Ysraýyl liderleri Gazanyň günortasyndaky Rafah şäherinde, Palestina territoriýasynyň ilatynyň aglaba köplüginiň alty aýlyk uruşdan soň gaçyp gelen ýerinde harby operasiýa geçirmäge taýýarlanýar.
Kairde ýaraşyk meselesini ara alyp maslahatlaşmagy maksat edinen gepleşiklerde "möhüm öňegidişlik" gazanyldy, ýakyn günlerde has köp gepleşigiň geçirilmegine garaşylýar diýip, Müsüriň “Al-Kahera” habar gullugy 8-nji aprelde habar berdi.
Esasy ýaranynyň, Birleşen Ştatlaryň geçen hepde atyşygyň bes edilmegini, zamunlaryň boşadylmagy barada ylalaşylmagyny we berilýän kömekleriň köpeldilmegini talap etmegi bilen, Ysraýyla urşuň togtadylmagy boýunça edilýän halkara basyşlary güýçlendi.
Ysraýyl 7-nji aprelde günorta Gaza zolagyna salan harby güýçlerini yzyna çykardy.