Aşgabadyň 'abraýly' mekdeplerine talap uly

Aşgabadyň 55-nji orta mekdebi. 1-nji sentýabr, 2011 ý.

Ýene-de sanlyja günden mekdep ýaşyna ýeten müňlerçe ýaşajyk türkmenistanlylar ýurduň orta mekdepleriniň bosagasyndan ätlärler. Häzirki döwürde olaryň ene-atalarynyň esasy aladasy olary ýokary hilli bilim berip biljek mekdebe okuwa ibermek.

Bu hili mekdeplere halk arasynda “prestiž” ýa-da “abraýly” mekdepler diýlip at berilýär. Ilat arasynda öz çagalaryny abraýly hasaplanýan orta mekdeplere okuwa bermek isleýän ene-atalar az däl.

Berilýän bilimiň hili boýunça, paýtagtyň 7-nji, 12-nji, 27-nji, 16-njy orta mekdepleri, ilat arasynda abraýly diýlip tanalýan mekdeplerden käbirleri. Käbir ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, onuň sebäbi bu mekdeplerde daşary ýurt dillerini öwretmäge ýykgyn edilşi bilen bagly.

Giriş talaplary

Ýöne şol abraýly mekdeplere girmek aňsat däl. Olaryň käbirinde okamak üçin ýörite giriş synaglaryndan geçmeli bolýar. Şonuň üçin ene-atalar öz çagalary şol synaglardan geçip biler ýaly birnäçe aý öňünden ýörite repetitorlary hakyna tutýarlar.

Şolaryň birem özüni Gulgeldi diýip tanadan 37 ýaşly aşgabatly.

"Bu mekdepde birnäçe daşary ýurt dillerini öwredýärler. Mekdepdäki mugallymlar hem tejribeli kadrlar. Mekdepdäki düzgün-tertip hem gowy" diýip, şu ýyl 27-nji orta mekdebiň birinji klasyna ogluny okamaga iberýän Gulgeldi gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, paýtagtyň rus bölümi bolan orta mekdepler hem mekdepleriň abraýly diýlip hasaplanýan kategoriýasyna degişli. Şonuň üçin soňky ýyllaryň dowamynda bu hili mekdeplere bolan talap hem has artdy.

Aşgabadyň "Parahat" mikroraýonyndaky 55-nji mekdep. Awgust, 2012 ý.

Mysal üçin, Aşgabadyň 55-nji orta mekdebiniň türkmen bölüminiň her klasynda 20-25 okuwçy okaýan bolsa, mekdebiň rus bölüminiň klaslarynda okaýan okuwçylaryň sanynyň 40-a golaýlaýandygyny bu mekdebiň adynyň efirde tutulmazlygyny islän mugallymy aýdýar.

"Postsowet döwletlerine okamaga gitmäge mümkinçilik döränsoň, rus bölümli orta mekdeplerde okaýan çagalaryň sany artdy. Mundan başga-da rus bölüminde berilýän bilim programmasy hem türkmen bölümindäkiden tapawutly" diýip, 55-nji orta mekdebiň adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş eden mugallymy aýtdy.

Ilat arasyndaky maglumatlardan çen tutulsa, orta mekdepleriň ýöriteleşdirilen synplary we mekdeplerdäki “A” synplar hem abraýly diýlip hasaplanýar. Bu synplarda berilýän bilimiň hiliniň beýlekilerdäkiden tapawutlanýandygyny orta mekdepleriň mugallymlary hem tassyklaýarlar.

Adynyň efirde tutulmazlygyny islän 55-nji orta mekdebiň mugallymynyň aýtmagyna görä, orta mekdepleriň köpüsinde ýörite synplar düzülýär hem-de çagalar ol synplara synag esasynda kabul edilýär.

"Bu klaslarda okuwçylara berilýän bilimiň hili gowy. Açyk sapaklar hem şol klaslarda geçirilýär. Mekdebe barlag komissiýasy gelende hem şol klaslaryň sapagyna girýärler" diýip, 55-nji orta mekdebiň mugallymy gürrüň berýär.

Kadadan çykma

Abraýly diýlip hasaplanýan orta mekdepleriň adaty orta mekdeplerden tapawutlanýan ýene-de bir häsiýetli tarapy – bu mekdeplerde barly maşgalalaryň çagalarynyň okaýandygy bilen bagly.

1-nji synp okuwçylary. Aşgabat. 2011 ý.

Abraýly mekdeplere, ýöriteleşdirilen klaslara synag arkaly okuwçy kabul edilýändigine garamazdan, käbir halatda çagalaryň öz bilimi boýunça şol ekzamenlerden geçip bilmeýändiklerini ene-atalaryň käbirleri aýdýarlar. Olardan birem özüni Atamyrat diýip tanadan ildeşimiz.

"Bu synaglar göz üçin edilýän zat. Aslyýetinde kim köpräk para berip bilse, şonuň çagasam şol mekdeplerde okaýar, 2-3 muň dollara çenli para talap edilýän halatlaram bar" diýip, özüni Atamyrat diýip tanadan 36 ýaşly aşgabatly ildeşimiz aýtdy.

Bilim işgärleriniň aýtmaklaryna görä, düzgün boýunça her bir çaga ýaşaýan ýeriniň golaýyndaky orta mekdeplerde okamaly. Emma orta mekdeplerde berilýän bilimiň hiliniň biri-birinden tapawutlanýandygy sebäpli, okuwçylaryň köpüsi öz ýaşaýan ýerlerinden uzakda ýerleşýän mekdeplere okuwa gatnamaly bolýarlar. Bu ýagdaý paýtagtyň käbir orta mekdepleriniň boşap galmagyna hem getirýär.

Aşgabadyň demirgazygynda, demir ýolunyň gaýrasynda ýerleşýän orta mekdepleriň käbirlerinde diňe bir klas bolup, onda okaýan okuwçylaryň sany 20-ä hem ýetenok. Bu mekdepleriň töwereginde ýaşaýan käbir ýaşaýjylaryň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, onuň sebäbi şol mekdeplerde berilýän bilimiň hili bilen bagly.