Nýu Delide “Transowgan” proýektine üns berildi

Faýzulla Gardaş: “Eger howpsuzlyk üpjün edilmese, bu gazgeçirijiniň gurluşugyny amala aşyrmak mümkin däl".

Türkmenistandan çekiljek “Transowgan” gaz proýektiniň tranzit tölegleri barada Owganystanyň hökümeti bilen gepleşikleriň geçiriljekdigi we bu proýekt boýunça Pakistan bilen Hindistanyň bilelikde strategiýa ýöretmek barada ylalaşyga gelendikleri habar berildi.

Bu karar Pakistan bilen Hindistanyň nebit ministrleriniň Hindistanyň paýtagty Nýu Delide 25-nji ýanwarda geçiren duşuşyklaryndan soňra yglan edildi.

“Gowy habar, emma…”

Eýsem, bu karar onlarça ýyldan bäri gürrüňi edilip, ýöne gurluşyk işleri henize çenli başlanman gelýän “Transowgan” gaz proýektiniň gelejegi barada nämäni aňladýar?

Pakistanly ykdysady meseleler boýunça garaşsyz bilermen we žurnalist Ikram Hotiniň aýtmagyna görä, bu gazanylan öňegidişlik gowy habar. Emma bu ýerde üç problema bar: “Birinjiden, bu gazgeçiriji Türkmenistandan gözbaş alyp, Owganystan

"Döwlet ýolbaşçylary derejesinde geçirilen gepleşiklere garamazdan, proýektiň gurluşyk tapgyryna henizem başlananok".

arkaly Pakistana we Hindistana ýetirilmeli. Emma, Pakistanyň we Owganystanyň arasynda möhüm territorial problemalar bar. Şonuň ýaly-da, Pakistanyň we Hindistanyň özara gatnaşyklarynda oňşuksyzlyklar bar. Owganystanda asudalyk ýok. Ikinjiden, bu proýekti haýsy kompaniýanyň amala aşyrjakdygy we oňa näçe pul ýatyrjakdygy belli däl. Üçünjiden, Pakistan proýektiň amala aşyrylmagy üçin passiw hereket edýär. Çünki Pakistandaky syýasy partiýalaryň we goşunyň arasyndaky göreş sebäpli ýurtda syýasy durnuksyzlyklar bar”.

Gözbaşyny Türkmenistanyň Döwletabad gaz ýataklaryndan almagyna garaşylýan bu proýekt gurulan halatynda, ol türkmen gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana akdyrar. Uzynlygy 1700 kilometre barabar boljakdygy aýdylýan bu turba we onuň gurluşygy hakda soňky döwürlerde ençeme gepleşikler geçirildi. Döwlet ýolbaşçylary derejesinde geçirilen şol gepleşiklere garamazdan, bu barada takyk netijä gelinmän, proýektiň gurluşyk tapgyryna henizem başlananok.

Agzalýan proýektiň gurluşygynyň başlanmagynyň öňündäki päsgelçiliklerden biri Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky özara ynamsyzlyk bolsa, beýlekisi Owganystanyň howpsuzlygydyr.

Howpsuzlyk uly mesele bolup durýar

Owganystandan energiýa meseleleri boýunça bilermen Faýzulla Gardaş bu barada şeýle diýýär: “Eger howpsuzlyk üpjün edilmese, bu gazgeçirijiniň gurluşugyny amala aşyrmak mümkin däl. Şol sebäpden taraplar bu proýektiň durmuşa geçirilmegi üçin asudalygyň bolmagyny gazanmaly. Ýogsam bolmasa, edilýän aladalaryň netije berjegi gümana”.

Owganystanyň howpsuzlyk meselesi Türkmenistan bilen Owganistanyň prezidentleriniň arasynda çarşenbe güni geçirilen ýygnakda-da gürrüň edildi. Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň edarasy tarapyndan bu barada penşenbe güni ýaýradylan beýanatda ýurduň howpsuzlygy bilen bir hatarda “Transowgan” proýekti boýunça dürli meseleleriň geňeşilenligi aýdylýar.

Synçylaryň aýtmagyna görä, agzalýan proýekte dahyly bolan ýurtlaryň ählisiniň islegine garamazdan, bu proýektiň gurluşyk tapgyrynyň haçan başlanjagy henizem sorag bolmagyna galýar.

Emma Pakistanyň energiýa ministri Asim Hussaýin bu babatda 25-nji ýanwarda Hindistanda gelnen ylalaşyga uly ösüş diýip baha berdi. Nýu Delide gelnen bu soňky ylalaşygyň “Transowgan” gazgeçirijisiniň gurluşyk tapgyrynyň başlanmagy jähtden nämäni aňlatjakdygyny wagt görkezer.