Sen şol ýerde barmydyň?

1986-njy ýylyň 17-19-njy dekabrynda taýýarlyksyz ýagdaýda ýüze çykan protest çykyşynda adamlar Almatynyň merkezi meýdançasynda demonstrasiýa geçirýärler. Bu meýdança soňra «Täze meýdança» diýlip atlandyryldy.

Krym tatarlary 1988-nji ýylyň 6-njy martynda öz dogduk topraklaryna göçürilmeklerini talap edip, Krasnodarda demonstrasiýa geçirýärler. Bu waka Sowet metbugatynda habar berlen ilkinji etniki protest hökmünde alamatlandy.

1989-njy ýylyň iýunynda «Moldowanyň meşhur fronty» ýöriş gurnap, moldow dilini döwlet dili hökmünde ykrar edýän täze kanunyň kabul edilmegini talap edýär.

1989-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda demonstrasiýaçylar Kiýewiň merkezinde Ukrainanyň «Üýtgedip gurmak ugrundaky hereketi» tarapyndan gurnalan ýörişe ýygnanýarlar. Olar milli täzeden döreýşi we garaşsyzlygy goldap çykyş edýärler.

1989-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda demonstrasiýaçylar Kiýewde Ukrainanyň «Üýtgedip gurmak ugrundaky hereketi» tarapyndan gurnalan ýörişe ýygnanyp, milli täzeden döreýşi we garaşsyzlygy goldap çykyş edýärler.

1990-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Bitewilik Gününiň 71 ýyllygyny bellemek üçin Ukrainanyň üç million raýaty ýurduň günbataryndaky Lwow şäherinden paýtagt Kiýewe çenli gol tutuşyp, janly zynjyr döretdiler. Taryhda şol gün Milli Ukrain Respublikasy bilen Günbatar Milli Ukrain Respublikasy bir bitewi döwlete birigipdi.

1990-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Ukrainanyň Milli Bitewilik Aktynyň kabul edilen gününi belläp geçmek uçin demonstrasiýaçylar Kiýewiň merkezindäki Bogdan Hmelniskiý meýdançasyna (häzirki Sofiýa meýdançasy) ýygnanýarlar. 1919-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Milli Ukrain Respublikasy bilen Günbatar Milli Ukrain Respublikasy bir bitewi döwlete birigipdi.

Yslamçylaryň syýasy sahna gelmekleriniň netijesinde dörän ganly bulagaýçylyklaryň yzy bilen, 1990-njy ýylyň 15-nji fewralynda protestçiler Duşenbäniň merkezindäki Lenin meýdançasyna ýörişe çykdylar.

1990-njy ýylyň 5-nji iýunynda Topçubek Turgunaliýew (sahnada sagdan birinji) we Gyrgyzystanyň anti-kommunist Demokratik Hereketiniň egindeş başlygy Jypar Jekşe (sahnada sagdan ikinji) Frunze (hazirki Bişkek) şäherindäki Ala-Too meýdançasynda demonstrantlara ýüzlenýärler. Olar günortadaky Oşda parahatçylyk we Sowet Gyrgyzystan respublikasynda demokratik reformalary talap edýärler.

1990-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Ukrain Ýaşlarynyň Garaşsyz Birleşigi Kiýewde simwolik ýagdaýda «SSSR-iň jaýlanyş çäresini» gurnady. Ýaşlaryň ellerindäki plakatlarda «SSSR - halklar üçin türmedir», «Orak we çekiç - ölüm we açlykdyr» diýen ýazgylar bar.

1990-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Ukrainanyň Halk Hereketiniň agzalary Ukrainanyň Sowet Soýuzyndan bölünmegini talap edip ýöriş geçirýärler.

1991-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda birnäçe anti-kommunist guramalary özünde jemleýän Gyrgyzystanyň Demokratik Hereketiniň agzalary Frunze (hazirki Bişkek) şäheriniň merkezi meýdançasynda Sowet goşunlarynyň Pribaltika döwletleriniň içerki işlerine goşulmagyna protest bildirýärler.

Gürjüstan Respublikasynyň Sowet Soýuzyndan öz garaşsyzlygyny yglan etmeginiň yzysüre, 1991-nji ýylyň 10-njy aprelinde Gürjüstanyň milli gwardiýasynyň bir esgeri ýerli raýatlar bilen tans edýär.

1991-nji ýylyň 19-njy awgustynda Sowet prezidenti Mihail Gorbaçýowa garşy dildüwşük gurnalan wagty Moskwanyň merkezindäki Kalinin prospektine tanklar çykaryldy.

1991-nji ýylyň 27-nji awgustynda protestçiler Kişinýowde Moldowanyň parlamentiniň prezidiumynyň garaşsyzlygy yglan etmek baradaky kabul eden kararyny goldap, ýöriş geçirýärler.

1991-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Bakuwyň bir ýaşaýjysy rus bolşewikleriniň lideri Wladimir Leniniň suratyny çapyp aýyrýar. Şondan dogry bir aý öň Azerbaýjanyň Ýokary Geňeşi garaşsyzlyk barada deklarasiýa kabul edipdi.

1991-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Dubasaride Preddnestrowiýanyň garaşsyzlygyny goldaýjylar bilen onuň Moldowa goşulmagyny goldaýjylaryň arasynda konfrontasiýa ýüze çykdy.

1991-nji ýylyň oktýabrynda täjigistanly protestçiler parlamentiiň spikeri Rahmon Nabiýewiň wezipesinden çekilmegini we 24-nji noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjak ähli dalaşgärler üçin deň şertleriň döredilmegini talap edýärler.