Prezident Wolodymyr Zelenski Günbatar agzybirligini we halkara krizislerini çözmek meselesinde has köp gatnaşyk edilmegine çagyrdy we Hamas söweşijileriniň Ysraýyla eden görlüp-eşidilmedik hüjümi bilen Russiýanyň Ukraina çozmagynyň arasynda görýän meňzeşliklerine ünsi çekdi.
"Bu ýerdäki ýeke-täk tapawut şunda, Ysraýyla terrorçy topar tarapyndan hüjüm edildi, Ukraina bolsa terrorçylyk döwleti tarapyndan hüjüm edildi" diýip, Zelenski 9-njy oktýabrda NATO-nyň Parlament Assambleýasynyň Kopengagendäki mejlisine wideo baglanyşygy arkaly beren interwýusynda aýtdy.
"Jar edilen niýetler başga-başga, ýöne many-mazmun birmeňzeş" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi
"Bu halkara arenasyndan içerki dawa-jenjellere tarap çekilmegiň wagty däl. Bu biziň özümizi çetleşdirmegimiziň wagty däl. Bu dymmagyň ýa-da bir yklymdaky terrorçylygy global meselelere täsir etmeýän bir zat ýaly görkezmegiň wagty däl" diýip, ukrain prezidenti aýtdy.
Ol bu sözleri Hamas toparynyň söweşijileriniň hepde ahyrynda Ysraýyla hüjüm edip, bu ýurduň içindäki aýdym-saz festiwalynda 250 çemesi adamy öldüren hüjümini nazarda tutup aýtdy. Bu hüjüm uly söweşiň başlanmagyna sebäp boldy we netijede ýewreý döwletinde-de, Gaza zolagynda-da ýüzlerçe adam öldürildi.
Ukrain goşuny şu gün irden Donetsk we Zaporižýa sebitleriniň gündogar we günorta böleklerinde alyp barýan söweş operasiýalarynda belli bir derejede üstünlik gazanandygyny öňe sürdi, sebit resmileri soňky bir günüň dowamynda edilen rus hüjümleriniň parahat ilatyň arasyndaky pidalara sebäp bolmagyny dowam etdirýändigini aýtdylar.
"Klişçiýiwka we Andriýiwka [Bahmutyň günortasy] sebitlerinde bölekleýin üstünlik gazanyldy" diýip, baş ştab 9-njy oktýabrda beren gündelik hasabatynda aýtdy.
Ukrain goşunlary, garşylykly hüjüm başlanaly bäri, birnäçe aýa çeken ganly söweşlerden soň, şu ýylyň başynda rus goşunlarynyň eline geçen Bahmut sebitindäki hüjüm operasiýalaryny dowam etdirýärler.
Şeýle-de, ukrain goşuny günortadaky Zaporižýanyň Melitopol ugrunda eden hüjümleriniň üstünlikli amala aşyrylandygyny habar berdi.
Ukrain goşunlary gündogarda ruslaryň basyp alan ýerlerini 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan bikanun anneksiýa edilen Krym ýarym adasy bilen birikdirýän gury ýer baglanyşygyny kesmek üçin Melitopol şäherine çykmaga synanyşýarlar.
Ukrain güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda jemi 37 sany ýakyn söweş çaknyşygyna girdi diýip, harbylar aýtdy. Bu aýdylýanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Günortadaky Herson sebitiniň harby dolandyryş administrasiýasynyň başlygy Oleksandr Prokudiniň şu aralykda beren habaryna görä, ruslaryň bu sebite atan top oklary bir adamyň ölümine, 18 adamyň, şol sanda iki çaganyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Sebit häkiminiň aýtmagyna görä, rus goşunlarynyň bir gün ozal eden hüjüminde ondan gowrak adam, şol sanda 27 ýaşly aýal we onuň dokuz aýlyk bäbegi ýaralandy.
Geçen ýyl ukrain güýçleriniň basyşyna çydaman sebit paýtagtyndan çekilen Moskwa Hersonyň Ukrainanyň gözegçiligindäki bölegini yzygiderli topa tutýar.
Şu aralykda, BMG we ýerli derňewçiler Harkow sebitindäki kiçijik ukrain obasyna, Hroza urlan raketa zarbasyna jogap gözleýärler. Russiýanyň bu oba hepdäniň başynda uran raketa zarbasy 50-den gowrak adamyň ölümine sebäp boldy.
Derňewçiler öldürilenleriň hemmesiniň diýen ýaly parahat ilata degişli adamlar bolandygy barada deslapky netijä geldiler diýip, "Associated Press" habarlar gullugy BMG-nyň beren maglumatyna salgylanyp ýazdy.
"Meniň ýerli ýaşaýjylar we diri galanlar bilen geçiren ilkinji söhbetdeşliklerim ölenleriň hemmesiniň diýen ýaly asuda adamlar bolandygyny, nyşana alnan obanyň gelim-gidimli kafesi we dükany hem bu ýeriň ýaşaýyş ýeridigini aç-açan görkezýär" diýip, 7-nji oktýabrda Hroza baryp gören toparyň ýolbaşçysy Danielle Bell BMG-niň taýýarlan beýanatynda aýdýar.
"Bu ýerde bolup geçen waka Russiýanyň çozuşynyň Ukrainanyň asuda ilatyna ýetiren täsiriniň ýene bir pajygaly ýatlatmasy" diýip, Bell sözüniň üstüni ýetirdi.
Forum