Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zibil çelekleriniň ýanyndaky paçaklar ‘ýaşuly ýakalaşygyna sebäp bolýar’

Aşgabat. Zibil çelegini dörýän adam. Arhiw suraty
Aşgabat. Zibil çelegini dörýän adam. Arhiw suraty

Ahal welaýatyndaky habarçymyz we çeşmeler sebitiň zir-zibil çeleklerini dörüp, iýer ýaly zat gözleýän we bu ýerde biri-biri bilen ýakalaşýan ýaşulularyň köpelýändigini habar berýärler. Bu habar resmi maglumatlara, ýurduň “durmuş üpjünçiliginiň täzeçe çemeleşmeleri", häzirki zaman pensiýa ulgamy hasaplanylýan ulgamy barada aýdylýanlara ters gelýär.

Dürli çeşmelerden gelip goşan maglumatlara görä, şu günler zir-zibil atylýan çelekleriň her birine ýaşuly adamlar, pensiýa ýaşyndaky raýatlar ‘berk gözegçilik edýär’.

“Olar, özlerinden başga hiç kim el degirmez ýaly, zibil çelekleriniň ýanynda nobatçylyk çekýärler. Mundan öň bu hili ýerlerde ýaş oglan-gyzlar köp görlerdi. Olar plastik gaplary, Kardon kagyzlary çöpläp, eklenç ederdiler. Soň bu çelekleriň ýanynda ýany çagaly aýal maşgalalar köpelipdi” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Zibil çelekleriniň daşynda gartaşan adamlar köpelýär

Habarçylarymyz aç-hor çagalaryň, mätäçlik çekýän raýatlaryň zibil çeleklerinden iýmäge ýa satmaga ýarajak zat gözlemeginiň barha kän göze ilýändigini ençeme ýyl bäri habar berýärler. Ýöne mundan öň, bazarlarda we beýleki köpçülik ýerlerinde dileg edýän garrylary nazara almasaň, ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, pensiýa ýaşyndaky adamlar beýle ýagdaýda o diýen kän ‘göze ilmeýärdi’.


“Indi, häzirki günde, pensiýa ýaşyndaky adamlar birden zibil çelekleriniň daşyna üýşüp, olary paýlaşmaga başlandyklaryny görse bolýar. Ýaşy bir çene baran, 60-dan geçen adamlaryň biri-biri bilen ýakalaşýandygyny görüp, olary aralamaga barýan adamlar hem haýran galýarlar” diýip, şeýle ýagdaýa şaýat bolan çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçysy ýakalaşýan ýaşululary aralandygyny aýdan ýaşaýjy bilen hem söhbetdeş boldy. Onuň sözlerine görä, zibil çeleklerini ‘garawullaýan’ ýaşlylar bu ýeriň golaýynda, çelege taşlanman, mal saklaýanlar alar ýaly edilip goýlan gawun, garpyz paçaklary üstünde dawalaşyp, ýakalaşmaga çenli baryp ýetýärler.

“Ilki men olaryň mal-garasy badyr öýtdüm. Aralap bolup, ‘näme, malyň barmy?’ diýip sorasam, ‘ýok, malym ýok, häzir biziň öz ýagdaýymyz malyňkydan üýtgeşik däl, men bu paçaklary gyryp, suwuny içýärin, käte iýer ýaly ýeri bolsa, iýýärin, biziň pensiýamyz gaty az’ diýdi. ‘Şeýdip gün görmesek, bizi garrylar öýi hem kabul edenok’ diýip zeýrendi. Gaty gynandym” diýip, söhbetdeşimiz aralan ýaşulularynyň adatça durýan ýerlerini salgy berdi.

Pensioner ýaşyly gününiň paçaga galandygyny aýdýar

Habarçymyz bu ýere baryp, salgysy berlen ýaşuly bilen hem söhbetdeş boldy. Ol aýdylýan zatlary tassyklap, şeýle diýdi:

“Ýakalaşan sakgaldaşym paçak çöpläp, mal-garasy bolan adamlara satýar. Men bolsam, özüm we aýalym, agtygym bilen bile, ‘paçak suwuna çörek batyryp işsek bolýar’ diýip çöpleýärin. Şol sebäpden zibil çeleklerini garawullamaly bolýaryn, käte ýakalaşmalam bolýar. Geçen gezek ýoldaşym ýakalaşanda, elini döwdürdi, keselhana baryp, gipsletmäge puly bolmansoň, ol häzir öýünde ýatyr. Men onuň paýyny hem eltip bermeli bolýaryn” diýip, pensioner ýaşuly Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Bu ýagdaýlary daşyndan synlan bir ýaşulynyň habarçymyz bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, döwlet ýolbaşçylary ‘häzir, halkyň başdan geçirýän kyn döwründe itşynaslara, atşynaslara uly çykdajy edip, pensionerleriň pensiýalaryny ýylda 10% göterim köpeltmegi hem bes etdi’.

“Pensionerler ‘biziň pensiýa pulumyzy kesip, häzir uly mukdarda pul sarp edip, golf meýdançasyny gurýarlar’ diýip gürrüň edýärler. Biziň pulumyzy golf meýdançasyna, it we ata heýkellerine harçlaman, her welaýatyň her etrabynda Garrylar öýüni gursa, ol ýere-de mugt, para-peşgeşsiz girip, arkaýyn ýatyp-turup, naharlanyp, ýuwnup-ardynyp, syrkawlasaň mugt bejergi alyp biler ýaly, halk bähbitli iş etse, özümem şol ýere giderdim” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly aýtdy.


Ol häzir ogly, gelni, agtyklary bilen bile ýaşaýandygyny, ýöne hojalyga salýan agramyny duýýandygyny hem sözüne goşdy.

“Meni oglum ekläp-saklajak bolýar. Emma men duýýaryn, hojalyga salýan agramym gün-günden artýar. Gelnim birde çaý-çörek uzatsa, birde uzatmaýar. Meniň öz öýümde iýjek çöregim hem käte minnetli bolýar. Eger-de pensiýalar, häzirki bazar nyrhlaryny öwrenip, talaba laýyk berilse, onda bizem öz iýjek zatlarymyzy arkaýyn alyp, minnetli aş içmezdik.”

Ýaşulular "Garrylar öýleriniň" köpeldilmegini isleýär

Azatlygyň habarçysynyň aýry-aýrylykda gürleşen birnäçesiniň tassyklamagyna görä, häzir “Garrylar öýi açylsa, kabul etseler hökman barardym” diýýän ýaşuly barha köpelýär.

Aşgabatly synçy türkmen pensionerleriniň häzirki ýagdaýynyň ilkinji prezident Saparmyrat Nyýazowyň pensiýalary kesende ýa düýpli azaldanda düşen ýagdaýyny ýatladýandygyny, Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolanyndan soň, ozaly Türkmenbaşynyň ‘garrylary ogul-gyzy eklesin’ diýen syýasatyna garşy durandygyny belledi.

“Häzirki prezident hem kimiň ogly, gyzy bolsa, şol eklesin syýasatyny alyp barýana meňzeýär. Emma ogul-gyzlaryň alýan aýlyklary özlerine ýetmeýär. Hojalykda haçan et iýenimiz ýadymyzdan çykdy” diýip, zibil çelekleriniň ýanyndaky ýagdaýy daşyndan synlaýan goja aýtdy.

Diňe pensionerler däl, býujet edaralarynyň işgärleri hem eklenjiň barha kynlaşýandygyny öňe sürýärler. Aýdylmagyna görä, gara bazar nyrhynda 100, 250 dollardan geçmeýän aýlyklar üç-dört adamly hojalyk üçin gaty az bolýar.

"Ýurtda harytlar we hyzmatlar gymmatlaýar, hökümet ilat üçin öň girizen sosial ýeňilliklerine hem ýatyrdy, şu ýyl, öňki ýyllardan tapawutlylykda, aýlyklar we pensiýalar hem 10% ýokarlandyrylmady" diýip, ýerli synçy aýty.

Azatlyk Türkmenistanly pensionerleriň sany barada anyk maglumat tapyp bilmedi. Resmi maglumatlarda minimal pensiýanyň 500 manatdan sähel gowrakdygy aýdylýar, bu 142 dollara, gara bazar nyrhy bilen 25 dollara barabar. Türkmen pensionerleriniň sözlerine görä, pensiýasy 300 manada ýetmeýän adamlar hem bar.

Resmi maglumatlarda hemme zat gowy

Resmi maglumata görä, Türkmenistan, doly hukukly agzasy hökmünde, Halkara zähmet guramasynyň binýatlyk konwensiýalarynyň ählisine goşuldy.

Şeýle-de, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň web sahypasynda ýurtda Gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň, şeýle-de Pensiýa gaznasynyň hereket edýändigi aýdylýar. Emma muňa garamazdan, Azatlyk degişli edaralara hat ýazyp, telefon edip, hiç bir düşündiriş alyp bilmeýär.

Türkmen emeldarlary garaşsyz metbugatyň sowallaryna jogap bermegi, çap edilýän habarlary tassyklamagy ýa-da inkär etmegi zerur hasaplamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG