Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýyldyrym, ýagyş Pakistanda 36 adamy öldürdi


Ýyldyrym we güýçli ýagyş soňky üç günde Pakistanda azyndan 36 adamyň, hususan-da daýhan adamlaryň ölmegine sebäp boldy diýip, resmiler 15-nji aprelde aýtdylar.

Ýurduň günorta-günbataryndaky häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan edendiklerini aýtdylar.

Welaýatyň betbagtçylyklara garşy göreş gullugynyň metbugat wekili Arfan Katia ýyldyrymyň daýhanlaryň bugdaý hasylyny ýygnaýan wagtynda çakandygyny, ýagyş-ýagmyryň Penjap welaýatynda bir topar jaýyň ýykylmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.

Ol şu hepde ýagyş-ýagmyryň has köp bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Hepde aýagynda paýtagt Yslamabada hem agyr ýagyş ýagdy, günorta-günbatar Bulujystan welaýatynda ýagan ýagyşlar ýedi adamy öldürdi, Owganystan bilen serhetdeş demirgazyk-günbatar Haýber Pahtunhwa welaýatynda bolsa ýagyş zerarly sekiz adam öldi.

XS
SM
MD
LG