"Akyl-paýhasyň gözbaşy" awtoryny entetdi

"Türkmen dili" we "Aşgabat" gazetleriniň 3-nji we 4-nji iýulda çykan sanlary.

Iki sany türkmen žurnalistiniň şol bir mazmundaky iki makalasy Türkmenistanda adaty zada öwrülendigi aýdylýan edebi ogurlyga ýene bir gezek ünsi çekdi.

Ol makalalar başga-başga gazetlerde, başga sözbaşy bilen çap edildi. Ýöne Türkmenistanyň Metbugat merkezinde geçirilen ýygnaga gatnaşanlar makalany ogurlan däl-de, eýsem ýazan hasaplanýan žurnaliste temmi berilmegini geň gördüler. Bu maglumaty Azatlyk Radiosyna adynyň aýdylmazlygyny soran ynamdar çeşme aýtdy.

Faktlardan, ýagny gazet sahypalaryndan görnüşine görä, "Akyl-paýhasyň gözbaşy" atly makala ilki, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň ady bilen, 3-nji iýulda “Aşgabat” gazetinde çap edilýär. Bir gün soň bolsa, beýik Magtymguly baradaky opera bagyşlan şol bir makala, az-kem üýtgetme we başga sözbaşy bilen, Ogulnabat Jumaýewanyň awtorlugynda, “Türkmen dili” gazetinde çykýar.

Aýdylmagyna görä, 5-nji iýulda neşirýat gullugynda geçirilen ýygnak hut şu meselä bagyşlanypdyr. Şol ýygnakda gelnen karara görä, Atamyrat Şagulyýew Ogulnabat Jumaýewadan bir gün öň çap edilen makalasy sebäpli iki wezipesinden, “Aşgabat” we “Türkmen dili” gazetlerindäki ýarym ştatlyk işlerinden boşadylypdyr. Ogulnabat Jumaýewa bolsa, käýinç berlipdir.

"Türkmen dili" we "Aşgabat" gazetlerindäki gürrüňi edilýän makalalar.

Eýsem Türkmenistanda awtorluk hukuklary näme üçin äsgerilmeýär? Azatlyk Radiosyndan Ýowşan Annagurban bu barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Häzir Türkmenistanda awtorluk hukuklary nähili ýagdaýda? Bu baradaky täze kanunyň jemgyýetçilige tanyşdyrylyşy nähili barýar?

Amanmyrat Bugaýew: Täze kanun kabul edildi, ýöne men edil özüm-ä bilemok şony, “bilýän, şeýle zat bar” diýýän adama-da gabat gelmedim. Şol ugurdan edaralar, ýene gaýrylar entek döredilenok.

Azatlyk Radiosy: Şol kanun kabul edileninden soň ol barada metbugatda pikir alyşma-beýleki guralmadymy? Ýazyjylar, žurnalistler bu kanunyň gürrüňini etmedilermi?

Amanmyrat Bugaýew: Ýok, onuň ýaly zat bolmady. Ýöne, elbetde, metbugatda gürrüň edildi, mahabatlandyryjy gürrüňler, “ynha, bizde-de awtorluk hukuklary barada ýörite kanun kabul edildi, bu adamlaryň hak-hukugyny aýyl-saýyl etmäge kömek eder” diýip.

Birem, döwlet baştutany derejesinde birki gezek hökümet maslahatynda şo mesele gozgaldy, “şol zatlar amal edilmeli” diýip. Ýöne amal edilýän anyk işem ýok, edilýän gürrüňem ýok, çekişmelerem ýok. Ynha, garaşsyzlyk ýyllarynda ýol berlen bir giden hata hakynda çekişme gurap boljakdy, haýp, şol zatlar edilmedi.

Azatlyk Radiosy: Şu günki günde awtorluk hukuklarynyň bozulýan ýagdaýlary nähili çynlakaý bolup durýar? Bu ugurda gözüňize ilýän anyk zatlar barada aýdyp bilmezmisiňiz?

Amanmyrat Bugaýew: Ol, awtorluk hukuklary göz-görtele bozulýar. Ozaly bilen-ä aýdym-saz sungaty bilen bagly köp zatlar bozulýar. Bu ýerde aýdylýan aýdymlaryň sazlarynyň başga bir milletiň aýdym-sazynyň ogurlugydygyny şol ugurdan sähelçe üşügi, habary bolan adam bilýär. Esasanam türk aýdymçylarynyň sazlary ogurlanýar.

Sözlerem gowşak ýa-da bolmasa, öň ýaşap geçen, häzir aýatda ýok uly söz ussatlarynyň sözlerinem, birki sözüni, birki setirini üýtgedip, öz atlaryna geçirip, aýdym edip aýdýarlar. Bu radio tolkunlarynda-da, telewideniýäniň efirinde-de her gün göze basylyp, gaýtalanyp duran ýagdaý.

Megerem şonuň üçin bolsa gerek, häzir aýdylýan aýdymlaryň sözüniň kimiňkidigi, sazynyň kimiňkidigi, aýratyn bir ýagdaýlarda bolmasa, yglan edilmeýär. Sebäbi ol yglan ediler ýaly hem däl. Olar ogurluk ýa-da zoraýakdan tasa getirilen goşgy setirleri, goşgy setiri diýip kabul etmegem mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Bu ýagdaý döredijiligiň aýdym-sazdan beýleki ugurlarynda nähili?

Amanmyrat Bugaýew: Edebiýaty öwreniş ylmynda, ýa-da milletiň taryhyny öwrenmekde öň, ir döwürlerde edilen işleri käbir awtorlar öz adyna geçirýärler. Hatda şolaryň arasynda... “ynha, bir uly iş etdi” diýlip, her ýylda geçirilýän edebi konkurslarda baýragam berlip dur şolara. Şolaryň kimiňkidigi, aslynyň kime gelip degýändigi-zady, bu zatlar hakynda gürrüň edilenok, ol seljerilenogam.

Edebiýatdaky ogurlugyň baş nusgasy bizde “Ruhnama”, ine, şundan başlandy. Döwlet baştutanynyň özi o zatlara rugsat edeninden soňra, o zatlara nusga bolandan soňra, ýurtda hiç hili aýyp-syn edilmezden amal edilip gelinýän zat: kişi zähmetini öz adyňa geçirmek, kişiniň abraýyny öz adyňa geçirmek, ine, bu zatlar indi adaty zada öwrüldi. Men bu ýerde awtorluk hukuklaryny göz öňünde tutýaryn.

Azatlyk Radiosy: Ozallar Türkmenistanda iki setir ogurlansa hem parodiýa, ýaňsy ýazylardy, replika çap edilerdi. Indi türkmen metbugatynda şeýle zatlar peýda bolup bilermi, siz şeýle mümkinçilik görýärsiňizmi?

Amanmyrat Bugaýew: Umuman, men şeýle mümkinçiligi görýärin, ol hökman bolar, onuň gitjek ýeri ýok. Sebäbi edebi ogurluk, sungatda edilýän ogurluk halkyň ruhuna salynýan talaň. Ýöne şeýle mümkinçilik bar, şolam ýola düşer diýip umyt edýärin. Sebäbi ynha şol, ýurtda belli-belli ýagdaýlarda häzir teatrlaryň-zadyň repertuaryna täzeden seredilýär, öňki ýaly, şol bir temadan ýazylan zatlar kabul edilip gidilip oturlanok.