Eýranyň ölýän köli Orumieh

Eýranyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Orumieh köli bir mahallar ýurduň iň owadan tebigy mekanlarynyň biridi.

“Eýranyň Pariži” diýlip tanalýan Orumieh şäheriniň golaýynda ýerleşýän köle geçmişde ýurduň dürli künjeklerinden zyýaratçylar gelerdi.

Emma Orumieh köli indi tebigy betbagtçylygyň mekany hökmünde tanalýar.

Dünýäniň iň uly duzly kölleriniň biri bolan Orumieh, guraklyk we derýalaryň öz akymlarynyň ugruny üýtgetmegi sebäpli, soňky ýyllaryň dowamynda 60 prosent kiçeldi.

Bir mahallar suwuň astynda bolan ýerlere indi awtoulag bilen baryp bolýar.

Kenara çöken gaýyklar suwdan 6 kilometr uzaklykda düzülip ýatyr.

Kenara çöken gaýyklar suwdan 6 kilometr uzaklykda düzülip ýatyr.

Duz kesmekleri guran ýerleriň üstüni örtüpdir.

Regionyň çölleşmegi sebäpli, indiki alty ýylyň içinde 1 milliona golaý ýerli ýaşaýjylaryň başga ýerlere göçürilmegi mümkin.

Ýerli ýaşaýjylar we daşky gurşaw aktiwistleri suwuň derejesiniň gaýtadan dikeldilmegi üçin degerli çäreleriň ýola goýulmagyny talap edýärler.

Köli halas etmek üçin düzülen gysga möhletleýin plan 17-nji awgustda Eýranyň parlamenti tarapyndan ret edildi.

Orumieh kölüniň ýuwaş-ýuwaşdan ýok bolup gitmegi indi syýasy meselä öwrüldi.

Köl Eýranyň gündogaryndaky we günbataryndaky azeri welaýatlary bilen serhetleşýär. Bu welaýatlarda Eýrandaky etniki azerileriň aglaba bölegi ýaşaýar.

Eger anyk çäreler görülmese, ýüzlerçe guş, süýrenji hem süýt emdiriji görnüşleriniň öýüniň hemişelik ýok bolup gitmegi mümkin.

Eger anyk çäreler görülmese, ýüzlerçe guş, süýrenji hem süýt emdiriji görnüşleriniň öýüniň hemişelik ýok bolup gitmegi mümkin.