Aşgabatda täze halkara aeroport gurlar

Täze guruljak aeroport toplumy sagatda 1,600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.

Türkiýäniň “Polimeks” gurluşyk kompaniýasy Aşgabadyň täze halkara aeroportuny gurmak baradaky proýekti Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hödürledi. Bu barada ýurduň resmi mediasy habar berýär.

Täze guruljak aeroport toplumy sagatda 1,600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.

​Täze guruljak aeroport toplumy sagatda 1,600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir. Proýekt ýolagçy, VIP hem-de ýük terminallarynyň, uzynlygy 3,800 metr bolan täze uçuş-gonuş zolagynyň, ugrukdyryş ýodajyklarynyň, durulýan ýerleriň hem-de howa gämileri üçin perronyň, howa hereketlerini dolandyryş gullugynyň diňleriniň gurluşygyny öz içine alýar.

Toplumyň çäklerine “Türkmenhowaýollarynyň” dolandyryş binasy, tehniki we beýleki ýöriteleşdirilen gulluklar hem girýär.

​Toplumyň çäklerine “Türkmenhowaýollarynyň” dolandyryş binasy, tehniki we beýleki ýöriteleşdirilen gulluklar, merkezileşdirilen ýangyç guýujy stansiýa hem girýär diýlip, habar berilýär.

Berilýän maglumata görä, täze halkara aeroportuň guruljak ýerinde awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdep, lukmançylyk hem-de sport merkezleri, tranzit geçýän ýolagçylar üçin 200 orunlyk myhmanhana hem ýerleşer.

Türkmenabat şäherinde guruljak täze aeroportuň taslamasy

Ukrainanyň “Altkom” maliýe-senagat topary bolsa Türkmenabat şäherinde guruljak täze aeroportuň taslamasyny hödürledi. Onuň ukyby sagatda 500 ýolagça barabar bolar diýlip, habar berilýär. Bu kompaniýa Amyderýanyň üstünden çekilýän awtomobil köprüsiniň baş potratçysydyr.

Türkmenabat şäherinde guruljak täze aeroportuň taslamasy


Proýektleriň bahasy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.