Türkmenistanyň orta we ýokary bilim berýän edaralarynda täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda (ÝOJ) birinji kurs talyplardan pul ýygnamak işlerine badalga berildi.
Talyplaryň ençemesi ýygnalýan pul serişdesiniň ýurtdaky iň pes aýlyga barabardygyny aýdyp, ýagdaý beýle dowam etse bäşinji kursa ýetmegiň kyn boljakdygyny aýdýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji sentýabrda paýtagtdan maglumat berdi.
“Şu hepde paýtagtyň ÝOJ-larynda birinji kursa gelen talyplaryň her birinden 1500 manat möçberinde pul getirmek talap edilip başlandy. Mugallymlar bu puly okuw işleri boýunça dekana tabşyrmagy buýurýarlar” diýip, birinji kursa başlan paýtagtly talyp anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen paýtagtyndaky ÝOJ-larda okaýan we biri-birinden habarsyz talyplaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, mugallymlar bu pul serişdesine sport egin-eşiklerini, döwlet baýdagynyň we beýleki okuw harajatlarynyň satyn alynjakdygyny aýdýarlar.
“Käbir talyplar ÝOJ-yň talap edýän reňkindäki sport egin-eşikleriniň eýýäm özlerinde bardygyny aýdyp, pul bermejek boldular. Ýöne mugallymlar hem-de dekan kabul etmedi. Olar institutlaryň we uniwersitetleriň rektorlary tarapyndan tassyklanan birmeňzeş sport eşigini satyn almalydygyny aýtdylar” diýip, paýtagtda okaýan balkanly talyp anonimlik şertinde aýtdy.
"Instituty tamamlamagymyz kyn boljak"
Söhbetdeşlerimiz okuw başlamazdan ozal, awgust aýynda hem pul ýygnalandygyny we gyzlaryň birmeňzeş köýnekleri, balaklary, tahýalary we oglanlaryň birmeňzeş ak köýnekleri, gara kostýum-jalbarlary we galstuklary satyn almaga mejbur edilendigini hem aýtdy.
“Häzir 1500 manat ýurtdaky iň pes aýlyga barabar. Bu Merkezi bankyň kursunda tas 430 dollara barabar. Eger institutda her birnäçe aýda bir gezek şeýle pul ýygnaljak bolsa, bäşinji kursa ýetmegimiz, instituty tamamlamagymyz kyn boljak” diýip, talyplaryň ençemesi belleýär.
Mundan başga-da, talyplar ýygnalýan pula satyn alynýan sport egin-eşikleriniň hiliniň ýaramazdygyny hem aýdyp, oňa nägilelik bildirýärler.
“Elbetde, lomaý bahadan ýüzläp, müňläp satyn alynýan sport egin-eşiginiň bahasy hakykatda 200 manatdan geçmeýän hem bolsa, talyplardan müňläp pul toplanýar” diýip, paýtagtyň ÝOJ-larynyň biriniň mugallymy anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim ministrliginden we paýtagtyň Bilim müdirliginden teswir almaga synanyşdy. Ýöne agzalýan edaralaryň resmi web sahypalarynda görkezilen telefon belgilerine hiç kim jogap bermedi.
"Eýýäm 1-nji sentýabrdan pul ýygnalyp başlanýar"
Türkmenistanyň orta we ýokary bilim berýän edaralarynda okuwçylardan, talyplardan pul ýygnamak tejribesi ýyllarboýy dowam edip gelýär.
Bilim işgärleriniň, talyplaryň, okuwçylaryň we ene-atalaryň sözlerine görä, bu ýagdaýlardan bilim ýolbaşçylary habarly bolsa-da, muňa garşy hiç hili çäre görülmeýär.
Geçen hepdäniň ahyrynda we şu hepdäniň başynda ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz mekdep okuwçylarynyň sapak döwri dürli işlerde işleýändigini habar berdiler. Şonda oba hojalyk işlerinde işleýän okuwçylaryň ençemesi eýýäm 1-nji sentýabrdan pul ýygnalyp başlanýandygyny aýtdy.
“Mysal üçin, okuwçylar depderleriň, gündelikleriň daşlary üçin niýetlenen kagyzlary 3-4 manatdan satyn almaga mejbur edilýärler. Klas žurnaly üçin hem, her okuwçy 5 manat bermeli. Doska üçin mel, marker, salfetka satyn almak hem okuwçylaryň boýnuna dakylýar we her okuwçydan 5 manat ýygnalýar. Maşgalamyzda bu pullary tölemäge ýagdaý ýok” diýip, balkanly bir okuwçy anonimlik şertinde aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty hem, bu ýagdaýlar, olaryň sebäpleri we talyplara, okuwçylara, ene-atalara ýetirýän täsirleri barada gürrüň gozgap, aç-açan maglumat bermeýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum