Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesiniň gitdigiçe peselmegi bilen ilat köpçüliginiň saglygyny bejermäge maddy mümkinçiligi bolmaýar. Bu ýagdaý adamlary öz janyny ýa-da ýakynlarynyň janyny halas etmek üçin dürli ýollary gözlemäge iterýär. Çykgynsyz ýagdaýdaky adamlaryň aldawa düşýän halatlary hem bolýar.
Rak keseli köpelip adamlar dürli ýollar bilen banklardan kredit pul almaga synanyşýarlar we lukmançylyk barlaglaryndan geçmek hem-de derman-däri satyn almak üçin mejbury ýagdaýa düşýärler diýip Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri habar berýärler.
"Ahal welaýatynda soňky ýyllarda bu rak keseline ýolugýan tanyşlarym köpelýär, bu hili keseller barada biz öň diňe daş gulakdan eşiderdik indi häzir her hojalyga girdi, ýurdumyzyň halkymyzyň haly gaty kyn ýagdaýda" diýip, ahally çeşme öz sebitindäki ýagdaý barada 16-njy fewralda gürrüň berdi.
Keselçilik hassanyň özüni we onuň ýakynlaryny agyr ýagdaýda goýýar, lukmançylyk barlagyndan geçmek, bejergi almak uly çykdajylary talap edýär, maşgalanyň maddy ýagdaýy ýaramazlaşýar.
"Halkyň puly ýok we adamlarda satmana zat galmady, her bir hojalykda şeýle ýagdaý. Keselden gutulmak üçin, kireýine ýaşaýan hojalyklar we bir döwüm çöregi zordan gazanyp, çagalaryny ekleýän hojalyklar barja zadyny, öý goşlaryny satyp başladylar" diýip, çeşme gürrüň berýär.
"Ähli zadyny satyp köçede galmagyň ujunda duran hojalyklar bar, köçede galan hojalyklaryň sany artýar. Bejergi almaly adamlar hiç ýerden pul kömeginiň bolmajagyny bilip, uly bergilere batýarlar" diýip, çeşme sözüne goşdy.
Araçy arkaly kredit alýarlar
Habarçylaryň maglumatlaryna görä, soňky döwürde köp duş gelýän ýagdaýlaryň biri adamlar bankdan kredit almaga synanyşýarlar, emma bankyň şertlerini resmi taýdan berjaý edip bilmedik raýatlar araçylara ýüz tutýarlar. Araçylar adatça bank işgärleri bilen işleşip, kredit şertlerine görä zerur dokumentleri taýýarlamaga kömek berýärler we bankdan alnan kreditden uly bölegi öz hyzmatlary üçin alýarlar.
"Käbir banklaryň işgärleri senden telekeçi ýasap, 'bag-bakjasy bar ýa-da daýhan potrat ýeri bar' diýip 30, 40 ýa-da 50 müň manat kredit pul almaga kömek edýärler. Soňra 50 müň manat kredit aldym diýip, gol goýan adamyň bankdan alan şol pulundan 20 müň manadyny alýar. Bank işgärleri bu pul başga birine berilmeli, onuň prosentini hem şol adam tölär diýip ynandyrýarlar" diýip, şeýle ýagdaýa düşen adamlaryň birnäçesi bilen gürleşen habarçymyz aýdýar.
Gümürtik şertlerde aldanýarlar
Onuň sözlerine görä, agzalan şertlerde kredit alýan adamlaryň aldanýan pursatlary köp bolýar. Puluň esli bölegini araçylara beren adamlaryň bankdan gol çekip alan tutuş bergisiniň prosentini özi tölemeli bolýar. Emma muňa-da razy bolýan adamlar az däl. "Soňky wagtda razylaşýanlar gaty köpelýär" diýip, habarçy belledi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanly öz ýagdaýyny gürrüň berip, şeýle gümürtik şertlerde karz almak kararyna gelmeginiň sebäbini şeýle düşündirdi:
"Men bejergi almaly, ýagdaýym gün-günden kynlaşýar. Mende satmaga zadym galmady, men ençeme adamdan, tanyşlarymdan, dogan-garyndaşlarymdan pul kömek soradym, emma hiç birinden haýyr tapmadym, sebäbi her bir pul soran hojalygymda edil meniňki ýaly rak keselli syrkaw bar."
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary bilen gepleşen adamlaryň birnäçesi 2025-nji ýylyň dowamyndan bankdan kredit alypdyr.
Olaryň arasynda özüniň gol çeken kreditiniň tutuş möçberi üçin prosent tölemeli bolandygyny anyklansoň, kanun goraýjylara ýüz tutmak islän, emma tutup bilmedik adamlar hem bar.
"Men bank işgärlerinden aldandym, polisiýa we prokuratura arz-şikaýat bilen ýüz tutup bilmeýärin, sebäbi dokumentlerde meni daýhan önümçiligi bilen meşgullanjak bolýan telekeçi ýaly edip, görkezdiler. Men bolsa işsiz, ýagny gara zähmetim bilen her günki iýjek çöregimi gözleýän adam, men häzir arza bilen ýüz tutsam ol bank işgärleriniň saçynyň birje gylam gaçmaz, meni bolsa galplykda aýyplap türmä basarlar" diýip, ahally ýaşaýjy gürrüň berdi.
Türkmenistanda rak keseliniň örän ýaýrandygy barada habarlar köpelýär. Paýtagtyň onkologiýa hassalara hyzmat edýän keselhanalarynda ýüz tutýan näsaglaryň iňňän köpdügi sebäpli uly nobatlaryň saklanýandygyny, paýtagtly saglyk işgärleri ýanwar aýynda Azatlyga gürrüň berdiler.
Türkmenistanyň saglygy saklaýyş pudagynyň wekilleri problemalar barada resmi derejede teswir bermekden saklanýarlar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we sosial meseleler boýunça departamentine 2019-njy ýylda hödürlenen we garaşsyz media serişdelerinde çap bolan Türkmenistanyň Meýletin milli synynda Türkmenistanda ilatyň ölümine getirýän esasy keselçilikleriň biri ýürek-damar kesellerinden soň, onkologiýa keselleri diýlip, görkezilipdi.
Türkmen metbugaty 2025-nji ýylyň 8–13-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda hem-de Daşoguz sebitinde onkologiýa kesellerini anyklamak we bejermek boýunça berilýän lukmançylyk kömeginiň ýagdaýyna baha bermek üçin “imPACT” atly gözden geçiriş missiýasynyň geçirilendigi barada maglumat çap edipdi.
Bu missiýanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Atom energiýasy boýunça Halkara agentligi (IAEA) we Rak keselini öwrenmegiň Halkara agentligi (IARC) bilen hyzmatdaşlyk esasynda guralyp, Türkmenistanda onkologiýa kömeginiň ulgamyny seljermek we ony berkitmek üçin amaly teklipleri taýýarlamakdan ybaratdygy habarda bellendi.
Emma şondan soň hem Türkmenistanda onkologiýa kesellerine degişli resmi sanlar çap bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum