2011-nji ýylyň iň gowy metbugat suratlary

Ispan fotožurnalisti Samuel Arandanyň düşüren “Arap bahary” atly suraty 2011-nji ýyl boýunça baş baýraga mynasyp boldy. Ol Ýemende bolan protestler mahalynda düşürildi.

Bosniýa-Gersogowinadan Damir Sagoliniň Demirgazyk Koreýada düşüren suraty Gündelik durmuş kategoriýasynda birinji ýere mynasyp görüldi.

ABŞ-dan Stefani Sinkleýr “Çaga gelinler: durmuşa çykarardan has ýaş” atly suraty üçin baýrak aldy. Gyrmyzy köýnekli ýemenli gyz durmuşa çykanda 6 ýaşyndady.

Şwesiýaly Niklas Hammerstrom Norwegiýanyň Utoýa adasyndaky gyrgynçylykdan soň düşüren şu suraty bilen Täzelikler kategoriýasynda baýrak aldy.

Orsýetli Ýuriý Kozyrew Liwiýadaky gozgalaňçylary surata düşürip, birinji baýraga mynasyp boldy.

Ýaponiýaly Ýasuýoşi Çiba tarapyndan düşürilen “Sunaminden soň” atly surat hem baýraga mynasyp görüldi.

Eýranda doglan daniýaly aktrisa Mellisa Mehrebanyň danimarkaly Laerke Posselt tarapyndan düşürilen suraty portretler kategoriýasynda baýrak aldy.

Italiýaly Aleks Majoliniň Müsürde düşüren suraty birinji baýraga mynasyp boldy. Suratda müsürli protestçiler, Mubrarek häkimiýetden gitmejekdigini aýdandan soň, gygyryşýarlar.

ABŞ-dan Jenni Rossyň ors adasy Nowaýa Zemlýada düşüren suraty Tebigat kategoriýasynda baş baýraga mynasyp boldy.

Fransiýaly Winsent Boisotyň Senegalda düşüren suraty hem baýrak aldy.