Türkmen zenanlaryna bahar sowgady

Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmenistanly gelin-gyzlaryň her biri 40 manat pul sylagyny alarlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmenistanly gelin-gyzlaryň her biri 40 manat pul sylagyny alarlar.
Pul sowgady eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, talyp hem-de mekdep okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara gowşurylar. Kararda bellenilişi ýaly, pul sowgady dabaraly ýagdaýda hut Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan gowşurylar.

Nyýazowdan gaýdan däp

Halkara zenanlar güni mynasybetli türkmenistanly gelin-gyzlara her ýyl pul sylagyny bermeklik ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan 2000-nji ýylda ýola goýlupdy. Ilkinji gezek edara-kärhanalarda işleýän her bir gelin-gyza bir aýlyk iş haky sowgat berlipdi. Özi hem S.Nyýazow Halkara zenanlar güni mynasybetli şeýle pul sylagynyň her ýyl beriljekdigini köpüň öňünde wada beripdi.

Emma bir ýyl geçensoň, bir aýlyk iş haky ep-esli derejede kemeldildi we şol döwürde her bir gelin-gyza 200,000 manat pul sylagy gowşuryldy. Ýöne muňa derek, pul sylagy diňe işleýän gelin-gyzlara berilmän, eýsem mekdepde okaýan gyzlara, hatda çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara çenli berilmeli edildi.

Geçen ýylky wadasynda durup bilmändigini köpçüligiň ünsünden sowmak maksady bilen, Nyýazow gowşurylýan sowgady şowhunly geçirmegi her bir ýolbaşçydan berk talap etdi.

Netijede telewideniýede dürli edara-kärhanalarda Halkara zenanlar güni mynasybetli gowşurylýan sowgadyň dabaralary üznüksiz görkezilip başlandy. Prezidentiň adyndan pul sylagyny alan gelin-gyzlaryň adyndan radioda, telewideniýede, metbugatda Nyýazowyň adyna alkyşly sözler aýtdyryldy.

Saparmyrat Nyýazowdan galan bu şowhunly reklama şu günki günlere çenli hem saklanylyp galyndy.

Berilýän puldan nägilelik

Ýurduň prezidentiniň adyndan her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlara berilýän bu pul sylagy köplerde nägilelik döredýär. Çünki häzirki 40 manat pul sylagy mundan on ýyl ozal Saparmyrat Nyýazowyň belläp giden 200,000 manat puluň mukdarydyr. Eger-de şol wagt 200,000 manat ýurtdaky ortaça aýlygyň üçden bir bölegine deň bolan bolsa, häzirki 40 manat ortaça aýlygyň ondan bir bölegine barabardyr.

Mundan başga-da pul sylagynyň hatda bir aýlyk gyzjagaza-da berlip, emma maşgala ekläp oturan, ýöne hiç bir ýerde işlemeýän zenana berilmezligi ilat köpçüliginiň arasynda nägilelik duýgusyny döredýär.

Ýerli habaçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.