Parižde “Balsaýady” ýaňlandyran

Türkmeniň iň uly bagşylarynyň biri Hangeldi Annamyrat 80 ýaşady. Bagşy Hangeldi Annamyradyň döreden senedi-de, ömür ýoly-da asla bir ugurly däl. Ol 50 ýylda diňleýjileri begendirip, haýran galdyryp bildi. Bagşy baradaky pikir-garaýyşlar hem dürli boldy.

Hangeldi Annamyradow 1932-nji ýylda Mary etrabynyň Peşanaly obasynda dünýä inipdi. Obada 7 ýyllyk mekdebi gutardy, 10 ýyl çemesi sürüji bolup işledi. Soňra aýdym-saz mugallymy hem bagşy-solist hökmünde orta çykdy. Örän çeküwli sesi hem eliniň ezberligi oňa abraý getirdi. Aýratyn-da, “Ýaý indi”, “Onda ýar aglar”, “Mollanepes”, “Balsaýat” ýaly aýdymlary bilen meşhurlyk gazandy.

“Çeşmeler” gepleşiniň bu gezekki sanynda Hangeldi Annamyradowyň döredijiligi barada gürrüň edilýär.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Parižde “Balsaýady” ýaňlandyran