşyklary görerismi? Muny entek görmeli, ýöne şeýle işler wagt alýar.

Ýewropa we Finlandiýa üçin parahatçylygyň gazanylmagy, atyşygyň bes edilmegi we durnukly parahatçylygyň üpjün edilmegi örän möhüm bolardy. Russiýa bilen serhetleşýän ýurtlar hökmünde biz: «Russiýa indiki gezek nirä gider?» diýip sorarys. Meniň pikirimçe, olaryň harby birikmeleriniň iň bolmanda bir böleginiň Ukraina iberilen öňki bazalaryna gaýdyp geljekdigini çaklamak kyn däl.

Şonuň üçin olaryň bir gün dolanyp gelmek mümkinçiligi bar. Bu iki ýylmy, üç ýylmy ýa-da bäş ýylmy alar? Häzirki ýagdaýda muny hem takyk aýtmak kyn. Birnäçe ýyl gerek bolup biler, emma olaryň öňki ýerleşýän ýerlerine gaýdyp geljekdigini ýeterlik ynam bilen çaklap bolar.

​
XS
SM
MD
LG