Garry Nohur obasynyň täsinlikleri
Arçman stansiýasyndan 25 kilometr uzaklykdaky Garry Nohur obasy deňiz derejesinden 1300 metr belentlikde ýerleşýär.
1500-e golaý hojalykly Garry Nohur obasynda 5 müň töweregi ýaşaýjy ýaşaýar.
Garry Nohur obasynda bu obanyň ýaşyny çen bilen hem aýdyp bilýän ýaşaýjy ýok.
Obany ikä bölýän we “peýdaly” diýlip atlandyrylýan dag çeşmesiniň suwundan her hojalyga diýen ýaly suw krany çekilipdir.
Bu obada belentli-pesli ýerlerde gurlan dürli tipdäki ýaşaýyş jaýlaryna eltýän ýollar juda darajyk.
2000-ji ýyllarda oba sil suwy gelende, obanyň jaýlaryna uly zeper ýetipdir.
Obanyň merkezinde seleňläp outran belent çynara ýerli ýaşaýjylar azyndan müň ýaş berýärler.
Garry çynaryň içinde täsin gowak bar.
Garry çynaryň golaýynda obada ilkinji sowet mekdebini açmagy ýola goýan Muhammetguly Atabaýewiň heýkeli ýerleşýär. Bu heýkel garaşsyzlyk ýyllary bina edilipdir.
Obanyň golaýynda, dagyň kemerinde ýerleşen “Gyzbibi” gonamçylygy zyýaratçylaryň hem syýahatçylaryň köp gelýän ýeri.
Garry Nohur obasynyň ýerleşýän ýeri belentli-pesli bolansoň, mellekleri suwarmak we ekin ekmek işleri-de kyn.
Garry Nohur obasynyň gelin-gyzlary öýlerde türkmeniň milli ketenisini, düýp gyňaçlaryny ussatlyk bilen dokaýarlar.
Obada gelin-gyzlar öýlerde türkmeniň milli ketenisini, düýp gyňaçlaryny dokap, satýarlar.
Işsizlikden eklenji kyn hojalyklarda gelin-gyzlar öýlerde türkmeniň milli ketenisini, düýp gyňaçlaryny dokap, satýarlar.
Obanyň gelin-gyzlary öýlerde türkmeniň milli ketenisini, düýp gyňaçlaryny ussatlyk bilen dokaýarlar.
Obanyň ýaşaýjylary şu gadymy daşlaryň ýüzündäki täsin yzlary Hezreti Alynyň atynyň aýak yzlary diýip hasaplaýarlar.
Obada orta mekdep, medpunkt, oba arçynlygy we uly metjit bar.
Obada hususy dükanlar, dellekhanalar we sosial maksatly hususy hyzmat nokatlary işleýär.
Garry Nohur obasynyň töwereklerindäki daglyklarda dermanlyk seýrek ot-çöpler ösýär.
Işsizlikden eklenji kyn hojalyklar, daglarda bitýän dermanlyk ot-çöpleri ýygnap, satuwa çykarýarlar.
Garry Nohur obasyna gezelenje gelýänler dagda bitýän dermanlyk seýrek ot-çöpleri höwes bilen satyn alýarlar.
Sowet ýyllarynda “Ogul” we “Ependi” kinofilmleriniň surata düşürilen ýeri bolan bu obada soňky wagtlar ýene-de kinoçylar peýda bolýarlar.
Bu obada ýaşan Oraz ahun sosialistik rewolýusiýanyň ilkinji ýyllarynda serhetden aňryk geçipdir. Soňra ol yzyna dolanmandyr.
Gadymy geçmişde bu ýerlerde grekleriň ýaşandyklary barada-da gürrüňler bar. Obada daşdan gurlan käbir jaýlar grek medeniýetine degişli jaýlary ýatladýar.