Hazar sammiti açyldy, Eýran ýok

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (çepde), Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew (çepden 2-nji), Azerbeýjanyň prezidenti Ylham Aliýew (sagdan 2-nji) we Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew (sagda) Aktauda, 11-nji sentýabr, 2009 ý

Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň ýolbaşçylary 11-nji sentýabrda gazak porty Aktauda duşuşýarlar. Bu “resmi däl” sammite bäş kenarýaka döwletiň diňe dördüsi gatnaşýar. Eýran duşuşyga çagyrylmady. Çagyrylmandygyna hem Tähran gahar edýär.

“Bu edil şu wagt bir gaty gyzykly mesele bolup durýar. Sebäbi Eýran sammite çagyrylmandygyna gahar-gazap bildirdi. 7-nji sentýabrda ors prezidenti Medwedew bilen Gazpromyň ýokary derejeli işgäri Milleriň arasynda bolan gepleşikde Medwedew ýene birnäçe günden hazarýaka döwletleriň birnäçesi bilen duşuşyk geçer diýdi. Gyzykly ýeri onuň “birnäçe” sözüni ulanandygy. Sebäbi bu hazarýaka döwletleriň “hemmesi däl” diýilmegi bilen deň” diýip, regiona belet Italiýaly analizçi Federiko Bordonaro aýdýar.

“Eýranyň milli bähbitlerine ters”


9-njy sentýabrda Eýranyň Daşary işler ministri Manuçehr Mottaki: “Biziň garaýşymyzça, duşuşyk Eýranyň milli bähbitlerine ters” diýdi.

Bordonaronyň pikriçe, Mottakiniň bu duýgularynyň dogry bolmagy ähtimal. Onuň aýtmagyna görä, eýranlylar Moskwanyň öz ýolbaşçylygynda Orsýet we öňki Sowet respublikalaryny içine alýan Hazar bileleşigini döreder öýdp gorkýarlar.

“Beýle edilen ýagdaýynda bu iş bu ýurtlara Eýranyň diplomatik izolýasiýasyndan peýdalanyp, Hazar barada öz aýdanlaryny etdirmäge mümkiçilik döreder. Eýrany goşmazlygyň ýene bir delili - onuň häzir syýasy taýdan irnik ýagdaýdada bolmagy-da mümkin” diýip Bordonaro aýdýar.

Deňizmi ýa köl?

Jedelli soraglaryň biri “Hazar deňizmi ýa köl” diýen sorag. Hazaryň baý energiýa çeşmelerini bölüşmekde bu soragyň jogaby gaty ähmiýetli. Mysal üçin ol deňiz bolsa, onda Gazagystan Kaspiden uly paý alýar, Eýrana düşeni hem onuň diňe 13 prosenti bolýar.

Gazagystanyň Daşary işler ministri 7-nji sentýabrda: “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda durýan dört döwletiň ýolbaçylary sammitde Kaspiniň kanuny statusy barada pikir alyşmaz” diýdi.

Bordonaronyň garaýşyça, şeýle hem bolsa, Eýranyň şübhesi delilsiz däl. “Hazar regionynda Eýrana beýlekiler bilen deň garalmaýandygynyň bir taryhy sebäbi bolmaly. Özleriniň öňki respublikalary bilen aýratyn gatnaşykda durýan orslar”.

Gyzykly sorag

Sammitde pikir alşyljak temalar näme-de bolsa, has gyzyklysy onuň beýle gyssagly geçirilýänligi. Öňki iki resmi sammitiň guramaçylyk işleri ençeme ýyla çekipdi. Geçmezden has öň bu hakdaky habar ile bildirilipdi. Ýöne bu näresmi sammit prezident Medwedew bilen prezident Nursultan Nazarbaýew telefonda gürleşip, duşuşyk barada ylalaşdylar diýip, ýaňy 18-nji awgustda bildirildi.

“Bu gyssaglylyk nämä gerek boldukan? Bu bir gaty gyzykly sorag. Eýranlylary biynjalyk edýän şu bolsa gerek. Olar beýle howlugýan bolsalar, duşuşygyň köpleriň ünsüni özüne çekmegini islemeýän bolsalar, onda regiondaky beýleki ýurtlarda halanmaýan bir ylalaşyga kowalaşylýan bolmagy mümkin” diýip, Bordonaro çaklaýar.