Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurduň daşyndan baran türkmen raýatlary Türkmenistanda WIÇ/SPID barlagyndan geçmäge mejbur edilýär

Aşgabadyň keselhanasy (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň keselhanasy (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň saglygy saklaýyş edaralarynda ýurtda WIÇ/SPID ýokaşan adamlary anyklamak boýunça çäreler güýçlendirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, daşary ýurtlardan gaýdyp gelen raýatlardan gan barlagyndan geçmek talaby guramaçylykly ýerine ýetirilip başlanypdyr.

"Hepdäniň başynda bu talap welaýatyň MHM we SPID merkezi tarapyndan bilelikde berjaý edilýär. Maşgala lukmanlarynyň üsti bilen sanaw düzülýär we raýatlar merkeze çagyrylýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy 18-nji fewralda aýtdy. Onuň maglumatyna görä, raýatlar öz hasabyna gan tabşyrmaga mejbur edilýär. Analiziň bahasy 30 manat (Merkezi Bankyň kursy boýunça 8,5 amerikan dollaryna barabar-red).

Habarçymyz ýurduň daşynda bolup gelen türkmen raýatlarynyň WIÇ/SPID barlagyndan geçmegine degişli talabyň, hususan-da Balkan welaýatynda, birnäçe ýyl bäri edilýändigini belledi, emma häzirki çäreleriň uçdantutma we mejburlyk bilen alnyp barylýandygyny aýtdy.

"Men Türkiýe döwletinde 5 ýyl zähmet çekdim, şu aýda Türkmenistana dolandym we maňa gelenimden başlap COVID-19 testi we gepatit 'C' üçin analiz tabşyrtdylar. Indi bolsa maşgala lukmanymyz jaň edip SPID merkezine baryp, gan analiz tabşyrmalydygymy aýtdy. Analizleriň netijelerini MHM-nyň ýörite işgärleri barlaýarlar diýip, öňünden duýdurdy" diýip, Balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Soňky hepdäniň dowamynda WIÇ/SPID barlagyndan geçmäge çagyrylan ýene bir zähmet migrantynyň sözlerine görä, ol 18-nji fewralda gan tabşyrmaga baranda welaýatyň SPID merkezinde özi ýaly ençeme adam bir ýere ýygnanypdyr we olar üçin ýygnak geçirilipdir.

"Ir sagat 8:30-da bardym, SPID barlagy ücin gan tabşyrdym. Soňundan MHM-nyň ofiseri merkeziň ýygnak zalynda jemlenen golaýda ýurda dolanan 100-den gowrak raýat üçin ýygnak geçirdi. Ýaşy 40-a golaý ofiser ýygnaga gatnaşan adamlara, hususan-da zenanlara ýüzlenip, 'daşary ýurtlarda jelepçilik etdiňizmi? Ten söwdasy üçin gitdiňizmi, sizler ýaly daşary ýurda gidenler sebäpli ýurdumyzda SPID ýokançlygy giňden ýaýrap barýar' diýip, aýal-gyzlary gaty kemsidiji sözler bilen erkek adamlaryň arasynda ýakymsyz darady" diýip, balkanly ýaşaýjy gürrüň berdi we şol ýerde oturanlaryň hiç birinden ses çykmandygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, şol ýygnaga gatnaşanlaryň arasynda bäş adamda WIÇ/SPID anyklanypdyr we olary saklap, galanlary goýberipdirler.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gepleşen balkanly ýaşaýjylaryň sözlerine görä, barlagdan geçirilýänleriň köpüsi zähmet migrantlary. Olar şu günler SPID merkezindäki barlaglardan başga MHM-niň welaýat bölümine hem sorag-jogaba yzygiderli çagyrylýandygyny we daşary ýurtlarda bolan döwründe näme edindikleri barada jikme-jik maglumat bermäge mejbur edilýändigini gürrüň berdiler.

Geçen ýylyň tomsunda Balkanda polisiýa tarapyndan saklanan içerki migrantlaryň uçdantutma gan tabşyrmaga mejbur edilýändigi habar berlipdi. Azatlygyň habarçylarynyň şonda beren maglumatlarynda häkimiýetleriň bu çäresiniň donorlaryň azlygy sebäpli ýerli keselhanalarda dörän gan ýetmezçiligi bilen bagdygy bellenipdi we gan tabşyrýanlaryň arasynda "gepatitiň dürli görnüşleriniň we WIÇ/SPID-yň köp anyklanýandygy" mälim bolupdy.

Türkmen hökümeti ýurtda keselçilige, şol sanda ýokanç kesellere, WIÇ/SPIDE degişli resmi statistikany çap etmeýär.

Türkmenistanda “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda” ýörite kanun 2001-nji ýylyň tomsunda ilkinji gezek kabul edildi.

2024-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi adamyň immunýetmezçilik wirusy ýokan adamlar ýüze çykarylanda olara lukmançylyk kömegini bermegiň tertibini tassyklady. Degişli buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan şol ýylyň 8-nji awgustynda döwlet belligine alnypdyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG